Türkmen alabaý itleri biziň milli buýsanjymyz we şöhratymyz bolan ahalteke bedewlerimiz hem-de arşyň nepisligi, Zeminiň janly rowaýaty bolan türkmen halylary ýaly milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Türkmen alabaýlary eýesine wepalylygy, batyrlygy hem-de edermenligi bilen dünýäde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň ýiti pähim-paýhasyndan dörän «Türkmen alabaýy» eserinde: «Alabaý – biziň milli buýsanjymyz. Alabaý – biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz» diýip belläp geçişi ýaly, türkmen alabaýlary halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzda türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede ösdürmek boýunça häzirki döwürde ýurdumyzda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Bu işleriň taryhy gelip çykyşyny, şu günki günlere gelip ýetişini we milli aýratynlyklaryny ylmy esasda düýpli öwrenmek boýunça ähli şertler döredilýär. Türkmen alabaýy dostlugyň we wepalylygyň halkara nyşanyna öwrülýär.
Türkmen alabaýlary boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de bu itleri saklamak, köpeltmek bilen meşgullanýan hünärmenleriň tagallalaryny bir ýere jemlemek maksady bilen ýurdumyzda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Şonuň bilen birlikde, gysga wagtyň içinde bu abraýly guramanyň türkmen agzalary bilen bilelikde, daşary ýurtly agzalarynyň sany artyp, halkara derejä eýe boldy. Assosiasiýanyň 11 sany döwletden jemi 191 fiziki we ýuridik agzalary bolup, olaryň sany yzygiderli köpelýär.
Ýurdumyzda itşynaslarymyzy höweslendirmek maksady bilen «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy», «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly atlar döredildi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden belleniler.
«At – myrat», «It geldi, gut geldi», «Itim – gutum» diýen myrat we bagt bilen baglanyşykly pähimler türkmenleriň bedewlerinde myradyny, alabaý itlerinde bolsa bagtyny görendigini subut edýär. Çünki wepaly dosty we ynamdar syrdaşy hasaplap gelen bu milli gymmatlyklarymyz gadymylygy, batyrlygy, duýgurlygy, edermenligi, akyllylygy bilen bir hatarda olaryň örän wepalydygyny, ynamdardygyny subut edýän köp taryhy maglumatlar häzirki döwürde hem ýaşlarda türkmen alabaýlaryna bolan söýgini artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döredilen «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy häzirki döwürde dünýäde uly gyzyklanma eýe bolan, daş keşbi bilen bir hatarda akylly häsiýetleri we özüni alyp barşy bilen beýleki tohum itlerden has tapawutlanýan alabaýlaryň müňýyllyklardan gelýän şöhratly ýolunyň dowam etdirilip, nesillerden-nesillere geçiriljekdigini aňladýar.
Häzirki wagtda türkmen alabaýy dünýäde meşhur tohumlaryň biridir. Ýurdumyzyň seçgiçileriniň alyp barýan işleri hem-de alabaýyň arassa ganlylygyny saklamagyň netijesinde, ol biziň günlerimize çenli özüniň asyl keşbini saklap geldi. Türkmen alabaý itleri dünýäniň goragçy tohum itleriniň hatarynda öňdäki orny eýeleýär we hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, alabaýlaryň tapawutly aýratynlyklarynyň birini hem ýitirmezligi üçin olary diňe hünär derejesinde köpeltmek zerurdyr.
Bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga ähmiýetli orun berilýär. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy – ÝUNESKO we beýleki iri guramalar, şol sanda daşary ýurtlaryň assosiasiýalary, şeýle hem dünýäniň dürli döwletlerinden ýuridik şahslar we hususy itşynaslar bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen halkynyň ajaýyp däplerini girizmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda alabaý tohum itlerini ösdürip ýetişdirmek işi hem bar.
Maral GARRYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.