Biziň halkymyz öz dogduk mekanyny, mähriban topragyny, mukaddes maşgala ojagyny, obadyr şäherlerini jany-teni bilen söýmegi başarýar.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde bütinleý täze keşbe giren, berkarar Watanymyzyň, dünýä bileleşiginiň hatarynda mynasyp orun eýeleýän hem-de parahatçylyk dörediji, belent ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän we bu ugurda beýleki ýurtlara görelde bolýan, şu ýyl Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýän Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat çäksiz buýsanjymyz bolup, hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp çeper-binagärlik eseri hökmünde halkymyzyň, onuň dürli zamanalarda berkarar eden kuwwatly döwletleriniň häzirkizaman beýanydyr.
140 ýyl şäheriň taryhy, onda-da paýtagt şäheriň taryhy üçin uzak möhlet däldir. Aşgabadyň taryhy iň agyr synaglara döz gelen gadymy ülkämiziň müňýyllyklara uzaýan, şöhratly wakalara baý bolan geçmişini özünde jemleýär. Bu sebitlerde beýik Parfiýanyň, onuň meşhur paýtagty Nusaýyň şöhraty dünýä ýaň salypdy. Gadymy Parfiýanyň paýtagty diýen dereje nähili belent ýaňlanýar. Häzir Nusaý bilen Aşgabat sazlaşykly goşulyşyp otyr. Aşgabat dolandyryş we söwda merkezi bolupdyr. Onuň amatly ýerde ýerleşmegi şeýle ýagdaýyň döremegine sebäp bolupdyr. Köpetdagyň üsti bilen Aşgabada Eýrandan kerwen ýoluny çekipdirler. Aşgabatdan Türkmenistanyň günbatar we gündogar ýaýlalaryna tarap ýollar şahalanyp gidipdir. Göni Garagum sährasynyň üstünden geçýän kerwen ýodalary bolsa Hywa we Buhara alyp barypdyr. Şäheriň köp sanly kerwensaraýlarynda kakadylan miweler, Owganystandan, Hywadan, Buharadan, Türkmenistanyň içki etraplaryndan getirilen çuwallar dag ýaly bolup üýşüp durupdyr. Bir söz bilen aýdylanda, şäherde halkara ähmiýetli ýollar birleşipdir.
Gözel Aşgabadymyz özüniň belent ýaşaýyş-medeni, sport, lukmançylyk maksatly desgalary, köpöwüşgünli çemenzarlyklary hem-de gülzarlyklary, seýilgähleri, suw çüwdürimleri, giň şaýollary, heýkeltaraşlyk we ýadygärlik, ýaşaýyş jaý toplumlary, beýleki täsin binalary bilen görenleri haýran galdyrýar, olaryň birnäçesi Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun eýeleýär.
Aşgabat türkmen jemgyýetiniň ylmy-medeni, senagat merkezi bolup, bu merkezde medeni binalar, teatrlar, muzeýler, ýokary okuw mekdepleri jemlenendir, bu ýerde iri halkara forumlary, syýasy gepleşikler yzygiderli ýagdaýda geçirilýär. Häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda milletimiziň baý taryhy däp-dessurlary aýawly goralyp saklanylýar hem-de şol bir wagtyň özünde medeni durmuş gaýnap joşýar, erkin döredijilik rowaçlyklara beslenýär. Goý, binagärlik sungatynyň belent senasy bolup ýaňlanýan Aşgabadyň geljegi dowamat dowam bolsun!
Züleýha Şirmyradowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.