Ynsanlara bolan söýgiňizi mümkin boldugyça, hemme ýerde, ilkinji nobatda bolsa öz öýüňizde ýüze çykaryň! Çagalaryňyza, ýanýoldaşyňyza, goňşularyňyza söýgiňizi peşgeş beriň! Goý, ýekeje adam hem siziň durmuşyňyzda biraz oňat ýa-da bagtly bolman gitmesin. Hudaýyň ýagşylygynyň janly beýany boluň! Goý, adamlar siziň ýüzüňizde, gözleriňizde we mähirli salamyňyzda uçganaklaýan ýagşylygy görsün.
Erik Batterwort, amerikan ýazyjysy.
Bir gezek kollejiň professory, sosiologiýa toparynda okaýan talyplaryna 200 oglanjygyň durmuşy barada maglumat ýygnamak üçin Baltimoryň etegine gitmegi teklip etdi. Professor öz talyplaryna bu oglanlaryň hersiniň geljegine baha bermegini haýyş etdi.
Ýöne talyplaryň ählisi olarda hiç hili geljegiň ýokdugy baradaky netijelerini ýazypdyrlar.
Bu wakanyň üstünden ýigrimi bäş ýyl geçenden soňra, sosiologiýa dersinden sapak berýän başga bir professor ozalky geçirilen barlaglaryň netijeleriniň üstünden tötänleýin barýar. Ol öz talyplaryna şol oglanjyklaryň ykbalynyň soňra nähili bolandygyny bilmek maksady bilen taslamany dowam etdirmegi tabşyrýar. Talyplar göçüp giden 20-sinden başga, galan 180-sinden 176-synyň hukukçylar, lukmanlar we işewürler hökmünde uly üstünlik gazanandyklaryny anyklaýarlar.
Haýran galan professor munuň sebäbini anyklamagy ýüregine düwýär. Gyzykly ýeri bu adamlaryň hemmesi henizem şol sebitde ýaşaýan eken we olaryň her birinden: «Siz öz gazanan üstünligiňiziň sebäbini nämede hasaplaýarsyňyz?» diýen soragy bermäge mümkinçilik döreýär. Professor olaryň ählisinden şol bir jogaby alýar: «Bularyň hemmesi mugallymymyzyň ýardamy bilen boldy».
Professor çagalarda özlerine bolan güýçli ynam döretmegi başaran mugallymy gözläp tapýar we bu garry, ýöne henizem gujurly zenandan haýsy jadyly formulanyň kömegi bilen okuwçylaryny kynçylyklardan halas edip, olaryň durmuşda üstünlik gazanmagyna kömek edendigini soraýar. Mugallym zenanyň gözlerinde mähir uçgunlary, dodaklarynda mylaýym ýylgyryş peýda bolýar we şeýle jogap berýär:
– Bu juda ýönekeý, men diňe ol çagalary ullakan ýürek bilen söýdüm, mährimi berdim.
Iňlis dilinden terjime eden
Gülzada Çaryýewa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçysy.