Hassahananyň bir otagynda agyr keselli iki adam ýatan eken. Olaryň birisiniň krowaty penjirä golaý ýerde, beýlekisiniňki bolsa, gapa golaý ýerde ýerleşýän eken.
– Penjireden saňa näme görünýär? – diýip, gapa golaý ýerde ýatan hassa sorapdyr.
– Bir görsediň! – diýip, birinji dillenipdir.
– Men mawy asmany, göçüp barýan bulutlary görýän, uzaklardan bolsa, köl hem-de kenaryndaky daragtlar görünýär.
Penjirä golaý ýerde ýatan hassa her gün diýen ýaly goňşusyna penjiräniň aňyrsynda görýän zatlary barada gürrüň beripdir. Ol öz görýän köli, gaýyklary, balykçylary, kenarda oýnap ýören çagalary, gezelenje çykan aşyk-magşuklar hakda gürrüň beripdir. Ol penjiräniň aňyrsynda bolup geçýän täsin wakalar barada gürrüň berýän wagty, gapa golaý ýerde ýatan hassany gizlin göriplik gaplap alypdyr. «Bu boluşa bolmaýar. Haýsy hyzmaty üçin maňa däl-de, oňa penjiräniň golaýyndan ýer berdiler-kä, men bolsam gapydan başga zat görüp bilemok. Ol bolsa, penjireden tutuş dünýäni synlap otyr» diýip, öz ýanyndan içini hümledipdir.
Günleriň bir güni penjiräniň golaýynda ýatan hassanyň ýagdaýy gowulaşyp, ony umumy bölüme geçirýärler. Ony alyp gidenlerinden soň, goňşusy özüni penjiräniň gapdalyna geçirmegi şepagat uýasyndan haýyş edýär. Şepagat uýasy hassanyň haýyşyny bitirip, ony penjiräniň deňine geçirýär-de, gapa tarap ýönelýär.
Birdenem hassanyň howsalaly sesi şepagat uýasyny aýak çekmäge mejbur edýär:
– Bu nähili beýle bolýar?! Bu penjiräniň aňyrsynda diwardan başga görünýän zat ýog-a! Ýaňky umumy bölüme alyp giden hassaňyz maňa bu ýerden mawy asmany, köli, adamlary görýändigini aýdýardy. Ýogsa-da, ol nädip şonça gözelligi bu penjireden görüp bildikä?!
Şepagat uýasy gaýgyly halda:
– Ol asla hiç zady görüp bilmeýärdi, o bende kördi ahyryn – diýipdir.
Taýýarlan Saýra Kömekowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.