Göräýmäge ýönekeý zat ýaly görünse-de, sanlar halkymyzyň durmuşyna, dünýägaraýşyna, ynam-ygtykatyna giňden ornaşan täsin we syrly meseleleriň biri. Il içinde sanlar bilen bagly ençeme nakyllar, aýtgylar, düşünjeler, yrymlar we däp-dessurlar bar. Bulary öwrenmek, manysyna düşünmek gyzykly bolsa gerek. Ilki bilen nakyllara we aýtgylara göz aýlalyň:
52 aýtsaňam, bary 1.
25-iň dälijesi.
50 gepden belli gep.
7 ölçäp, 1 kes.
Döwüljek araba 40 gün öňünden jygyldar.
1 gün duza 1000 gün salam.
3 et-de, bes et.
3-den soň puç.
Tagan aýagy 3 bolar.
7 hazynanyň 1-i.
8 aýak sergezdan.
9-y düzüw…
Bularyň her biriniň simwoliki manysy bar. Biziň pikirimizçe, halk arasynda giňden ulanylýan «52 aýtsaňam, bary 1» aýtgysy geçen asyrda dörän bolmaly. Çünki 52-ni bir ýylyň dowamyndaky 52 hepde bilen baglanyşykly görýäris. Bu görkeziji hem milady ýyl hasabyna gabat gelýär. «25-iň dälijesi» aýtgysyndaky san bolsa adamyň ýaş aýratynlygy bilen bagly. Bu ýaş adamyň jahyllykdan saýlanyp, «men» diýen wagty. Şonuň üçin şahyr Kerim Gurbannepesow «Ýigrim bäşde atsyň sen» diýip belleýär.
Sanlar halkyň ynam-ygtykaty bilen hem baglydyr. Il içinde «Özge sähedi bilmeseň, üç ýedini bilmediňmi?!» diýen aýtgy bar. Bu ýerdäki üç ýedi her aýyň dowamyndaky ýedilikler, ýagny aýyň 7-si, 17-si, 27-sidir. Köpler bu seneleri sähetli günler hasaplapdyrlar. Mundan başga-da, sanlar adamlaryň durmuş bilen bagly däp-dessurlarynda hem orun alypdyr. Adam dünýäden ötenden soňra üçi, ýedisi, kyrky, ýüzi ýaly belli günlerde ýas baglanypdyr.
Il içinde «adamyň ýedi arkasy» diýen düşünje hem bardyr. Olar şeýle atlandyrylýar: ogul, agtyk, çowluk, ýuwluk, gowluk, geňlik, taňlyk.
«Adamyň ýedi atasy bar» hem diýilýär. Olar şeýle atlandyrylýar: Adam ata, Nuh ata, öz ataň, azan ataň, sünnet ataň, ylym ataň we gaýyn ataň.
Sanlar gündelik durmuşymyzda hem diýseň işjeňdir. «Hepde» sözi «ýedi» diýmegi aňladýar, şonuň üçin hem bir hepdäniň dowamynda ýedi gün bar. Bu günler şeýle atlandyrylýar: duşenbe, sişenbe, çarşenbe, penşenbe, anna, şenbe, ýekşenbe. Günleriň atlary şeýle manylary aňladýar: «şenbe» sözüniň etimologiýasy «gün» sözi bilen baglydyr. Ýek – bir, du – iki, si – üç, çar – dört, pen (penç) – bäş diýmegi aňladýar. «Ýek» sözüniň manysy «ýeke» sözünde, «du» sözüniň manysy «dutar» sözünde (iki tarynyň bardygy bilen bagly), «çar» sözüniň manysy «Çary» diýen adam adynda (dördünji çaga dakylýar) ýa-da «çar tarap» diýen söz düzüminde, «penç» sözüniň manysy bolsa «penje» sözünde (bäş barmagyň bardygy bilen bagly) saklanyp galypdyr. Onda näme üçin hepde duşenbe güni, ýagny ikinji günden başlanýarka? Bu ýagdaý hijri ýyl hasabynyň ýöredilişi bilen baglydyr.
Garaz, sanlar durmuşymyzda giňden ornaşan syrly we manysyny çöşläp bilseň, diýseň gyzykly meseledir. Biz bu meseläniň «gädiginden garadyk». Dowamyny getirmegi, hormatly okyjylar, size goýýarys!
Meňlitäç ÝOLAMANOWA,
Aşgabat şäherindäki 42-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mugallymy.