irleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiziň alyp barýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugrudyr. Şol syýasatyň esasynda oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesi durýar. Ata Watanymyz Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri halkara guramalarynyň birnäçesi, şol sanda dünýäniň iň iri halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan hem-de BMG bilelikde birnäçe ugurlarda taslamalary durmuşa geçirýär. Gazetimiziň şu sanynda bular dogrusynda gysgaça gürrüň bermegi makul bildik.
BMG bilen netijeli gatnaşyklara mahsus bolan ösüş depginleri, ilkinji nobatda, dünýä jemgyýetçiliginiň işlerine Türkmenistanyň işjeň gatnaşmak ýörelgeleri bilen baglydyr. Bu ýörelgeler BMG tarapyndan giň goldawa we ykrarnama eýe boldy. Munuň şeýledigine Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji we 75-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň, BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň, ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň we BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Durnukly energetika boýunça Komitetiniň Býurosynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamasynyň, BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, BMG-niň gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça (UN-WOMEN) Ýerine ýetiriji geňeşiniň düzümine we beýlekilere ençeme gezek saýlanyldy.
BMG-niň Ösüş maksatnamasy. BMG-niň Ösüş maksatnamasy 170-e golaý ýurtda işläp, garyplygy ýok etmek, deňsizligiň ähli görnüşlerini azaltmak we ýurtlarda öňegidişlikler üçin ähli mümkinçilikleri döretmek ugrunda edilýän tagallalary berkitmek ýaly pudaklarda ýurtlara ýardam berýär. BMGÖM bilen Türkmenistanyň arasyndaky ilkinji ylalaşyga 1993-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekildi. Bu ylalaşygyň çäklerinde BMGÖM 1995-nji ýylda Türkmenistandaky işlerine girişdi. Bu geçen döwrüň dowamynda BMGÖM strategik ösüş boýunça Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda BMGÖM 2016–2020-nji ýyllar üçin ýurt meýilnamasynyň çäklerinde hereket edýär. BMGÖM we Bütindünýä ekologiýa gaznasy Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde Aşgabatda ekologiýa gözegçilik ulgamyny kämilleşdirýärler. Şeýle hem BMGÖM Ministrlik bilen bilelikde zibilleri gaýtadan işlemek ugrunda hem taslama alyp barýar. BMGÖM-niň Türkmenistanda 70-e golaý işgäri bolup, her ýylda 10 million amerikan dollaryna barabar maksatnamany durmuşa geçirýär.
Halkara migrasiýa guramasy. Migrasiýa boýunça halkara guramasy ynsanperwer we tertipleşdirilen migrasiýanyň migrantlara we jemgyýete peýda getirýändigi baradaky ýörelgä eýerip, halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Türkmenistandaky edarasy 1997-nji ýylyň sentýabr aýynda açyldy. Gurama bilen Türkmenistanyň hökümeti 1998-nji ýylyň iýun aýynda hyzmatdaşlyk boýunça Ylalaşyga gol çekdi. Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň esasy iş ugurlary Türkmenistanyň Hökümetine migrasiýa dolandyryşyny kämilleşdirmäge, adam söwdasyna garşy göreşmekde we migrasiýa boýunça milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge goldaw bermek bolup durýar. Şeýle hem bu gurama migrasiýa babatynda hereket edýän beýleki halkara edaralary bilen Türkmenistanyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berýär. 2020-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň goldawy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň gulluklary BMG-niň Migrasiýa toruny işe girizmäge ylalaşdy. Migrasiýa boýunça halkara guramasy Türkmenistanda BMG-niň Migrasiýa torunyň utgaşdyryjysy we sekretariaty hökmünde çykyş eder.
Möhüm wakalar
2-nji mart, 1992-nji ýyl. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Garaşsyz Türkmenistan bu guramanyň doly hukukly agzasy boldy.
2-nji fewral, 2017-nji ýyl. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynda türkmen Lideriniň başlangyjy bilen 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi.
