Teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň bar­ha kä­mil­leş­ýän döwründe adam­zat dur­mu­şy­na san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy gel­je­ge uly yna­my dö­red­ýär. Teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ry­nyň ylym-bi­li­me has giň or­naş­ma­gy bi­len oý­lap ta­pyş­la­ryň, açyş­la­ryň sa­ny kö­pel­ýär. Ola­ryň ara­syn­da «eme­li aň» aý­ra­tyn or­na eýe­dir. Aň ada­ma do­ga­bit­di be­ril­ýän bol­sa, eme­li aň adam ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nyp elekt­ro­ni­ka­da ada­myň işi­ni ýe­ňil­leş­dir­mek üçin or­naş­dy­ryl­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da eme­li aň ul­ga­myn­da dün­ýä­niň ösen kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ag­ram­ly bö­le­gi uly iş­le­ri alyp bar­ýar. Olar ba­ra­da gys­ga­ça du­rup geç­sek, «Scaled in­fe­rence» kom­pa­ni­ýa­sy hyz­mat­lar­da we ama­ly ul­gam­lar­da eme­li aňy ulan­mak is­le­ýän kom­pa­ni­ýa­lar üçin plat­for­ma hö­dür­le­ýän tas­la­ma­ny iş­läp düz­di. Bu pi­kir eme­li aň pu­da­gyn­da ägirt uly öw­rü­li­şik dö­ret­di. «On­laýn dü­kan» hök­mün­de ta­nal­ýan «Ama­zon» kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa, il­kin­ji bo­lup in­ter­ne­t arkaly söwdany ýola goýdy. «Ama­zon» hä­zir­ki wagt­da sa­tuw­la­ry sel­jer­mek we sa­tuw ne­ti­je­le­ri­ni çak­la­mak üçin eme­li aňdan iş­jeň peýdalan­ýar. Smartfon­la­ra we beý­le­ki en­jam­la­ra eme­li aň tehnologiýasy ornaşdyrylýar. Hä­zir­ki wagt­da «Go­og­le» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň in­že­ner­le­ri tä­ze önü­miň – iň ýö­ne­keý söh­bet­deş­li­gi alyp ba­ryp bil­ýän en­ja­myň üs­tün­de iş­le­ýär­ler.
Eme­li aň te­le­ke­çi­lik işin­de hem giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Ön­dü­ri­len ha­ryt­la­ryň ýa­ram­ly­lyk möh­le­ti­ni kes­git­le­mek, sa­tuw işi­ni sel­jer­mek we ha­sap­la­mak ýa­ly iş­le­ri eme­li aň ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Şeý­le hem eme­li aň ul­ga­my gir­de­ji we çyk­da­jy­la­ry kes­git­läp, haý­sy önü­mi nä­çe­räk ön­dür­me­li­di­gi­ni hem aý­dyp, ýyl­lyk ha­sap­la­ma­lar, işiň ösü­şi, gi­di­şi, in­di­ki ýyl edil­me­li we edil­me­li däl zat­la­ry gör­ke­zip, mas­la­hat­çy hök­mün­de ýar­dam ed­ýär. Eme­li aň ul­ga­my çyk­da­jy­la­ry azalt­ma­ga, önüm­çi­li­gi we hi­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga kö­mek ed­ýär. Söw­da bi­len meş­gul­lan­ýan ta­rap­lar we döw­let eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da­ky mag­lu­mat do­la­ny­şy­gy­ny çalt­lan­dyr­mak, ýö­ne­keý­leş­dir­mek hem-de ser­het­ýa­ka söw­da bi­len bag­la­ny­şyk­ly äh­li ta­rap­la­ra peý­da ge­tir­mek mak­sa­dy bi­len iş­le­nip dü­zü­len plat­for­ma­la­ryň biri hem «bir pen­ji­re» ul­ga­my­dyr.
Ösen ýurt­lar­da or­naş­dy­ryl­ýan hem-de oňyn ne­ti­je­le­ri ber­ýän «bir pen­ji­re» ul­ga­my ila­ta köp gör­nüş­li san­ly hyz­mat­la­ry hö­dürle­mek­de adam fak­to­ry­ny ara­dan aýyr­ýar. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan kes­git­le­ni­li­şi ýa­ly, «bir pen­ji­re» söw­da we lo­gis­ti­ka bi­len meş­gul­lan­ýan ta­rap­la­ra äh­li im­port, eks­port we üs­ta­şyr amal­lar­da ka­da­laş­dy­ry­jy ta­lap­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin ýe­ke-täk ul­gam­dan peý­da­la­nyp, stan­dart­laş­dy­ry­lan mag­lu­mat­la­ry we res­mi­na­ma­la­ry iber­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän me­ha­nizm-dir. Bu ul­gam söw­da­nyň ös­me­gi­ne, aň­sat­laş­ma­gy­na uly iter­gi ber­ýär. Te­le­ke­çi­le­re wag­ty we çyk­da­jy­ny tyg­şyt­la­ma­ga müm-kin­çi­lik dö­red­ýär. Şeý­le-de, söw­da bi­len meş­gul­lan­ýan ta­rap­la­ryň we döw­let eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da­ky mag­lu­mat do­la­ny­şygy­ny çalt­lan­dyr­ma­ga hem-de ýö­ne­keý­leş­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär.
