Melhemler mekany bolan sahawatly türkmen topragymyz jana derman, şypaly ösümlikleriň dürli görnüşlerine diýseň baý. Olaryň her biri-de müň bir derdiň dermany. Şeýle peýdaly ösümlikleriň biri-de buýandyr. Buýan ösümliginiň süýji hem-de açyk sary reňkli köki bolup, ýelek şekilli ýapraklary we salkym şekilli gülleri bolýar. Buýan irki wagtlardan bäri ylmy we halk lukmançylygynda dürli keselleri bejermekde ulanylyp gelinýär. Buýanyň dermanlyk ähmiýeti dogrusynda Lukman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitabynda hem giňişleýin bellenilip geçilýär. Buýan ösümliginiň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde 4 görnüşi duş gelýär. Olardan süýji buýan senagat taýdan has-da ähmiýetli bolup, ondan ençeme melhemlikler taýýarlanylýar.

Buýan köküniň taryhy

Bu söze latynçada “Glycyrrhiza” diýilýär. “Glycyrrhiza” sözi grekçe “süýji kök” diýmegi aňladýan sözlerden emele gelipdir. Buýan mundan 2800 ýyl ozal hem belli bolup, gadymy hytaý lukmançylygynda giňden ulanylypdyr. Gadymy grek alymy, lukman Gippokratyň hem öz lukmançylyk işinde buýany giňişleýin peýdalanandygy hakynda taryhy ýazgylar bar. Soňlugy bilen onuň peýdalanyş çägi Ýewropa ýurtlaryna hem ýaýrap başlapdyr. Şeýle-de X asyrda ýaşap geçen Lukman Hekim (Abu Aly ibn Sina) özüniň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” atly kitabynda buýanyň dermanlyk häsiýetleri dogrusynda belläp geçmek bilen, peýdaly häsiýetleriniň örän köplügi üçin oňa “altyn kök” adyny beripdir. Ýurdumyzda hem 1906-njy ýylda häzirki Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde buýan köküni işleýän kärhana açylýar we ilatyň oňa bolan islegi şondan soň has ýokarlanýar. Özygtyýarly ýurt bolanymyzdan soňra 1991-nji ýylda bu kärhana “Buýan” agrosenagat birleşigine öwrüldi. Häzirki wagtda bu kärhanada buýan köküniň müňlerçe tonnasy ýygnalýar.

Buýan köküniň himiki düzümi

Düzüminde saharoza, glýukoza, pektin maddalary, askorbin kislotasy ýaly peýdaly maddalar, ýokumly minerallar, ençeme biologik işjeň maddalar, beden üçin möhüm elementler, witaminler, flawonoidler, efir ýaglary, saponinler saklanýar. Şeýle-de onuň esasy bölegi glisirrizin alkoloidinden durýar, çünki bu madda buýan köküniň dermanlyk häsiýetini ýüze çykaryjy esasy maddadyr. Güneşli diýarymyzda bitýän buýan köki bolsa şeýle maddalara örän baýdyr.

Dermanlyk häsiýetleri

Buýan kökünden taýýarlanan dermanlar demgysma, inçekesel, guragyry, çiş kesellerini bejermekde, madda çalşygyny kadalaşdyrmakda, beden zäherlenmesiniň öňüni almakda, gakylyk gopduryjy serişde hökmünde peýdalanylýar. Ondan taýýarlanan goýy şire suwuklygy demgysma we allergiki keselleriň em bolýar. Ylmy lukmançylykda buýan köki beden immunitetini ýokarlandyryjy, dürli ýokançlara garşy göreşiji hökmünde ykrar edilendir.

Wepa HALYMOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.