Hormatly Prezidentimiz golaýda paýtagtymyzyň häkimliginde geçirilen, Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem­de şäherimizi mundan beýläkde ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahatda – Biziň borjumyz iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şäher hökmünde paýtagtymyzyň belent abraýyny saklamakdan ybaratdyr. Şonuň üçin biz Aşgabady has-­da gözelleşdirmelidiris. Ony döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk­ çowluklarymyza miras galdyrmalydyrys – diýip belledi.

Mähriban Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat ilkibaşda kiçeňräk gala berkitmesi eken. Geçen 140 ýylyň dowamynda Aşgabat, gör, nähili özgerdi! Köne Aşgabat obasynyň ornunda ajaýyp, döwrebap häzirki zaman şäheri kemala geldi. Taryhy maglumatlara ýüzlensek, 1885­-nji ýylda Aşgabada demir ýol gelýär. Bu ýoluň çekilmegi bilen, şähere Russiýadan we Kawkazdan işlemäge gelýänler barha köpelipdirler we Aşgabatda oturymlylaşypdyrlar. Maglumatlara görä, Aşgabatda XX asyryň başynda dürli milletleriň wekillerinden kyrk müňe golaý adam ýaşapdyr. Şäherleriň taryhynyň ilkinji ýyllarynyň bir täsin umumylygy bar: ilkibada adamlar şeý­le bir işjeňleşýärler welin, aýdyp diýer ýaly däl, hemmeler täze durmuşyň şanyna gurmak, döretmek hyjuwynda gol çyzgap işle­ýärler, gerek bolsa, dag göwsüni ýaryp, ýol çekýärler, aryk gazýarlar, täjirler hem edil bal ýygnaýan arylara meňzäp, bazarlarda «wyzzyldaşyp» ýörler. Mundan 140 ýyl çemesi öň Aşgabatda hem ýagdaý şeýle eken. Onuň iki sany iri bazary gaýda­gaýmalaşyk bolupdyr, daýhanlar meýdanda ýetişdiren gök­-bakja önümlerini, bulduraşyp duran akly-­garaly üzümlerini, agzyňda eräp barýan eriklerini, içi köz ýaly garpyzlaryny, baldan datly waharman gawunlaryny ir-gözin arabalara ýükläp getirip, bazaryň ortasynda söwda ediberipdirler. Çünki Gündogara mahsus bolşy ýaly, türkmenlerde hem söwdalaşmak däbi bolup, munuň öz lezzeti bar, hatda bu, bir baksaň, sogaply iş hem bolýar. Açyk asmanyň astynda, bazaryň bir çetinde köwüş ussalarydyr hatdatlar, demirçiler orun alypdyr. Bu ýerde daşary ýurtlardan getirilen harytlardan doly dükanlar hatar tutupdyr. Belli rus ýazyjysy W.Ýanyň «Aziýanyň mawy alyslyklary» diýen ýatlamasynda ýazyşy ýaly, şol döwürde Aşgabatda «London, Pariž otaglary», «Moskwa», «Peterburg» we «Puşkin» atly myhmanhanalar bolupdyr. Pereňli zenan täjirleriň süýji­-köke dükanlary işläpdir.

Bu günki Aşgabadymyza syn etseň, şäheriň 140 ýyldan şunça özgerişleri başdan geçirendigine ynanmak birbada ýeňil düşenok. Munça möhlet, bir seretseň, o diýen köp däl, emma şol ýyllardan çawuş çakýan köne, saralyp giden fotosuratlary synlanyňda welin, kän zatlaryň özgerendigine düşünýärsiň. Bu gün türkmen paýtagtynda döwrebap durmuş gaýnap joşýar. Müňde bir yşykly ajaýyp şäher agşamlarynyň özüne çekijiligini wasp etmegi diňe ussat şahyrlar ba­şaryp biler.

Aşgabat Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Paý­tagtymyzyň infrastrukturasy gitdigiçe kämilleşdirilýär, ak mermerli Aşgabat bu gün Ginnesiň rekordlar kitabynda ençeme gezek orun aldy. Paýtagta täze, döwrebap ýollardyr köçeler çekilýär. Medeni ­durmuş maksatly desgalar bina edilýär. Şäheriň ekologiýasyna aýratyn üns berilýär. Aşgabat bilen Kö­petdagyň aralygynda giden bagy-­bossanlyk kemala geldi, ol bolsa, şäheriň ekologiýasy üçin diýseň wajypdyr. Milli Liderimiziň baş­langyjy bilen «Aşgabat­ siti» binagärlik taslamasynyň durmuşa geçirilmegi paýtagtymyzyň keşbine has-­da döwrebaplyk, gözellik berer. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde hasyl bolýar. Gülleýän, gül açýan gözel Aşgabadymyzyň älem içre meşhurdygyna tüýs ýürekden guwanyp, köňül guşuň ganatlanýar.

Merdan AŞYRMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby.