Pre­zi­dent saý­law­la­ry ge­çi­ri­ler. Şu ýy­lyň 24-nji okt­ýab­ryn­da Öz­be­gis­tan­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry ge­çi­ri­ler. Bu ba­ra­da ýur­duň ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri mä­lim ed­ýär­ler. Öz­be­gis­tan­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry bäş ýyl­da bir ge­zek ge­çi­ril­ýär. Ýur­duň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da, bu we­zi­pä da­laş­gär­ler di­ňe sy­ýa­sy par­ti­ýa­lar ta­ra­pyn­dan hö­dür­le­nip bil­ner. Res­pub­li­ka­da soň­ky Pre­zi­dent saý­law­la­ry 2016-njy ýyl­da ge­çi­ri­lip, Öz­be­gis­ta­nyň Li­be­ral De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew ses­le­riň 88,61%-i bi­len ýe­ňiş ga­za­nyp­dy.

Tu­nis­de tä­ze hö­kü­met. Tu­nis­de tä­ze Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti dö­re­dil­di. De­giş­li ka­ra­ra Pre­zi­dent Ka­is Sa­id gol çek­di. Prem­ýer-mi­nistr Naj­le Bu­den Rom­da­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ag­za­la­ry döw­let baş­tu­ta­ny­nyň öňün­de ka­sam et­di­ler. Iýul aýyn­da Pre­zi­dent Ka­is Sa­id par­la­men­tiň işi­niň tog­ta­dyl­ýan­dy­gy­ny we Prem­ýer-mi­nistr Hi­şam Ma­şi­şi­niň işin­den çe­kil­ýän­di­gi­ni ha­bar ber­di. Naj­le Bu­den Rom­dan Tu­ni­siň ta­ry­hyn­da hö­kü­me­te ýol­baş­çy­lyk eden il­kin­ji ze­nan bol­dy.

Par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ril­di. Bag­da­dyň mer­ke­zin­de müň­ler­çe adam Muk­ta­da al-Sad­ryň par­la­ment saý­law­la­ryn­da­ky ýeň­şi­ni bel­le­ýär­ler. Saý­law to­pa­ry­nyň des­lap­ky mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, al-Sad­ryň ta­rap­dar­la­ry 329 orun­dan 73 man­da­ta (22%) eýe bo­lar­lar. Bu öň­ki ça­gy­ryş we­kil­le­ri­ne ga­ra­nyň­da has köp. Muk­ta­da al-Sadr uzak ýyl­lar­dan bä­ri ýur­duň ila­ty­nyň ara­syn­da uly meş­hur­ly­gy­ny sak­lap gel­ýär. Yrak­da no­bat­dan da­şa­ry saý­law­lar 10-njy okt­ýabr­da ge­çi­ril­di. Saý­law­la­ra gat­na­şyk pes bol­sa-da, saý­law­lar dog­ry diý­lip yk­rar edil­di.

Pi­kas­so­nyň çeken suraty sa­tyl­dy. Pab­lo Pi­kas­so­nyň çe­ken su­ra­ty Gon­kong­da 24,6 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy. Bu ba­ra­da «Sot­he­by’s» auk­si­on öýü­niň gu­ra­ma­çy­la­ry ha­bar ber­di­ler. «Surat 191,651 müň gon­kong dol­la­ry­na (24,61 mil­li­on dol­lar) sa­tyl­dy» diý­lip, be­ýa­nat­da bel­le­nil­ýär. Bu muk­dar ga­ra­şyl­ýan nyr­hyň çäk­le­rin­de bol­dy. Gür­rüň bu ýer­de su­rat­ke­şiň 1954-nji ýyl­da aýa­ly Žak­lin Ro­ky şe­kil­len­dir­ýän «Otu­ran ze­nan» at­ly suraty ba­ra­da bar­ýar. Şeý­le-de, bu auk­si­on­da ni­der­land su­rat­ke­şi Win­sent Wan Go­guň nat­ýur­mor­ty hem 9,1 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy.

