Ga­ra­han­ly­lar türk­men döw­le­ti­niň or­ta asyr me­de­ni­ýe­tin­de yl­my we dö­re­di­ji­lik yl­ha­my pa­jar­lap ösen us­sat alym­la­ryň bi­ri hem Ýu­sup Ba­la­sa­gun­ly-Bar­sa­gan­ly­dyr. Şa­hy­ra­na yk­ba­ly köp­san­ly tür­ki halk­la­ry ta­ra­pyn­dan eziz­len­ýän da­nyş­ment 1015 – 1077-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da ýa­şap ge­çip­dir. Dö­wür­deş­le­ri ta­ra­pyn­dan oguz dil söz­leý­şi­niň Gü­ne­şi, mu­kad­des­lik mek­de­bi­niň be­ýik mu­gal­ly­my hök­mün­de yk­rar edi­len Ýu­sup Ba­la­sa­gun­ly­nyň «Gut et­gu bi­lig» – «Bagt ge­ti­ri­ji bi­lim» poe­ma­sy tür­ki halk­la­ry­nyň ede­bi­ýa­ty­nyň al­tyn ha­zy­na­syn­da il­kin­ji we iň gym­mat­ly eser­le­riň bi­ri ha­sap edil­mek bi­len, bu göw­her gol­lan­ma Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň med­re­se­le­rin­de, okuw mek­dep­le­rin­de uzak asyr­la­ryň do­wa­myn­da iň ýör­gün­li, esa­sy yl­my ki­ta­by hök­mün­de oka­dy­lyp­dyr hem-de köp­san­ly us­sat­la­ryň ze­hi­ni­niň tap­lan­ma­gy­na yl­ham be­rip­dir. Dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň al­tyn sa­hy­pa­la­ryn­da şöh­rat­ly ady­na we hyz­mat­la­ry­na uly hor­mat go­ýul­ýan Mag­tym­gu­ly­nyň yl­ham­ly dün­ýä­le­ri­niň çe­per­leş­me­gi­ne, göz­ýe­ti­mi­niň gi­ňel­me­gi­ne hem-de yl­my we dö­re­di­ji­lik dün­ýä­ga­raý­şy­nyň kä­mil­leş­me­gi­ne ir­ki or­ta asyr­la­ryň baý dö­re­di­ji­lik mi­ras­la­ry, şa­hy­ra­na sti­lis­tik-di­dak­tik kys­sa­la­ry, ri­sa­la­la­ry, tef­sir­le­ri, tez­ki­re­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik çe­per pi­kir­len­me me­de­ni­ýe­ti güýç­li tä­sir edip­dir. Gün­do­gar­da tür­ki dil­li ede­bi­ýa­tyň or­ta asyr me­de­ni­ýe­ti­niň ýe­di sol­ta­ny­nyň bi­ri, şy­gyr se­ne­din­dä­ki ýa­zar­la­ryň be­lent we röw­şen ýal­kaw­ly, di­le­war, sa­ha­wat­ly, sa­hyp­ky­ran ha­ly­pa ga­lam­gä­ri ha­sap edi­len Ýu­sup Ba­la­sa­gun­ly «Gut et­gu bi­lig» – «Bagt ge­ti­ri­ji bi­lim» at­ly poe­ma­sy­ny 1069-1070-nji ýyl­lar­da Kaş­ga­ryň hö­küm­da­ry, ga­ra­han­ly beg­le­ri­niň bi­ri bo­lan, se­bit hä­ki­mi Tab­gaç Ulug Bug­ra Ga­ra Han Abu Aly Ha­san ibn Sü­leý­man Ars­lan Bog­ra ha­nyň mer­te­be­si­ne we şöh­rat­ly yk­ba­ly­na ba­gyş­lap ýa­zyp­dyr. Umu­mu­tür­ki ede­bi ýa­zuw ýa­dy­gär­lik­le­riň gör­nük­li nus­ga­la­ry­nyň bi­ri bo­lan bu aja­ýyp eser özü­niň gur­luş we te­ma­tik aý­ra­tyn­ly­gy bo­ýun­ça 6 müň 664 beýt­den, 3 bö­lüm­den, 85 bap­dan yba­rat bo­lup, on­da adam­za­dyň ru­hy sag­dyn­ly­gy, ah­lak aras­sa­ly­gy, sa­byr-ka­na­gat­ly­ly­gy, pes­päl­li­gi, ru­hu­be­lent­li­gi hem-de dur­muş-ho­ja­lyk yk­ba­ly­na da­hyl­ly mö­hüm me­se­le­le­riň uly top­lu­my çe­per söz­le­riň, saz­la­şyk­ly ka­py­ýa­la­ryň we dür­li ede­bi tär­le­riň, ýor­dum­la­ryň, al­le­go­rik ob­raz­la­ryň, kys­sa­wy wa­ka­la­ryň üs­ti bi­len ynan­dy­ry­jy­lyk­ly be­ýan edil­ýär.
Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­lik mi­ra­syn­da or­ta asyr ede­bi mek­dep­le­riň gör­nük­li we­kil­le­ri­niň 40-dan gow­ra­gy­nyň us­sat­lyk sa­pak­la­ryn­dan yl­ham­la­nyş, pi­kir­le­niş umu­my­lyk­la­ry­na ýa­kyn bo­lan çe­per däp­le­riň şöh­le­len­di­ri­li­şi duş gel­ýär. Yl­my me­de­ni­ýe­tiň go­ja pe­de­ri, kal­ba bar­ýan söz dür­le­ri­ni zy­nat­lan Ýu­sup Ba­la­sa­gun­ly­nyň «Gut et­gu bi­lig» at­ly ese­rin­de hö­küm­da­ra ne­si­hat hök­mün­de aý­dan beýt­le­rin­de şa­hyr hö­küm­da­ry hiç wagt şöh­le­si eg­sil­me­jek gü­ne­şe meň­zed­ýän, sol­tan­lar­da gü­neş nur­la­ry ýa­ly bo­lup hal­ky­ny çoý­mak yl­ha­my­nyň bol­ma­gy ba­ra­da:
Hö­küm­dar:- Alym, me­niň te­bi­ga­ty­my
Gü­ne­şe meň­ze­dip bu zat­la­ry diý­di:
– Gü­ne­şe se­ret, ki­çel­mez, el­my­da­ma do­lup du­rar:
Ýag­ty­ly­gy hem şol bir dur­şu­na du­rar.
– Ikin­ji­den, Gü­neş do­gar we
bu dün­ýä­ni ýag­tyl­dar;
Onuň şöh­le­si bü­tin hal­ka ýe­ter,
ýö­ne özün­den ke­mel­mez.
di­ýen pä­him­li se­tir­le­ri oka­mak bol­ýar. Mag­tym­gu­ly ata­myz bol­sa bu goş­gy se­tir­le­ri­ni özü­niň bäş bent­li «Gul bol­gul» at­ly ese­rin­de:
Hä­kim bol­saň, hal­ky gün ki­bi çoý­gul,
Akar­da suw, ýa öser­de ýel bol­gul! –
di­ýip, tä­ze şa­hy­ra­na pi­kir­ler bi­len ös­dü­rip­dir we kä­mil­leş­di­rip­dir. Poe­zi­ýa žan­ry­nyň çe­per­çi­lik göz­leg­le­ri­ne we gö­zel­lik­le­ri­ne baý bo­lan, me­lek­le­riň ar­zy­lan «Bagt ge­ti­ri­ji bi­lim» at­ly ki­ta­byn­da Ýu­sup Ba­la­san­gun­ly alym­la­ry sy­la­ma­ly­dy­gy, hor­mat­la­ma­ly­dy­gy, ola­ry diň­läp, aýd­ýan zat­la­ryn­dan ma­ny al­ma­ly­dy­gy ha­kyn­da şeý­le bel­le­ýär:
Da­na ki­şi­ler bar, bi­lim­li, alym,
Ola­ryň yly­my ýag­tyl­dar ýo­luň.

