Arheologlar Daniýada XI asyra degişli gulakhalka tapdylar. Gymmat bahaly taryhy eseriň Wizantiýa imperatorynyň bir esgere beren sowgadydygy anyklandy. Mundan ozal altyndan ýasalan şeýle ysyrga Skandinaw ýurtlarynda gabat gelinmändir. Arheologlar ýurduň Ýutlandiýa sebitinden gulakhalkanyň diňe bir taýyny metal detektorlar arkaly tapypdyrlar. Ysyrganyň beýleki taýyny gözlediler, emma tapmadylar.
Taryhy tapyndy ýurduň Milli muzeýiniň Wikingler sergisinde ýerleşdirildi. Taryhçylary bu tapyndynyň Wikingleriň Ýakyn Gündogara syýahat edendiginiň ýene bir delilidigini belleýärler.
Ýarym Aý şekilli ysyrga kiçi altyn halkalar we altyn zolaklar bilen bezelipdir. Ýokary ussatlyk bilen ýasalan Ýarym Aý görnüşli ysyrgada syrçadan edilen agajyň şekili hem bar.
Arheologlar şeýle gulakhalkalaryň, esasan hem, Müsürde we Siriýada meşhur bolandygyny belleýärler.
Atajan Döwletow,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.