Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze keşbe eýe bolan paýtagtymyz bu gün geleni haýrana goýýar. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni merkezi hasaplanýan Aşgabat Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soň düýpgöter özgerip, sebitiň uly syýasy, ykdysady merkezleriniň birine öwrüldi. Köpetdagy etekläp oturan şäherimiz ýurdumyzyň dürli sebitlerini birleşdirýän ulag ýollarynyň çatrygydyr. Dünýäde iň ösen uly şäherler bilen deň hatarda orun alýan Aşgabadyň döredilenine şu ýyl 140 ýyl dolýar. Türkmen halky şeýle ajaýyp wakany toýlamaga uludan taýýarlyk görýär. Giň köçeleri, täsin binalary, bagy-bossana bürenen seýilgähleri bilen haýrana goýýan ak şäherimiz Aşgabadyň taryhyna göz aýlasak, bir ujy baryp gadymyýete daýanýan geçmiş ýoluna gözüň düşýär.
Esaslandyrylanyna 140 ýyl bolan Aşgabat ilkibaşda kiçeňräk gala berkitmesi eken. Geçen 140 ýylyň dowamynda şäher, gör, nähili özgerdi. Köne Aşgabat obasynyň ornunda ajaýyp, döwrebap häzirki zaman şäheri kemala geldi. Taryhy maglumatlara ýüzlensek, 1885-nji ýylda Aşgabada demir ýol gelýär.
Bu ýoluň çekilmegi bilen şähere Ýewropadan, Russiýadan, Kawkazdan işlemäge gelýänler köpelipdir we Aşgabatda oturymlylaşypdyr. Maglumatlara görä, Aşgabatda XX asyryň başynda dürli milletleriň wekillerinden kyrk müňe golaý adam ýaşapdyr. Şäherleriň taryhynyň ilkinji ýyllarynda gerekli infrastruktura gysga wagtda döredilipdir. Işjeň söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşen şäher täjirleriň gelim-gidimli ýerine öwrülipdir. Aşgabadyň iri bazarlarynda täjirler daşary ýurtlardan getiren harytlaryny müşderilerine mazamlaýan bolsalar, daýhanlar meýdanda ýetişdiren gök-bakja önümlerini, bulduraşyp duran aklygaraly üzümlerini, agzyňda eräp barýan eriklerini, içi köz ýaly garpyzlaryny, baldan datly gawunlaryny müşderilere hödürläpdirler. Bu ýerde Gündogara mahsus bolşy ýaly, söwdalaşmak däbi bolupdyr. Şäher senetçiligiň hem ösen ýerine öwrülipdir. Bazaryň bir çetinde köwüş ussalarydyr hatdatlar, demirçiler orun alypdyr. Bu ýerde daşary ýurtlardan getirilen harytlardan doly dükanlar hatar tutupdyr. Belli rus ýazyjysy W.Ýanyň «Aziýanyň mawy alyslyklary» diýen ýatlamasynda ýazyşy ýaly, şol döwürde Aşgabatda «London, Pariž otaglary», «Moskwa», «Peterburg» we «Puşkin» atly myhmanhanalar bolupdyr. Pereňli zenan täjirleriň süýji-köke dükanlary işläpdir.
Taryhdan şu güne çenli köp wakalary başdan geçiren Aşgabatda döredilen günlerinden başlap, uly şäherlere mahsus bolan binagärlik desgalary gurlupyr. Baý taryhy bolan iri şäherleriň seýilgählerini, giň meýdanlaryny, demir ýol menzillerini, howa menzillerini alys ýola rowana bolýanlary we şähere gelýänleri garşy alýan, ýerleri belentde ýerleşýän äpet sagatlar bezeýär. Sebäbi, islendik ýurtda, şäherde ýaşaýan adamlar üçin wagt örän ähmiýetli hasaplanýar. Şol sebäpli görnükli ýerde goýlan sagatda hemmäniň gözi eglenýär. Bir ýarym asyra golaý taryhy bolan Aşgabatda hem şeýle sagatlaryň birnäçesi bar. 2011-nji ýylda açylyp ulanmaga berlen «Altyn asyr» Gündogar bazarynyň merkezi meýdançasyny owadan sagat diňi bezeýär. Aşgabadyň demir ýol menziliniň binasynyň çür başyndaky sagat hem şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hemişe wagty ýatladyp dur. Saýaly baglara, owadan çüwdürimlere beslenen seýilgählere-de sagatlar aýratyn bezeg berýär. Şäherde has irki döwürde gurlan sagat diňi hem bar. Kemine köçesiniň ugrunda ýerleşýän S.A.Nyýazow adyndaky nah mata kombinatynyň çägindäki uly sagat barada ýatlamak bolar. Bu sagatly desga 1929-njy ýylda gurulýar. Gurluşy taýdan berk bina edilen bu sagada Aşgabat şäherinde 1948-nji ýylda bolup geçen pajygaly waka hem zyýan ýetirmeýär. Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň golaýyndaky sagat diňi şäheriň baý binagärlik taryhynyň şaýady hökmünde häzirki wagtda hem başky keşbini saklap otyr. Sarsmajak binalaryň gurulýan ýeri bolan paýtagtymyz häzirki wagtda dostlugyň, parahatçylygyň, asudalygyň, iki we köp taraplaýyn halkara gatnaşyklarynyň mekanyna öwrüldi. Kaşaň desgalaryň düýbi tutulýan şäherimiz babatynda aýtsak, her bina barada kitap ýazmak mümkinçiligi peýda bolar. Gurulýan her bina hem taryhymyza esaslanýar, hem-de şu günümiz bilen berk baglanyşýar. Ýylsaýyn özgerýän gözel şäherimizi kämilleşdirmekde köp işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Merdan AŞYRMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.