Adamlar kebelek gurçugynyň ýüpek bölüp çykarmak ukybyny örän gadymy wagtlarda bilipdirler. Şoňa görä-de ýüpek almak üçin ýüpek gurçugyny şol wagtlardan eldekileşdirilipdir. Taryhçy alymlaryň ýazmaklygyna görä hytaýlylar 5 müň ýyl mundan ozal ýüpek gurçugyndan ýüpek almagyň usulyny tapypdyrlar.
Ýüpekçilik türkmenleriň hem gadymdan gelýän halk senetleriniň biridir. Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň ýüpekçilik işleriniň milli däplerini nesilden nesile geçirip, ýüpekden ajaýyp matalary we halylary taýýarlamagyň inçe tärleri häzirki günlerde hem mynasyp dowam etdirilýär. Edermen pileçilerimiziň yhlas siňdirip irginsiz çeken zähmetiniň netijesinde öndürilýän ak piläniň bol hasyly bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyzyň halal ojaklarynyň berekedidir, ata-babalarymyzyň gadymy hünärleriniň biri bolan ýüpekçiligiň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Oba hojalyk pudagynda ýüpekçilik esasy uly orny eýeleýär. Ýurdumyzda ýüpekçiligi ösdürmek dokma senagatymyzy ýeterlik çig mal bilen üpjün etmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýüpekçi kärendeçileri ýokary hilli ýüpek gurçugynyň tohumy, ýüpek gurçugynyň esasy iýmiti bolan tut ýapraklary we beýleki zerur serişdeler bilen üpjün etmek boýunça döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Döwletimiz tarapyndan döredilýän ajaýyp mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan ýüpekçi kärendeçiler her ýyly ýüpek gurçuklaryndan ýokary hilli pile taýýarlamagyň hötdesinden gelýärler. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Köneürgenç etrabynyň pile kärendeçileri dokma senagatymyz üçin gymmatly çig mal bolan 40 tonna ýokary hilli pile taýýarlamak ugrunda gaýratly zähmet çekýärler. Ýüpek gurçugyny ideg etmek az wagt dowam edýän hem bolsa ýüpekçi kärendeçilerden jogapkärçiligi, irginsiz zähmeti talap edýär. Ýüpek gurçuklarynyň saklanylýan jaýlaryň ýylylyk, çyglylyk ýagdaýy kadaly, tämiz bolmaly, wagtly-wagtynda arassa tut ýapraklary bilen iýmitlendirip durmaly. Ýüpek gurçuklaryny ideg etmekde ähli bildirilýän talaplar doly berjaý edilende ýokary hilli pile öndürmek mümkin. Muňa gowy düşünýän etrabymyzyň ýüpekçi kärendeçileri ýüpek gurçugyny ideg etmek möwsümine ykjam taýýarlykly gelip, bu jogapkärli möwsümi üstünlikli tamamlaýarlar. Häzirki wagtda ýüpek gurçuklary soňky ukysyndan oýanyp, pile saramak üçin basyrdylar. Etrabymyzyň Galkynyş, Täzegüýç, Akgala, Bereket, Maslahat daýhan birleşikleriniň ýüpekçi kärendeçileri ýüpek gurçugyny idetmekde aýratyn tapawutlanýarlar. Ýüpekçileriň çekýän yhlasly zähmetini synlanyňda bol piläniň taýýarlanjakdygyna bolan ynamyňy artdyrýar.
Biz hem Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň işgärleri etrabymyzdaky beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde pile kärendeçileriň aralarynda bolup, olaryň armasyny ýetirýäris, ýüpek gurçugynyň ideg işleriniň alnyp barlyşy barada pikir alyşýarys. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirýän işleri, kabul eden kararlary bilen tanyşdyrýarys. Işlemäge, halal zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza pile kärendeçileriniň hoşallygynyň çägi ýok.

Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.