Egin-eşikleri ütüklemek ünslüligi talap edýän ownuk we hysyrdyly iş hasaplanýar. Öý bikeleriniň gündelik ýerine ýetirýän bu işi üst-başymyzyň tämiz we ykjam görünmegine ýardam edýär. Yssy howada nah matadan egin-eşikleriň köp geýilýändigi hem-de ýygy-ýygydan üst-başyň çalşyrylýandygy sebäpli, ýaz we tomus pasyllarynda ütük etmek işi has hem köpelýär. Her bir işde bolşy ýaly, geýim-gejimler ütük edilende hem käbir zatlara üns bermeli. Esasan hem, matanyň hiline görä ütügiň gyzgynlyk derejesini sazlamagy, egin-eşigi gurulygyna ýa-da çyglylygyna ütüklemelidigini bilmeli. Bu işiň köp wagtymyzy almazlygy hem-de aňsat bolmagy üçin käbir usullary öwrenmeli.
Käbir egin-eşigiň ýygyrdyny ýazmak kyn bolýar. Şeýle egin-eşikler kir ýuwujy maşyna salnanda ýumşadyjy serişde guýmaly. Ýuwlup bolnandan soň, doly guramanka ütük etmeli.
Ýuwlan egin-eşikleri sermezden ozal, iki-üç gezek silkmeli. Bu usul eşigiň ýygyrdynyň aýrylmagyna hem-de çalt guramagyna ýardam edýär.
Egin-eşikleri matasynyň görnüşine görä toparlara (sintetik, nah, ýüň, ýüpek) bölmeli, soňra ütükläp başlamaly.
Wagt ýitirmezlik üçin asawaçlary ýanyňda goýmaly. Ütük etjek ýeriňe galyň mata ýazmaly ýa-da ýörite ütük edilýän stoldan peýdalanmaly.
Ütügiň ýüzünde matada yz galdyrjak tegmilleriň ýokdugyna göz ýetireniňden soň elektrik toguna birikdirmeli. Eger-de bugly ütük bolsa bellenen ölçegde arassa suw guýmaly. Egin-eşigiň hiline görä, ütügiň gyzgynlygyny sazlamaly.
Ilki bilen, pes gyzgynlykda ýukarak egin-eşikleri ütüklemeli. Soňra gyzgynlygy beýgeldip, galyň eginbaşlary ütükläp başlamaly.
Käbir nah we ýüň matadan tikilen eginbaşlar aňsatlyk bilen ütük almaýar. Galyň egin-eşikleriň ýüzüne çygly hasany ýazyp ütükläp bilersiňiz.
Adatça egin-eşikler ters ýüzüne ütüklenýär. Esasan hem, ýüpek matalary ýaldyramazlygy üçin hökmany suratda ters ýüzüne öwürmeli.
Eşikleri ütükläp bolanyňdan soň, ýagty ýerde nähili ütüklenendigini görmeli. Soňra wagt ýitirmezden asawaja asmaly. Sebäbi ütüklenen eşikler çalt ýygyrt atýar.
Ütüklemek işini dynanyňyzdan soň ütügi nola getirip, seresaplylyk bilen elektrik toguny sogurmaly. Ütügiň içindäki suwuny boşatmaly.
Eger ütüge egin-eşigiň reňki geçip hapalanan bolsa, ýörite galam ýa-da beýleki serişdeler bilen arassalamaly.
Ütüklemeli zadyňyz gutaryberende, ýagny bir sany elýaglyk ýa-da köýnegiň bir ýeňi galanda ütügiň toguny sogrup bilersiňiz. Ütügiň gyzgynlygy şol zatlary ütüklemek üçin ýeterlik bolar. Bu endik elektrik energiýasyny tygşytlamaga hem-de ütügiň biraz sowamagyna ýardam eder. Gyzgyn ütügi çagalaryň eli ýetjek ýerde ýa-da ýanyjy maddalaryň golaýynda goýmaly däl.