Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli milli gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda haly sungatymyz hem pajarlap ösýär. Gyz-gelinlerimiziň el hünäri bolan Türkmen halysynyň baýramy uludan toýlanylýar. Amaly-haşam sungatyna baý ýurdumyzda haly önümleriniň dürli görnüşleri, keçe nagyşlary, tahýalar, palasdyr kilimler, zergärçilik önümleri, zenanlarymyzyň bezeg şaýlary, at esbaplary, küýzegärlik, suratkeşlik, nakgaşçylyk önümleri görenlerde uly gyzyklanma döredýär.

Bu­la­ryň için­de has baý­la­şa­ny we öse­ni bol­sa ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­dyr. Dün­ýä meş­hur bo­lan, şöh­ra­ty­ny hä­zir­ki gün­le­re çen­li sak­lap we art­dy­ryp gel­ýän ha­ly sun­ga­ty­myz in­çe­li­gi, us­sat­ly­gy ta­lap ed­ýär. Ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň çe­per el­le­rin­den çy­kan ha­ly­lar her bir ada­my özü­niň gö­zel­li­gi, ne­pis­li­gi, in­çe­li­gi we owa­dan­ly­gy bi­len haý­ra­na goý­ýar. Bu sun­gat geç­miş­dä­ki ene-ma­ma­la­ry­my­zyň giň dü­şün­je­li­li­gi­ni, ze­hin­li­li­gi­ni we ba­şar­jaň­ly­gy­ny, ir­gin­siz zäh­me­te ukyp­ly­ly­gy­ny, te­bi­gy so­wat­ly­ly­gy­ny aýan ed­ýär we bu aja­ýyp sun­ga­tyň ne­sil­le­re mi­ras gal­ýan gym­mat­ly hü­när­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Ge­lin-gyz­la­ry­myz ha­la çi­ten her bir na­gşy­na öz ar­zuw-is­leg­le­ri­ni, syr­ly söý­gü­le­ri­ni siň­di­rip­dir­ler. Wa­ta­na we te­bi­ga­ta bo­lan buý­san­jy­ny çe­per el­le­ri­niň hü­nä­ri bi­len gör­kez­me­gi ba­şa­ryp­dyr­lar. Ol el hü­när­le­ri türk­men hal­ky­nyň mad­dy me­de­ni­ýe­ti­niň ga­za­nan­la­ryn­da sun­gat ese­ri de­re­je­sin­de öz­bo­luş­ly orun alan owa­dan bir dün­ýä­dir. Na­gyş­lar her bir dok­ma­çy­nyň işi­ne ez­ber­li­gi­niň nus­ga­sy­dyr. Türk­men ili­miz­de köp­dür­li aja­ýyp na­gyş­lar ar­ka­ma-ar­ka, ne­sil­den-nes­le ge­çip, şu gün­ki gü­nü­mi­ze ge­lip ýe­tip­dir. Ze­nan­la­ry­myz ha­ly­la­ra we ha­ly önüm­le­ri­ne, beý­le­ki el iş­le­ri­ne sa­lan na­gyş­la­ry­nyň üs­ti bi­len ynanç-yg­ty­ka­dy­ny, ýag­şy umyt­la­ry­ny, umu­my ýa­şa­ýyş me­de­ni­ýe­ti­ni hem be­ýan edip­dir­ler. Şol hä­si­ýet­ler hem mil­li na­gyş­la­ry­my­zyň at­la­ry­na ge­çip­dir. Şo­nuň üçin hem mil­li na­gyş­la­ry­my­zyň her bi­ri­niň öz ýo­ly, hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­ly­gy bar­dyr. Mu­ňa my­sal edip dag­dan nag­şy­ny, ala­ja, go­çak, ak gaý­ma ýa­ly hal­ky­my­zyň kä­bir ýag­şy yrym­dyr ynanç­la­ry bi­len bag­ly na­gyş­la­ryň ady­ny ag­zap geç­mek ýer­lik­li­dir. Hal­ky­myz­da dag­dan nag­şy­nyň göz­den-dil­den go­ra­ýan­dy­gy­na bo­lan ynam diý­seň güýç­lü­dir. Ak gaý­ma – ak ýol­lar­da ro­waç­lyk ber­megi, go­çak nag­şy ogul per­zen­de ga­raş­ýan ge­lin­le­riň ar­zuw­la­ry­ny beýan edip­dir.