Aý­lan­ýan jaý gur­dy. Bosni­ýa­ly 72 ýaş­ly Wo­jin Ku­siç yn­jyk aýa­ly­nyň pen­ji­re­den dür­li-dür­li man­za­ry syn­la­ma­gy üçin aý­lan­ýan jaý gur­dy. Onuň aýa­ly pen­ji­re­den dür­li gör­nüş­le­ri syn­la­ma­gy ar­zuw ed­ýän eken. Ol al­ty ýyl­dan soň, bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň höt­de­sin­den gel­di. Ol tä­ze ja­ýyň ýer­tit­re­mesine hem çy­dam­ly­dy­gy­ny ynam­ly aýd­ýar. Onuň aýa­ly in­di is­len­dik otag­dan to­ka­ýy, der­ýa­ny, ekin meý­dan­la­ry­ny syn­lap bil­ýär. Jaý iň pes tiz­lik­de bir gi­je-gün­diz­de, iň ýo­ka­ry tiz­lik­de bol­sa 22 se­kunt­da do­ly aý­law ed­ýär.

«Eme­li Gün» işe gi­ri­zi­ler. Hy­taý­da ter­mo­ýad­ro sy­nag re­ak­to­ry­ny (CFETR) dö­ret­mek bo­ýun­ça iş­ler ta­mam­la­nyp, ýa­kyn on ýyl­da «eme­li Gü­nüň» işe giriziljekdigi ha­bar be­ril­ýär. Tas­la­ma do­lan­dy­ryl­ýan ter­mo­ýad­ro pu­da­gy­nyň iň soň­ky ösüş­le­ri­ne esas­lan­ýar. CFETR kär­ha­na­lar we ilat üçin 200 MWt möç­be­rin­de elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­me­gi mak­sat edin­ýär. Tas­la­ma Hy­ta­ýyň plaz­ma fi­zi­ka­sy ins­ti­tu­tyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Tas­la­ma şow­ly bol­sa, il­kin­ji bo­lup ter­mo­ýad­ro re­ak­si­ýa­sy ne­ti­je­sin­de aras­sa ener­gi­ýa al­nar.

Neo­lit döw­rü­niň des­ga­la­ry. Hy­taý­ly bar­lag ge­çi­ri­ji­ler daş asy­ry döw­rü­ne de­giş­li bir­nä­çe uly göw­rüm­li agaç des­ga­la­ryň ga­lyn­dy­la­ry­ny tap­dy­lar. Bu ba­ra­da Hu­nan we­la­ýa­tyn­da ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­ni ge­çir­ýän ar­heo­lo­gik to­pa­ryň we­kil­le­ri mä­lim et­di­ler. Hü­när­men­le­riň pi­ki­ri­çe, tä­ze açyş ga­dy­my­ýet­de bi­na­gär­li­giň ösü­şi ba­ra­da­ky bi­lim­le­ri çuň­laş­dy­rar. Li­si­an et­ra­byn­da­ky Szisz­ýao­çen ha­ra­ba­çy­ly­gy 1978-nji ýyl­da açy­lyp­dy. Des­lap­ky bar­lag­lar bu ýe­riň gur­lu­şy­gyn­da ula­nyl­ýan agaç­la­ryň mi­la­dy­dan 2800 ýyl öň­ki döw­re de­giş­li­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Ga­dy­my me­de­ni­ýe­tiň şe­kil­le­ri. Çin­haý-Ti­bet yl­my eks­pe­di­si­ýa­sy­nyň ag­za­la­ry Ti­be­tiň Nam­so kö­lü­niň go­la­ýyn­da ga­ýa­la­ryň ýü­zü­ne çe­ki­len şe­kil­le­riň üs­tün­den bar­dy­lar. Hü­när­men­ler şe­kil­ler we ta­py­lan daş gu­ral­lar bu ýer­ler­de bir wagt­lar çar­wa si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň ýa­şan­dy­gy­ny gör­kez­ýär di­ýip ha­sap­la­ýar­lar. Nam­so kö­lü­niň tö­we­re­gin­dä­ki ga­ýa­la­ryň ýü­zü­ne çe­ki­len şe­kil­le­ri öw­ren­mek üçin eks­pe­di­si­ýa­lar 2017-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ril­ýär. Alym­lar bu ge­zek pet­rog­lif­le­riň tu­tuş bir to­pa­ry­ny tap­ma­gy ba­şar­dy­lar.