Ola­ryň bi­li­min­den al ýet­dik pa­ýyň,
Ola­ry sy­lag­la, ýe­tir ser­pa­ýyn.

Şa­hy­ryň bu pi­kir­le­ri­ni Mag­tym­gu­ly ata­myz «Bo­lar sen» at­ly goş­gy se­tir­le­rin­de:
Alym­la­ra uý­saň , açy­lar gö­züň
Ja­hyl­la­ra uý­saň kör dek bo­lar sen –
di­ýen gör­nüş­de li­ri­ki duý­gu­la­ryň ma­ny örü­si­ni, çe­per­çi­lik de­re­je­si­ni, tä­sir edi­ji­lik güý­jü­ni we ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýe­ti­ni has-da ýo­kar­lan­dy­ryp­dyr. Tür­ki ül­ke­le­ri­niň paý­has­ly ser­da­ry, gul­man sy­pat­ly söz­le­riň emi­ri hök­mün­de meş­hur­lyk ga­za­nan, beg­le­ri ta­ra­pyn­dan do­wam­ly sar­pa­la­nan Ýu­sup Has-Ha­jyp Ba­la­sa­gun­ly döw­le­ti do­lan­dyr­mak-eda­ra et­mek üçin har­by güý­jüň we us­sat­ly­gyň dur­muş hä­si­ýet­le­rin­de bol­ma­ly ah­lak sy­pat­lar, sö­weş­de leş­ger­ba­şy­nyň özü­ni nä­hi­li alyp bar­ma­ly­dy­gy ba­ra­da:

Özü­ni ala­he­kek­den-de sak tut­sun,
Bür­güt ýa­ly gö­zi uzak­la­ra se­ret­sin.

Ars­lan ýa­ly be­lent hüm­met­li bol­sun,
Bü­tin gi­je hü­wi ýa­ly oýa bol­sun –

di­ýen nus­ga­da gym­mat­ly pi­kir­le­ri or­ta at­ýar. Bu nus­ga­lyk gün­do­gar şy­gyr sun­ga­ty­nyň çe­per­çi­lik däp­le­ri­ni bol­sa Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy «Ba­şy ge­rek­dir» at­ly goş­gu­syn­da:
Giň ýer­de gar­ga deý bol­sun we­him­li
Ýe­rin­de hü­nä­ri, işi ge­rek­dir

Gap­laň ki­min ar­lap gir­se meý­da­na
Til­ki ki­min ba­zy ber­se her ýa­na

Bür­güt guş deý ga­nat ka­kyp dü­gül­den,
Gurt dek gi­rip, ýow­ny koý dek da­gyl­dan

At sa­lan­da do­ňuz ki­min to­pu­lyp
Aýy ki­min asy­ly­şy ge­rek­dir –
di­ýen ýa­ly ýa­ly gör­nüş­ler­de köp­le­re hem­dem, ke­rem­li, la­byz­ly, aý­dyň, hüm­met­li, lez­zet­li, se­tir­ler­de tä­ze, sa­da şa­hy­ra­na til­sim­ler, ýat­da ga­ly­jy ede­bi maşk­lar ar­ka­ly su­rat­lan­dy­ryp­dyr.

Dä­de­baý Päl­wa­now,
Gö­rog­ly et­rap hä­kim­li­gi­niň hü­när­me­ni.