Tüwi bütin dünýäde iň köp sarp edilýän däneli ekin hasap edilýär. Birnäçe görnüşi bolan şaly gadymy döwürlerden bäri ösdürilip ýetişdirilýär. Hytaýda, Koreýada, Ýaponiýada, Taýlandda bolsa, şalynyň gara reňklisi ösdürilip ýetişdirilýär. Öňki döwürlerde gara şalynyň Tibet daglarynda ýetişdirilýän görnüşini adaty adamlara iýmek gadagan edilipdir. Ony diňe imperatoryň maşgalasy iýip bilýän eken. Seýrek duşýan şalynyň bu görnüşi diňe bir ýokumlylygy bilen tapawutlanman, eýsem ömri uzaldýan, garramagyň öňüni alýan iýmit hasaplanylypdyr. Gara şaly Tibet daglarynyň barmasy kyn bolan ýerlerinde ösýär we ol el bilen ýygylýar, şol sebäpden bahasy beýleki görnüşlerden ep-esli gymmatdyr.
Gara şalynyň tüwisi demre, sinke, margansa, kaliýe, foliý kislotasyna baý bolýar. Hytaý halk lukmançylygynda gara tüwini ganazlygy, göz kesellerini, saçyň dökülmegini bejermekde ulanylypdyr. Gara tüwiniň reňki näçe goýy bolsa, antioksidantlara şonçada baýdyr. Antioksidantlaryň köplügi immuniteti berkitmäge we ýokanç kesellere durnuklylygy artdyrmaga ýardam edýändigi aýdylýar. Däneleriň düzüminde gyzyl we melewşe tegmilleriň bolmagy bedendäki garramak hadysalary haýallandyrýar. Alymlaryň anyklamagyna görä, gara tüwi demgysma we allergiýa kesellerinde aýratyn peýdalydyr. Çünki ol bedende allergiýanyň döremegine sebäp bolýan gistaminiň emele gelşini peseldýär.
Äşe Täjiýewa,
Daşoguz şäherindäki 21-nji orta mekdebiniň mugallymy.