Häzirki wagtda dünýäde howanyň ortaça ýylylygynyň ozalky ýyllardakydan ýokarydygy bellenilýär. Muňa gazylyp alynýan energiýa serişdeleriniň ýangyç hökmünde ulanylmagynyň täsiriniň uludygy aýdylýar. Şeýle-de bolsa energiýanyň has arassa çeşmelerini işläp taýýarlamak we önümçiligini ýola goýmak üçin hem dürli taslamalar durmuşa geçirilýär. Arassa energiýa çeşmesi diýlende, ilki bilen Gün şöhlesinden alynýan energiýa göz öňüňe gelýän hem bolsa, energiýanyň bu görnüşiniň sany ýylsaýyn artdyrylýar. Halkara arassa energiýa agentliginiň (IRENA) maglumatlaryna görä, «ýaşyl» energiýa geçirişde ýel turbinalarynyň täsiri has uly. Ýelden energiýa almak arassa energiýa çeşmesi hökmünde Günden soňra ikinji ýerde durýar. 2010-2020-nji ýyllar aralygyndaky 11 ýyly öz içine alýan döwürde ýelden alynýan energiýa 11 esse artyp, 34 gigawata ýetipdir. 2015-nji ýylda ähli ýurtlaryň gatnaşmagynda geçirilen Pariž howa şertnamasyna görä, global ýylylygyň 1,5-2 dereje peseldilmegi göz öňünde tutulýar. Munuň üçin deňizlerde kenardan uzakda gurlan ýel turbinalaryndan alynýan energiýanyň mukdary 2030-njy ýyla çenli 70 gigawat, 2050-nji ýyla çenli 350 gigawat artdyrylmagy göz öňünde tutulýar.
Geçen ýyl Hytaýda deňizde gurlan ýel turbinalarynyň umumy önümçilik kuwwatynyň 3 gigawat köpelendigi mälim edildi. Bu görkeziji Niderlandlarda 1,5 gigawat, Belgiýada 0,7 gigawat artypdyr. Taýýarlanan maglumatda bu ugurda Ýewropa ýurtlarynyň öňdeligi eýeleýändigi bellenilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän taslamalaryň köpelmegine arassa energiýa öndürmek üçin gerek bolan tehnologiýanyň hem arzanlamagynyň täsiriniň bardygy bellenilýär.
Ýewropa Bileleşigi ýurtlary deňizdäki ýel turbinalarynyň önümçilik mukdaryny «Ýaşyl ylalaşyk» resminamasynyň çäklerinde 2030-njy ýyla çenli 60 gigawata, 2050-nji ýyla çenli 300 gigawata ýetirmegi maksat edinýärler.
Pariž şertnamasyna görä, global derejede deňizdäki ýel turbinalaryndan alynýan energiýa 2030-njy ýyla çenli 380 gigawata, 2050-nji ýyla çenli bolsa 2 müň gigawata ýetirilmeli.