Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Nýu-Ýork­da ýer­leş­ýän ştab-kwar­ti­ra­syn­dan hem-de Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Jid­da şä­he­rin­de (Sa­ud Ara­bys­ta­ny) ýer­leş­ýän ştab-kwar­ti­ra­syn­dan hoş ha­bar­lar ge­lip go­wuş­dy. Bu ha­bar­lar Wa­ta­ny­my­zyň hem-de mil­li Li­de­ri­mi­ziň tu­tuş dün­ýä­de ab­ra­ýy­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.
BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 75-nji mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça hem-de mil­let­ler bi­le­le­şi­gi­ne ag­za döw­let­le­riň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy sak­la­mak­da we pug­ta­lan­dyr­mak­da hem-de dur­nuk­ly ösüş işin­de bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň or­ny» at­ly Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di.
Res­mi­na­ma­da BMG-niň ag­za döw­let­le­ri, beý­le­ki hal­ka­ra, se­bit hem-de se­bi­ta­ra gu­ra­ma­la­ry da­wa­la­ry pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol ar­ka­ly ka­da­laş­dyr­mak­da, gap­ma-gar­şy­lyk­la­ryň öňü­ni al­mak­da we çöz­mek­de Bi­ta­rap döw­let­le­riň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­ma­ga ça­gy­ryl­ýar hem-de Türk­me­nis­ta­nyň 12-nji de­kabr­da Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne ba­gyş­la­nan pa­ra­hat­çy­lyk, howp­suz­lyk we ösüş me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra mas­la­ha­ty özün­de ka­bul et­mek ba­ra­da­ky çöz­gü­di gol­da­nyl­ýar.
Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň Ge­ňe­şi­niň 47-nji mej­li­sin­de «Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň se­bi­tin­de we tu­tuş dün­ýä­de hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi sak­la­mak­da hem-de pug­ta­lan­dyr­mak­da bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň or­ny» at­ly Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di. Bu res­mi­na­ma­da Bi­ta­rap ýurt­la­ryň BMG-niň adat­dan da­şa­ry yn­san­per­wer kö­me­gi­niň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, adat­dan da­şa­ry çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar­da hem-de te­bi­gy bet­bagt­çy­lyk­lar­da yn­san­per­wer kö­me­gi­ni ber­mek­de we ýe­tir­mek­de eýe­le­ýän mö­hüm or­ny yk­rar edil­ýär.
Res­mi­na­ma­da Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň hal­ka­ra hem-de se­bit dur­nuk­ly­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýän­di­gi, dün­ýä­niň ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da pa­ra­hat­çy­lyk­ly, dost­luk­ly we öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi nyg­tal­ýar.
Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy ag­za döw­let­le­ri we onuň eda­ra­la­ry­ny 2020-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek «Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty we hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­de onuň äh­mi­ýe­ti» at­ly ýo­ka­ry de­re­je­li hal­ka­ra mas­la­ha­ta iş­jeň gat­naş­ma­ga ça­gyr­ýar.
Şeý­le­lik­de, hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň oňyn da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy BMG-niň hem-de iri hal­ka­ra gu­ra­ma bo­lan Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň no­bat­da­ky mö­hüm res­mi­na­ma­la­ryn­da öz be­ýa­ny­ny ta­pyp, ýe­ne-de dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň gol­da­wy­na my­na­syp bol­dy.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň se­bit de­re­je­sin­de hem-de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de hä­zir­ki döw­rüň wa­jyp me­se­le­le­ri bo­ýun­ça yzy­gi­der­li öňe sür­ýän pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry hem-de tek­lip­le­ri döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­ny bar­ha be­len­de gö­ter­ýär. Bu gün Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak hem-de dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek işi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ýan döw­let hök­mün­de yk­rar edil­di.
Hor­mat­ly Prezidentimiz hä­zir­ki döw­rüň wa­jyp me­se­le­le­ri­niň saz­la­şyk­ly çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da iş­jeň or­ny eýe­le­mek bi­len, bu ugur­da anyk ädim­le­ri äd­ýär hem-de ýur­du­my­zyň pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji kuw­wa­ty­ny tu­tuş adam­za­dyň hyz­ma­ty­na goý­ma­ga, BMG-niň yg­lan eden Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mä­ge hem­me­ta­rap­la­ýyn ýar­dam ber­mä­ge ça­lyş­ýar.