12-nji aprel, 2018-nji ýyl. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama Türkmenistanyň teklibi bilen kabul edildi, dünýäniň 56 döwleti oňa awtordaş bolup çykyş etdi.
13-nji iýun, 2018-nji ýyl. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisinde Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň 2019–2021-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlandy. Türkmenistan ilkinji gezek 2013–2015-nji ýyllarda hem BMG-niň bu abraýly düzüminiň agzalygyna kabul edilipdi.
7-nji maý, 2019-njy ýyl. Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisinde Türkmenistan 2020–2022-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2020–2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň, 2020–2023-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlandy.
22-nji fewral, 2018-nji ýyl. Türkmenistan 2019–2021-nji ýyllar döwri üçin Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içeri ulag boýunça Komitetiniň edarasynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlandy.
Türkmen medeniýetiniň halkara ykrarnamasy
Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasydyr. Bu abraýly gurama medeni ýadygärlikleri we tebigy gözelligi gorap saklamak boýunça halkara işlerde ilkinji derejeli orny eýeleýär, ählumumy gymmatlyklara we her bir halkyň mertebesine hormat goýmaga esaslanan açyk gatnaşyklar üçin şertleri döretmegiň üstünde işleýär.
Türkmenistan Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak boýunça ÝUNESKO-nyň Konwensiýasyna goşulmak bilen, dünýä siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary geljekki nesillere ýetirmek üçin gorap saklamak babatda giň gerimli işleri yzygiderli geçirýär. Ady agzalan konwensiýanyň çäklerinde türkmen hünärmenleri tarapyndan daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikde ýadygärliklerimiziň içinden täsin desgalar saýlanyp alnyp, soňra degişli tapgyrlardan üstünlikli geçip, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi, olaryň arasynda ajaýyp ähmiýeti hem-de umumadamzat gymmaty bolan täsin taryhy-arheologiýa ýadygärlikleriniň üçüsi — Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý bar.
Bu ugurdaky işler, häzirki wagtda hem dowam edýär: bu gezek Dehistan, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly gadymy, iri türkmen şäherleriniň arasynda Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ýollarynyň ugrunda ýerleşen ýadygärlikleriň toparlaýyn görnüşi göz öňünde tutulýar.
Taryhy desgalardan başga-da ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna soňky ýyllarda «Görogly dessançylyk sungaty» (2015), «Küştdepdi aýdym we tans dessury» (2017), «Türkmen milli halyçylyk sungaty» (2019) ýaly türkmenleriň döredijilik zehininiň beýik gazananlary girizildi.TÜRKMEN DUTARY MADDY DÄL MEDENI
SANAWYŇ DALAŞGÄRI
Türkmenistanyň «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnamasyny 2021-nji ýylyň ahyrynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek meýilleşdirildi. Şol döwürde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiň mejlisi geçiriler.
Häzir ahalteke atlaryny seýislemek sungatynyň we türkmen alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklary barada hödürnamany taýýarlamak boýunça işler geçirilýär.
2-nji noýabrda geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň birinji mejlisinde 2021–2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketler meýilnamasynyň taslamasyna garaldy. Bu mejlisde Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň ýörite sanawyna türkmen däp-dessurlaryny girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän täze teklipleriniň taslamasyna hem seredildi.
Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda 2021–2023-nji ýyllar üçin bilelikde hereket etmegiň täze meýilnamasynyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň özboluşly şäherleriniň Ählumumy toruna «Çeperçilik» diýen döredijilik ulgamynda Aşgabady hem-de «Senetler we halk döredijiligi» diýen ulgamda Türkmenabady, geljekde bolsa «Edebiýat» diýen ulgamda Mary şäherini hem girizmäge taýýarlamakdan ybarat.
BMG-niň Ilat gaznasy. BMG-niň Ilat gaznasy (ÝUNFPA) Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga 1992-nji ýylda başlady. ÝUNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Milli hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamakda Türkmenistanyň Hökümetine goldaw berýär. Şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde, Ministrlige gerekli bolan enjamlary satyn alyp bermekde ýardam berýär.