«Bir pen­ji­re» ul­ga­my mil­li we se­bit­le­ýin hä­si­ýet­li bo­lup, mil­li «bir pen­ji­re» ul­ga­my adat­ça hyz­mat­la­ryň di­ňe bir ýur­duň içer­ki döw­let eda­ra­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar. Bu ýag­daý­da mag­lu­mat do­la­ny­şy­gy adat­ça ýur­duň mil­li ser­he­din­de ama­la aşy­ryl­ýar. Se­bit­le­ýin «bir pen­ji­re» bol­sa mil­li «bir pen­ji­rä­niň» or­nu­ny tut­ýan se­bit­le­ýin «bir pen­ji­re» ul­ga­my­dyr ýa-da ka­da­laş­dy­ry­jy amal­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge kö­mek ed­ýän mil­li «bir pen­ji­re» ul­gam­la­ry­nyň ara­syn­da res­mi­na­ma­la­ryň do­lan­şy­gy­dyr.
Ul­ga­myň esa­sy ar­tyk­maç­ly­gy yk­dy­sa­dy­ýe­te we hal­ka­ra söw­da­nyň ös­me­gi­ne ýar­dam ber­mek­den yba­rat­dyr. Bu bol­sa söw­da­nyň ýe­ňil­leş­di­ril­me­gi­ne, köp­lenç, döw­let ka­da­laş­dy­ry­jy eda­ra­la­ry bi­len iş çal­şy­lan­da te­le­ke­çi­ler üçin wag­ty we çyk­da­jy­ny tyg­şyt­la­mak ar­ka­ly ga­za­nyl­ýar. Bu bol­sa ne­ti­je­li­li­giň ýo­kar­lan­ma­gy­na ge­ti­rip, söw­da muk­da­ry­nyň art­ma­gy­na go­şant goş­ýar. Bu ul­gam ar­ka­ly döw­let eda­ra­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän eks­port-im­port iş­le­ri­niň amat­ly­ly­gy we aw­to­mat­laş­dy­ryl­ma­gy, de­giş­li eda­ra­lar ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän yg­ty­ýar­na­ma­la­ryň we beý­le­ki rug­sat be­riş res­mi­na­ma­la­ry­nyň, şeý­le hem bu res­mi­na­ma­la­ry al­mak üçin ýüz­tut­ma­la­ryň, ge­çi­ril­ýän tö­leg­le­riň elekt­ron gör­nüş­de bol­ma­gy amal­la­ryň bök­denç­siz ama­la aşy­ryl­ma­gy­na oňyn şert dö­red­ýär. Eks­port-im­port amal­la­ry bi­len bag­ly iş­ler söw­da jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne gat­naş­ýan äh­li ta­rap­lar üçin «bir pen­ji­re» ul­ga­my­nyň üs­ti bi­len ama­la aşy­ryl­ýar we on­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­ler, gi­ri­zil­ýän mag­lu­mat­lar bi­te­wi mag­lu­mat­lar bin­ýa­dyn­da sak­lan­ýar. Şeý­le­lik bi­len, döw­let gö­zeg­çi­lik eda­ra­la­ry­na, da­şa­ry yk­dy­sa­dy işe gat­na­şy­jy­la­ra iş ter­tip­le­ri­ni ýö­ne­keý­leş­dir­mek we saz­laş­dyr­mak, ada­lat­ly söw­da­ny ýo­la goý­mak, ýur­duň hal­ka­ra we işe­wür­lik de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­ga ýar­dam ber­ýär.
Umu­man, ýur­du­myz­da san­ly ul­ga­myň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy äh­li ul­gam­lar­da uly ösüş­le­ri ga­zan­ma­ga, uzak möh­let­le­ýin ösü­şi we ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­li­gi ýo­la goý­ma­ga, döw­let do­lan­dy­ry­şy­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ös­dür­mä­ge, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly pu­dak­lar­da tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge, şeý­le hem hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni hasýo­kar­lan­dyr­ma­ga uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.

Mäh­ri Hem­ra­ýe­wa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.