Ma­li­ýe hyz­mat­la­ryn­dan peý­da­lan­ma­gyň gi­ňel­ýän we tä­ze ma­li­ýe gu­ral­la­ry­nyň peý­da bol­ýan hä­zir­ki şert­le­rin­de ila­tyň ma­li­ýe so­wat­ly­ly­gy­na de­giş­li me­se­le­ler dün­ýä­niň köp ýurt­la­ry üçin örän der­wa­ýys me­se­lä öw­rül­di. Şah­sy ma­li­ýe howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek adam­la­ryň yk­dy­sa­dy aba­dan­çy­ly­gy­nyň mö­hüm gu­ra­ly­na öw­rül­ýär. Adat­ça ma­li­ýe so­wat­ly­ly­gy – esa­sy ma­li­ýe adal­ga­la­ry­na dü­şün­mek­li­gi, ma­li­ýe ins­ti­tut­la­ry we olar ta­ra­pyn­dan hö­dür­len­ýän önüm­ler ha­kyn­da mag­lu­mat­lar­dan ha­bar­ly bol­ma­gy, ony ula­nyp bil­me­gi we dur­muş mak­sat­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy üçin ta­la­ba­la­ýyk çöz­güt­le­ri ka­bul edip bil­mek ba­şar­ny­gy­na, öz hu­su­sy üp­jün­çi­li­gi­ni we ma­li­ýe howp­suz­ly­gy­ny üp­jün edip bil­me­gi diý­lip dü­şü­nil­ýär.
Ila­tyň ma­li­ýe so­wat­ly­ly­gy äh­li gir­de­ji­le­riň we çyk­da­jy­la­ryň ha­sa­by­ny alyp bar­mak uky­by­ny; gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ry, bank we äti­ýaç­lan­dy­ryş hyz­mat­la­ry ha­kyn­da­ky mag­lu­mat­la­ryň göz­le­nil­me­gi­niň en­dik­le­ri­niň bol­ma­gy­ny, onuň esa­sy gör­ke­zi­ji­le­ri­ni yzar­la­mak en­di­gi­niň bol­ma­gy­ny; dür­li kom­pa­ni­ýa­la­ryň tek­lip­le­ri­ni öz ara­syn­da de­ňeş­dir­mek ar­ka­ly gel­je­gi me­ýil­na­ma­laş­dyr­mak, äti­ýaç­lyk süý­şü­rint­gi­le­ri­ni dö­ret­mek ba­şar­ny­gy­ny we beý­le­ki­le­ri göz öňün­de tut­ýar. Ma­li­ýe so­wat­ly­ly­gy­nyň baş­lan­gyç bi­lim­le­ri­niň we en­dik­le­ri­niň de­giş­li de­re­je­si bol­maz­dan şah­sy gir­de­ji­le­ri­ňi ynam­ly do­lan­dyr­mak, dür­li gör­nüş­li ma­li­ýe önüm­le­ri­ni we hyz­mat­la­ry ýo­ka­ry hil­li do­lan­dyr­mak we ulan­mak müm­kin däl­dir.
Bi­ziň ýur­du­myz­da ta­ry­hy ösü­şiň aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len bag­ly­lyk­da ma­li­ýe so­wat­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak me­se­le­si mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar. Ma­li­ýe so­wat­ly­ly­gy­nyň de­giş­li de­re­je­si­niň bol­ma­gy adam ta­ra­pyn­dan yk­dy­sa­dy taý­dan peý­da­ly bo­lan en­dik­le­riň top­la­nyl­ma­gy­na iter­gi ber­ýär, şeý­le hem maş­ga­la býu­je­ti­niň ne­ti­je­li ula­nyl­ma­gy­na, maş­ga­la­nyň dur­mu­şy­nyň do­wa­myn­da ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­mak müm­kin­çi­li­gi­niň ösü­şi­niň ne­ti­je­sin­de ra­ýat­la­ryň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­­ma­gy­na, ma­li­ýe ba­za­ry­nyň dur­nuk­ly he­re­ket et­me­gi­ne, ila­tyň süý­şü­rint­gi­le­ri­niň gaz­na bir­ža­sy ar­ka­ly ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne gö­nük­diril­me­gine, ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy ul­gam­da galp­lyk­la­ra we ka­nun­çy­ly­gyň bo­zul­ma­la­ry­na gar­şy gö­re­şiň güýç­len­me­gi­ne, jem­gy­ýe­tiň hal-ýag­da­ýy­nyň go­wu­lan­ma­gy­na we mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hormatly Prezidentimiziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­myz­da jem­gy­ýe­tiň ma­li­ýe so­wat­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ýö­ri­te yk­dy­sa­dy gep­le­şik­ler te­le-ra­dio ýaý­lym­la­ryň üs­ti bi­len, ma­li­ýe ins­ti­tut­la­ry­nyň tä­ze önüm­le­ri ba­ra­da dur­muş ma­ha­bat­lan­dy­ryl­ma­sy ar­ka­ly ila­ta ýe­ti­ril­ýär. Şeý­le hem ýur­du­myz­da yzy­gi­der­li ýag­daý­da ma­li­ýe eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan hö­dür­len­ýän ma­li­ýe hyz­mat­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri bar­ha art­ýar we gi­ňel­dilýär.

Mer­jen Ama­no­wa,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.