Ha­wa, dö­wür­le­riň aý­la­nyp, heň­ňam­la­ryň do­la­nyp dur­ma­gy bi­len adam­la­ryň pi­ki­ri, dün­ýä­ga­raý­şy hem ös­ýär, öz­ger­ýär. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hormatly Prezidentimiziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da mil­li mi­ra­sy­my­za aý­ra­tyn üns ber­lip, has-da ös­me­gi­ne ge­tir­di. Türk­men ha­ly­sy ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň kal­byn­da­ky gö­zel­lik­den, ýü­re­gin­dä­ki nu­ra­na­lyk­dan dö­rän aja­ýyp sun­gat bo­lup, öýü­mi­ziň, to­ýu­my­zyň be­ze­gi, dur­mu­şy­my­zyň ýa­ra­şy­gy, ene-ma­ma­la­ry­my­zyň, gyz-ge­lin­le­ri­mi­ziň eli­niň çe­per­li­gi­niň, us­sat­ly­gy­nyň gü­wä­na­ma­sy­dyr. Ze­nan­la­ry­my­zyň ne­pis­lik bi­len sün­nä­läp do­ka­ýan ha­ly­la­ry gö­zel­lik äle­mi­niň gör­kü­dir. Ene-ma­ma­la­ry­my­zyň çe­per el­le­ri bi­len do­ka­lan ha­ly­la­ryň her çi­ti­min­de, her bir öý­dü­min­de eziz Wa­ta­ny­my­za bolan çäk­siz söý­gi­niň ny­şa­ny bar. Türk­men ha­ly­la­ry­nyň ýe­ne-de bir iň­ňän äh­mi­ýet­li ta­ra­py, yn­san sag­ly­gy üçin ju­da ýa­kym­ly bo­lan aras­sa go­ýun ýü­ňün­den do­kal­ma­gy­dyr. Ene-ma­ma­la­ry­myz ha­ly sun­ga­ty­ny kä­mil­li­giň, owa­dan­ly­gyň nus­ga­sy­na öw­rüp­dir­ler. Ze­nan­la­ry­my­zyň ar­zuw-umyt­la­ry si­ňen bu mil­li se­ne­di do­ka­mak, gö­räý­mä­ge ýö­ne­keý bir zat ýa­ly. Ýö­ne «iň­ňe bi­len gu­ýy ga­zan ýa­ly» ir­gin­siz zäh­me­ti ta­lap ed­ýän ha­ly sun­ga­ty­nyň dö­re­me­gin­de ze­nan­la­ry­my­zyň çe­per­li­gi­ni, sa­byr-ta­kat­ly­ly­gy­ny, ka­na­gat­ly­ly­gy­ny gör­mek bol­ýar.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­ri mil­li mi­ra­sy­my­zyň tä­ze öwüş­gin­ler­de, tä­ze rö­wüş­de ýaý­baň­lan­ma­gy­na ba­dal­ga ber­di. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýin­de, onuň şa­ham­ça­la­ryn­da mil­li mi­ra­sy­my­zy wa­gyz et­mek we dü­şün­dir­mek iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar, baý­ram­çy­lyk­la­ra, bel­li se­ne­le­re ba­gyş­la­nyp da­ba­ra­lar ge­çi­ril­ýär, ser­gi­ler gu­ral­ýar. Mu­zeý iş­gär­le­ri he­mi­şe­lik ser­gi bö­lüm­le­rin­de gör­ke­zil­ýän gym­mat­lyk­la­ry wa­gyz et­mek bi­len çäk­len­män, dür­li muwzuklarda or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de, ça­ga­lar bag­la­ryn­da yzy­gi­der­li göç­me ser­gi­le­ri hem gu­ra­ýar­lar. Bu ser­gi­ler bol­sa ça­ga­la­ryň we ýaş­la­ryň hal­ky­my­zyň mi­ras gal­dy­ran hem-de ne­sil­den nes­le ge­çip gel­ýän me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry, ta­ry­hy baý­ly­gy, gö­zel te­bi­ga­ty­my­zyň haý­wa­nat dün­ýä­si ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat al­mak­la­ry­na we bi­lim­le­ri­ni art­dyr­mak­la­ry­na, dün­ýä­ga­ra­ýyş­la­ry­ny gi­ňelt­mek­le­ri­ne ýar­dam ber­ýär.

En­ne­gül BAL­LY­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň yl­my iş­gä­ri.