Şan­ly SENELER
Ata Watanymyz 1995-nji ýylyň 12-nji de­kabrynda BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 50-nji ýu­bi­leý ses­si­ýa­syn­da «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­masy esasynda BItaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Bi­ra­gyz­dan gol­da­nan Ka­rar­na­ma hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň tej­ri­be­sin­de Bi­ta­rap­lyk ba­bat­da Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len il­kin­ji res­mi­na­ma hök­mün­de ta­ry­ha gir­di.
2015-nji ýylyň 12-nji de­kabrynda paýtagtymyz Aş­ga­bat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 20 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li «Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty: pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň we ösü­şiň ug­run­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy» at­ly hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di. Ýo­ka­ry de­re­je­li mas­la­ha­tyň işi­ne dün­ýä­niň en­çe­me ýurt­la­ryn­dan döw­let we hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry, se­bit we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri, dip­lo­mat­lar we bi­ler­men­ler gat­naş­dy­lar. Halkara maslahatda hormatly Prezidentimiz tarapyndan Halkara Bitaraplyk gününi döretmek baradaky başlangyç öňe sürüldi.
2017-nji ýy­lyň few­ra­lyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 71-nji mej­li­sin­de 12-nji de­kab­ry «Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni» di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Ka­rar­na­ma bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. Bu şan­ly wa­ka Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­nyň umu­ma­dam­zat äh­mi­ýe­ti­ni no­bat­da­ky ge­zek tas­syk­la­dy.
2019-njy ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýyly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyrmak hakyndaky başlangyjyny goldap, Karar kabul etdi.
Türk­me­nis­tan pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň hä­zir­ki za­man keş­bi­ni pug­ta­lan­dyr­ma­gyň we gel­jek­ki ösü­şi­niň bin­ýa­dy bo­lup dur­ýan­dy­gy­na berk ynan­ýar. Ge­çen ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bilen «2021-nji ýyl — Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Ka­rar­na­ma ka­bul et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 75-nji ýu­bi­leý mej­li­si­ne gat­na­şy­jy­la­ra wi­deo­ýüz­len­me­sin­de bu res­mi­na­ma­nyň düz­gün­le­ri­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ba­bat­da gel­jek ýyl Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak fo­ru­my­ny ge­çir­mek baş­lan­gy­jy­ny öňe sür­di. Dün­ýä­niň 73 döw­le­ti bu res­mi­na­ma­nyň dö­re­di­ji­le­ri hök­mün­de çy­kyş et­di­ler.
«Pa­ra­hat­çy­lyk di­ňe bir gap­ma-gar­şy­lyk­la­ryň bol­maz­ly­gy däl-de, köp ta­ra­pyň gat­naş­ma­gy­na esas­lan­ýan oňyn, ok­gun­ly ösüş­dir, on­da ne­ti­je­li gep­le­şik­ler gol­da­nyl­ýar» diý­lip, Ka­rar­na­ma­­da bel­le­nil­ýär.

TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BILEN
BELLENILÝÄN BAÝRAMÇYLYK
He­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar­da mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry yzy­gi­der­li öňe sü­rüp gel­ýär. Sport ba­ra­da­ky ga­ra­ýyş­lar hem Türk­me­nis­tan bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz belleýär. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 72-nji ses­si­ýa­sy­nyň 2018-nji ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­de ge­çi­ri­len mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len ýö­ri­te Re­zol­ýu­si­ýa­ ka­bul edi­lip, her ýy­lyň 3-nji iýu­ny­ Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni diý­lip yg­lan edi­lip­di. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bu Re­zol­ýu­si­ýa­ny ka­bul et­mek bi­len, jem­gy­ýet­de we­lo­si­pe­diň äh­mi­ýe­ti­ni wa­gyz et­mek, be­den hem-de ru­hy sag­dyn­ly­gyň mö­hüm se­riş­de­si hök­mün­de we­lo­si­ped­li ýö­riş­le­ri gu­ra­mak ýa­ly, hal­ka­ra çä­re­le­riň bi­le­le­şik ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­ýän­di­gi­ni we do­ly gol­da­nylýan­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Bu bol­sa mil­li Li­de­ri­mi­ziň aý­ra­tyn bel­leý­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost­lu­gy hem-de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ba­ra­da öňe sür­ýän sy­ýa­sa­ty­nyň do­ly yk­rar edil­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.
Sport we be­den­ter­bi­ýe dö­re­di­ji­lik he­re­ket­le­ri­ mak­sa­da ok­gun­ly­ly­gy hö­wes­len­dir­ýän sag­dyn­ly­gyň we güýç-kuw­wa­tyň çeş­me­si­dir. We­lo­si­ped spor­ty bol­sa spor­tuň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa we gy­zyk­ly gör­nü­şi bol­mak bi­len, ila­ty­my­zyň be­den sag­ly­gy­ny ber­kit­mek­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, eziz Di­ýa­ry­myz­da we­lo­si­ped spor­ty bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar.

