1939-njy ýylyň 26-njy dekabrynda kitaphanadan alnan Artur Konan Doýluň «Sürgünler» romanynyň fin dilindäki terjimesi 84 ýyldan soň Helsinkidäki Oodi kitaphanasyna gaýtarylyp berildi.
Kitaby kabul eden kitaphanaçy Haneý Strand, şu çaka çenli şeýle giç getirilen kitaby alyp görmändigini aýtdy. Kitaby yzyna gaýtaryp beren bilen okyjynyň arasyndaky gatnaşyk bolsa, näbelliligine galdy.
– Köplenç, möhleti geçen kitaplar aradan çykanyň garyndaşlary tarapyndan zerur bolan halatynda yzyna gaýtarylyp berilýär – diýip, Strand aýdýar.
– 1925-nji ýylda neşir edilen bu kitap, abat saklanyp galanlygy sebäpli ýene-de okyjylara bermek üçin elýeterli bolar – diýip, Haneý Strand aýtdy.