ABŞ-nyň Indiana ştatyndaky Perdýu uniwersitetiniň inženerleri iň ak we salkyn saklaýan reňkleýji serişdäni öndürdiler. Bu reňk diňe Gün şöhlesini ýokary derejede yzyna serpikdirmän, eýsem, şol bir wagtyň özünde gyzmaýandygy bilen hem tapawutlanýar. Atmosferadaky gazlaryň hiç biri tolkun uzynlygy 8-13 mikrometr aralygynda bolan şöhläni özüne çekmeýär. Şol sebäpli haýsydyr bir jisimiň ýaýradýan 8-13 mikrometr tolkun uzynlygy bolan şöhlesi atmosferadan çykyp gidýär. Eger haýsydyr bir materialyň ýaýradýan şöhlesi agzalan tolkun uzynlygynda bolsa, öz ýylylygyny ýaýradyp, daş-töweregindäki howadan has salkyn bolýar. Adatça, köp material gijesine ýa-da gyşyna howadan hem sowuk bolýar. Bir materialyň gündizine hem howadan sowuk bolmagy üçin üstüne düşýän Günüň 200-2500 nanometr tolkun uzynlygyndaky şöhlesiniň 95 göteriminden gowragyny yza serpikdirmegi gerek. Yssy howada daş-töweregiň temperaturasyndan sowuk bolup biljek materiallary öndürmek üçin birnäçe ýyldan bäri ylmy barlaglar geçirilýär. Esasan hem, yssy ýurtlarda binalaryň serginlemek üçin energiýasyny azaltmak maksady bilen reňkleýji erginler işlenip taýýarlanýar. Perdýu uniwersitetiniň mugallymy, professor Siulin Ruan we onuň talyplary mundan ozal hem binalary salkyn saklamaga kömek edýän reňkleri öndüripdirler. Adaty reňkler üstüne düşýän Gün şöhlesiniň 80-90 göterimini serpikdirýär. Täze işlenip taýýarlanan reňk bolsa şöhläniň 98,1 göterimini serpikdirýär.
Muhammet Bäşimow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.