Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär, köp gatly döwrebap binalar gurulýar, şäherleri täze ajaýyp künjekler bezeýär, iri ilatly ýerler peýda bolýar, uzak aralyklara, müňlerçe kilometre uzaýan awtobanlar, polat ýollar gurulýar, halkara ähmiýetli ulag düzümi kemala getirilýär. Welaýat merkezleriniň keşbi gözümiziň alnynda özgerýär. Sebitlerde durmuş maksatly desgalar, edara binalary, amatly ýaşaýyş jaýlary, önümçilik kärhanalary yzygiderli ulanmaga berilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ekologiýa taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara, seýilgäh zolaklaryna niýetlenen düzümlere degişli bolan taslamalara aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen bir hatarda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda esasy şertleriň biri bolan ýerli çig maldan gurluşyk serişdelerini öndürýän pudaga döwletimiz tarapyndan goldaw berilýär. Toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeginde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine bolan islegiň ýokarlanmagyny, ýerli çig mallaryň binýadynda olaryň önümçiliginiň ösdürilmegini şertlendirdi. Bu bolsa önümçilik toplumlarynyň kuwwatyny pugtalandyrmaga, ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň, beýleki önümleriň öndürilişiniň möçberini artdyrmaga gönüden-göni ýardam edýär.
Bu günki günde gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şygaryna öwrülýär. Kabul edilýän milli maksatnamalar ýurdumyzda geçirilýän ykdysady özgertmeleriň netijeliligini işläp düzmäge ulgamlaýyn çemeleşilmegini üpjün edýär. Giň gerimde durmuşa geçirilýän ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak syýasaty täze iş orunlarynyň sanynyň artmagyna, ýurduň senagat kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna gönüden-göni täsir edýär. Şol bir wagtda bu maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ykdysadyýeti çig mal öndürýän ugurdan ýokary tehnologiýalar senagatyna daýanýan innowasion ugra öwürmäge mümkinçilikleri açýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her güni bizi jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçjek möhüm waka — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýakynlaşdyrýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini, türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmekde ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi iňňän uly ähmiýete eýedir.
Bilşimiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, bu möhüm waka häzirden düýpli taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ak şäherimiz Aşgabatdaky Maslahat köşgünde şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirmek bellenildi.
Umumymilli forum jemgyýetimiziň durmuşynda taryhy waka bolmak bilen, onda döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen möhüm çözgütler kabul ediler. Görnüşi ýaly, halk bilen döwletiň bähbitleriniň bitewüligi we sazlaşygy Türkmenistan Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça depginli ösüşini, döwletimiziň halkara abraýynyň has-da artmagyny, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny şertlendirýär. Ýeri gelende aýtsak, bu ugurlarda ýetilýän belent sepgitleriň guwançly netijeleri bolsa, her bir raýatyň durmuşynda özüniň beýanyny tapýar.
Berkarar döwletimizde şöhratly pederlerimiziň köpasyrlyk durmuş tejribelerine daýanylyp, halkyň, döwletiň durmuşyna dahylly meseleleriň halk köpçüligi bilen bilelikde çözülmegi milli ýörelgelerimiziň biri hökmünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işinde öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilmegi-de ýöne ýerden däldir. Çünki naýbaşy baýramymyzyň bellenilýän günlerinde eziz Diýarymyzda ähli pudaklar boýunça ýetilen sepgitlere nazar aýlamak, il-halk bilen bilelikde maslahatlaşyp, geljek üçin anyk çözgütleri kabul etmek durnukly ösüşi saklamaga esas döredýär.
Halk Maslahatynyň mejlisleri, sözüň doly manysynda, bagtyýar watandaşlarymyzyň arzuw-islegleriniň hasyl bolýan mekany. Biz muňa geçen ýyllardaky taryhy mejlislerde hem şaýat bolduk. Şeýle bolansoň, bagtyýar watandaşlarymyz Halk Maslahatynyň her bir mejlisine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Şu ýylky mejlisiň hem il-günüň bagtyýar ýaşaýşynyň hatyrasyna kabul ediljek çözgütlere baý boljakdygyny ynamly aýdyp bolar.
Güneş BÄŞIMOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.