Aş­ga­bat­da ýe­ne bir
dün­ýä re­kor­dy­ tä­ze­len­di
Hä­zir­ki wagt­da biz ula­gyň ýo­ka­ry eko­lo­gi­ýa gör­nü­şi ha­sap­lan­ýan we­lo­si­ped bo­ýun­ça ýö­riş­le­ri ge­çir­mä­ge we we­lo­si­ped spor­tu­ny ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýä­ris di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz belleýär. Bu ugur­da 2018-nji ýyl­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp, we­lo­si­pe­diň äh­mi­ýe­ti­ni gör­kez­mek, ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­ny we eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny wa­gyz et­mek ba­ra­da­ky çä­re­le­ri öz içi­ne al­ýan, we­lo­si­ped sür­mek bo­ýun­ça iň köp san­ly il­deş­le­ri­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da okuw sag­lyk sa­pa­gy ge­çi­ri­lip, bu ugur­da dün­ýä re­kor­dy ga­za­ny­lyp­dy. Ge­çen ýyl bol­sa Aş­ga­bat­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de 2019 we­lo­si­ped­çi­niň gat­naş­ma­gyn­da «Iň do­wam­ly bir ny­zam­ly we­lo­si­ped­li ýö­riş» ge­çi­ri­lip, ol Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­lip­di.
Soň­ky ýyl­lar­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­ýän­le­riň sa­ny­nyň art­ýan­dy­gy­ny, şo­nuň ne­ti­je­sin­de daş­ky gur­şaw üçin howp­suz ha­sap­lan­ýan we­lo­si­pe­diň ula­ny­ly­şy­nyň has hem ýaý­baň­lan­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Bu baý­ram­çy­ly­ga ba­gyş­la­nyp dün­ýä­niň dür­li şä­her­le­rin­de köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Bu çä­re­le­re halk köp­çü­li­gi­niň giň­den gat­naş­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Olar­da ula­gyň bu gör­nü­şi­ni ýaý­baň­lan­dyr­ma­gyň adam sag­ly­gy we te­bi­gat üçin peý­da­ly­dy­gy wa­gyz edil­ýär.
Şu ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da bu şan­ly baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň gü­nor­ta bö­le­gin­de, Kö­pet­da­gyň ete­gi­nde aja­ýyp des­ga – We­lo­si­ped bi­na­sy gu­rul­dy. Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni my­na­sy­bet­li bu bi­na­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi­niň hem öz­bo­luş­ly uly ma­ny­sy bar. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­mak ug­run­da giň ge­rim­li iş­le­r al­nyp ba­ryl­ýar.

