Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasat ugrunda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Hususan-da, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze derejelere çykaryldy hem-de birnäçe ugurlarda gatnaşyklar ýola goýuldy.
Häzirki wagtda bu gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Geçen döwürde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça, şeýle hem halkara formatlarynda ýagny «Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa» görnüşinde hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrdy. Ilkinji nobatda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen ulgamlaýyn esasda gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlardaky netijeli gurallar we olaryň çäklerinde yzygiderli duşuşyklar we maslahatlaşmalar geçirilýär.
Häzirki döwürde ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde syýasy-diplomatik ugrundaky netijeli hyzmatdaşlygyň berkidilmegi, hususan-da ÝB-niň ýolbaşçylary bilen ýokary derejeli saparlary we duşuşyklary guramak boýunça işler işjeňleşdirilýär. Mundan başga-da, netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň, «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» görnüşindäki gatnaşyklaryň, «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» parlamentara dialogynyň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini bellemek bolar.
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek hem möhümdir. Ozal gazanylan ylalaşyklaryň esasynda «Ýewropa Bileleşigi – Türkmenistan» işewürler geňeşini döretmek ugrunda giň tagallalar ýola goýuldy. Şeýle hem ÝB bilen nebit-gaz, elektroenergetika we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ugurlarynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary dowam etdirilýär.
Ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti uludyr. Bu ugurda hususan-da «ýaşyl» energetikany we wodorody ulanmak hem-de howada metan bölejiklerini azaltmak boýunça ÝB-niň düzümine girýän döwletler bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.
Medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, medeniýet diplomatiýasynyň berkidilmegi, ylym-bilim ulgamynda köp sanly taslamalary durmuşa geçirmek arkaly işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň maliýe institutlary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýär we Ýewropanyň Maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli çäreleri durmuşa geçirýär. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Lýuksemburgda «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» formatynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde nobatdaky maslahat geçirildi. Onuň çägindäki duşuşyklarda Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wezipeli wekilleri Ýewropanyň Maýa goýum banky bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiligine garamagy teklip etdiler.
Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan üçin Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklar häzirki wagtda we geljekde hem ýurduň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Iki tarap hem hyzmatdaşlygyň anyk görkezijileri we ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarly bolup, Türkmenistan bilen ÝB toplumlaýyn dialogyň möhüm ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy has-da ysnyşykly we hil taýdan täze derejelere çykarmaga gyzyklanma bildirýär.
Abdykerim BEKMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.