Dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar meş­hur rus ýa­zy­jy­sy Fýo­dor Mi­haý­lo­wiç Dos­to­ýews­ki­niň ki­tap­la­ry­ny Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da iň köp sa­tyl­ýan ki­tap­la­ryň sa­na­wyn­da dör­dün­ji or­na çy­kar­dy. «The Dai­ly Te­leg­raph» ga­ze­ti­niň ha­bar ber­şi ýa­ly, 2016-njy ýyl­dan bä­ri ýa­zy­jy­nyň eser­le­ri­niň sa­tu­wy 177 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp­dyr. Şol dö­wür­ler­de Dos­to­ýews­ki­niň «Pen­gu­in Books» ne­şir­ýa­ty­nyň iň köp sa­ty­lan aw­tor­la­ry­nyň, 2017-2018-nji ýyl­lar­da iň köp sa­ty­lan 30 ýa­zy­jy­nyň, 2019-2020-nji ýyl­lar­da iň go­wy ýig­ri­mi­li­giň sa­na­wyn­da orun alyp, in­di Jeýn Os­tin, Iw­lin Wo we Çarlz Dikkens ýa­ly iň­lis ýa­zy­jy­la­ryn­dan soň, dör­dün­ji or­ny eýe­le­ýär.
Ýa­zy­jy­nyň «Je­na­ýat we je­za», «Giz­lin ýaz­gy­lar» we «Jyn­lar» ýa­ly ki­tap­la­ry­nyň söw­da­sy­nyň ösü­şi, de­giş­li­lik­de, 450, 400, 350 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. «Penguin Books» ne­şir­ýa­ty­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, mu­nuň se­bä­bi­ni ola­ryň maz­mu­ny­nyň we ähe­ňi­niň pan­de­mi­ýa döw­rün­de oky­jy­la­ryň ru­hy ýag­da­ýy­na ky­bap gel­ýän­di­gi bi­len dü­şün­di­rip bo­lar. «Pen­gu­in Clas­sics» re­dak­si­ýa to­pa­ry­nyň baş­ly­gy Jess Har­ri­son «The Dai­ly Te­leg­raph» ga­ze­ti­ne be­ren in­terw­ýu­syn­da:
– Wag­tyň geç­me­gi bi­len kä­bir ki­tap­la­ryň meş­hur­ly­gy­nyň nä­dip ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­na we pe­se gaç­ýan­dy­gy­na şa­ýat bol­ýa­rys. My­sal üçin, fran­suz ýa­zy­jy­sy Al­be­r Kam­ýu­nyň «Mer­gi» ese­ri­niň soň­ky iki ýyl­da sa­tu­wy­nyň art­ma­gy­nyň se­bä­bi öz-özün­den düş­nük­li­dir. Kä­te XIX asy­ryň haý­sy­dyr bir fi­lo­so­fy­nyň ýa-da ýa­zy­jy­sy­nyň ese­ri­niň bir­den­kä oky­jy­nyň ün­sü­ni özü­ne çek­me­gi­niň se­bä­bi he­ni­zem syr­ly­gy­na gal­ýar. Ýö­ne bu ýag­daý şeý­le ki­tap­la­ryň nä­me sebäpden nus­ga­wy­dy­gy­ny dü­şün­dir­ýär – di­ýip bel­le­di.