Türk­me­nis­tan – dünýäniň howpsuz ýurdy

Ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ry, şeý­le hem dür­li hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan giň yk­rar­na­ma eýe bol­ýar. Türk­me­nis­tan­da yk­dy­sa­dy­ýet, ylym-bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, önüm­çi­lik we beý­le­ki ugur­lar­da ga­za­nyl­ýan ösüş­ler, dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tas­la­ma­lar dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Mu­ňa hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we eda­ra­la­ryň çy­kar­ýan ne­ti­je­na­ma­la­ry hem-de reý­ting­le­ri şa­ýat­lyk ed­ýär. Türk­me­nis­tan yg­ty­bar­ly ýurt hök­mün­de şu ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da Hal­ka­ra «Gal­lup» bar­lag­lar ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan çap edi­len mag­lu­mat­la­ra la­ýyk­lyk­da, dün­ýä­niň iň howp­suz ýurt­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Türk­me­nis­tan 100 ba­la deň bo­lan bal­la­ryň 97-si­ne eýe bo­lup, Sin­ga­pur bi­len bi­le­lik­de bi­rin­ji or­ny paý­laş­dy. Hal­ka­ra ins­ti­tut ka­nun we ter­tip in­dek­si­ni düz­di.
Şeý­le­lik-de, Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­raplyk hu­kuk ýagdaýy ýur­duň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar we Ýer şa­ryn­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň pug­ta­lan­ma­gy­na my­na­syp go­şant goş­ýar.
Dün­ýä met­bu­ga­ty­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň sa­na­wyn­da Hy­taý 94 bal bi­len üçün­ji bol­dy. Dün­ýä­niň iň howp­suz ýurt­la­ry­nyň il­kin­ji on­lu­gyn­da Is­lan­di­ýa, Ku­weýt, Nor­we­gi­ýa, Awst­ri­ýa, Şweý­sa­ri­ýa, Öz­be­gis­tan we BAE ýa­ly ýurt­lar orun al­dy.
Ka­nun­y­lyk we ter­tip in­dek­si dü­zü­len­de adam­la­ryň po­lis­iýa bo­lan yna­my esa­syn­da şah­sy howp­suz­ly­gy, soň­ky ýyl­da ka­nun bo­zul­ma­la­ryň möç­be­ri ýa­ly ugur­lar göz öňün­de tu­tul­dy.
Hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň soň­ky ha­sa­ba­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň tej­ri­be­si­ne uly gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän­di­gi bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, hal­ka­ra bar­lag­lar ins­ti­tu­ty mun­dan ozal bir­nä­çe ge­zek ýur­du­my­za bu sa­na­wyň öň­dä­ki bas­gan­çak­la­ryn­da orun be­rip­di.

Dün­ýä bi­le­le­şi­gi 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin dur­nuk­ly ösüş ul­ga­myn­da Gün ter­ti­bi­niň mak­sat­la­ryn­dan we we­zi­pe­le­rin­den ge­lip çyk­ýan bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry hem-de mak­sat­na­ma­la­ry iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça mak­sa­da gö­nük­di­ri­len iş­le­ri ama­la aşyr­ýan we anyk çä­re­le­ri ge­çir­ýän Türk­me­nis­ta­nyň go­şan­dy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär.
An­to­niu GU­TER­RIŞ,
BMG-NIŇ Baş sekretary.

Türk­me­nis­ta­n dur­mu­şyň dür­li ugur­la­ryn­da di­ňe bir uly ne­ti­je­le­ri ga­zan­man, eý­sem, Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na örän uly go­şant goş­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň saý­lap alan ýo­lu­nyň öz wag­tyn­da we esas­ly bo­lan­dy­gy­ny, ýur­duň da­şa­ry sy­ýa­sy ösüş nus­ga­sy­nyň bol­sa has oňaý­ly­dy­gy­ny hem-de mil­li bäh­bit­le­re, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň uzak möh­let­li mak­sat­la­ry­na we BMG-niň Ter­tip­na­ma­syn­da­ky ýö­rel­ge­le­re ky­bap gel­ýän­di­gi­ni ynam­ly tas­syk­lap bo­lar.
Na­tal­ýa Ger­man,
BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy
bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň baş­tu­ta­ny.

Türk­me­nis­tan 1995-nji ýyl­da Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýagdaýyna eýe bo­lan döw­rün­den bä­ri, BMG-niň de­giş­li ka­rar­na­ma­sy­nyň äh­li ka­da­la­ry­ny üýt­gew­siz dur­mu­şa ge­çir­ýär. Se­bit­dä­ki ýag­daý­la­ryň ka­da­laş­dy­ryl­ma­gy bo­ýun­ça anyk çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär, Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­niň tag­lym­la­ry­ny we ýö­rel­ge­le­ri­ni Mer­ke­zi Azi­ýa­da or­naş­dyr­ma­gyň yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şy bo­lup çy­kyş ed­ýär.
Ye­le­na PA­NO­WA,
BMG-niň Türk­me­nis­tan­da­ky he­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy.