Nemes ýazyjysy Jenni Erpenbek we terjimeçi Mihael Hofmann iňlis dilinde neşir edilen “Kaýros” romany üçin Halkara Buker baýragyna mynasyp boldular. Bu eserde 1980-nji ýyllarda Gündogar Berlinde bolup geçen wakalar barada gürrüň berilýär.
-Kitapda söýgi temasyndan başga-da, häkimiýet, sungat we medeniýet hakda-da gürrüň gozgalýar – diýip, Londonda geçirilen dabarada ýeňijiniň adyny aýdan emin agzalarynyň başlygy Eleonora Wahtel belledi.
Jenni Erpenbek we terjimeçi Mihael Hofmann öz aralarynda 50 müň funt sterling (takmynan 64 müň dollar) baýragy paýlaşarlar. “Kaýros” 57 ýaşly ýazyjynyň 2021-nji ýylda neşir edilen we 2023-nji ýylda iňlis diline terjime edilen dördünji we şu wagta çenli iň soňky romanydyr.
Jenni Erpenbek 1967-nji ýylda Gündogar Berlinde doguldy. Dramaturgiýa bilen hem meşgullanýan ýazyjy režissýorlyk işlerinde-de özüni synap gördi. Ol ilkinji hekaýasyny 1999-njy ýylda neşir etdirýär. Onuň belli eserleriniň arasynda “Sözler kitaby” (2008), “Sapar” (2010) we “Günleriň soňy” we 2018-nji ýylda Buker baýragyna dalaşgär görkezilen “Git, äkit, ýok bol!” (2017) ýaly eserleri bar.