ÝUNFPA Türkmenistanyň çägindäki 95 sany nesil saglygy otaglaryny açmakda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine goldaw berdi. Bu otaglar 1997-nji ýylda açylmaga başlandy. Bular bilen bir hatarda ýetginjekleriň mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilen taslamalary alyp barýan ÝUNFPA 2021–2025-nji ýyllar üçin Ýaşlar boýunça milli maksatnamany kämilleşdirmekde Türkmenistanyň Hökümetine goldaw berýär.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Aşgabatdaky wekilhanasy 1995-nji ýylda milli saglyk ulgamyny kämilleşdirmäge goldaw bermek maksady bilen açyldy. Türkmenistan gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilendigi barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin býurosynyň halkara güwänamasyna eýe boldy. Ýurtda inçekesel bilen kesellänlere gözegçilik etmekligiň taryhynda iň pes derejesi bellenildi.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmegiň milli nusgasy döredildi, maglumatlar merkeziniň utgaşdyrmagynda ilatyň arasynda düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. «Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň 2017–2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeler hem yzygiderli çözülýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan «Aşgabat Jarnamasynyň düzgünlerini amala aşyrmak — Ýewropa sebitini temmäki tüssesinden azat etmek» atly taslama maliýeleşdirildi.
BMG-niň
Merkezi Aziýa üçin
Öňüni alyş diplomatiýasy
boýunça sebit merkezi
BMG-niň deňi-taýy bolmadyk düzümi bolan Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezini gurmak başlangyjy Türkmenistanyň Prezidentine degişli bolup, dünýäniň strategik taýdan möhüm sebitleriniň birinde özara gatnaşyklaryň düýbünden täze nusgasyny döretmek işiniň başyny başlady. Bu pikiriň amala aşyrylmagy BMG-niň we sebit bileleşiginiň, ozaly bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň şeýle Merkeziň zerurdygyna we maksada laýyk boljakdygyna düşünmegi bilen berkidildi.
Şeýlelikde, sebitiň taryhynda ilkinji gezek netijeli gepleşikleriň, dawalaryň öňüni almagyň hem-de syýasy-hukuk gurallara hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ägirt uly abraýyna, onuň syýasy guramaçylyk serişdelerine daýanmak bilen, bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamagyň ösüşe ýardam ediji guraly bolmaga gönükdirilen, hemişelik hereket edýän işçi edarasy peýda boldy.
Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine mynasyp goşant goşýar. Häzirki döwürde möhüm hasaplanýan parahatçylyk söýüjilik işleri öňüni alyş diplomatiýasynyň möhüm gurallaryny ulanmak arkaly amala aşyrylýar. Merkeziň tagallalary Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, olaryň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ugur edinýän daşary syýasat başlangyçlaryna goldaw berilmegine gönükdirilendir.
BMG-niň
Çagalar gaznasy
Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň arasynda 2016–2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Ýurt boýunça maksatnamasy hukuk namalaryny, syýasatlary we tejribäni halkara ülňülerine laýyk getirmek arkaly, çaganyň hukuklarynyň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmegini gazanmakda Türkmenistanyň Hökümetine goldaw berýär. ÝUNISEF Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýa we Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary hakyndaky konwensiýa esaslanyp, kiçi ýaşly çagalaryň we maýyplygy bolan çagalaryň hukuklaryny goramak ugrunda tagallalar edýär.
Bagtly çagalygy üpjün etmek, ýurdumyzyň körpe nesilleriniň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Köp ýyllaryň dowamynda ÝUNISEF bilen bilelikde ýerine ýetirilen işleriň netijesinde Durnukly ösüş maksatlary bilen berk baglanyşykly döwlet ösüşiniň wajyp wezipeleriniň çözgüdine gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň toplumy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň 2018–2020-nji ýyllarda ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Çagalara gönükdirilen oňyn syýasat ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hem öz içine alýar.