Türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri hem ahalteke bedewidir. Behişdi bedewlerimiz gözelligiň, ýyndamlygyň nusgasydyr. Syratly, owadan bakyşly, uz ýörişli bedewlerimiz örän syzgyrdyr. At döwletliligiň, abadançylygyň nyşany hasaplanyp, bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Ol hem ýoldaş, hem syrdaş. Şonuň üçin bolsa gerek, at edinen adam ata-babalarymyzdan onuň saklanylyşy, idedilişi, seýislenişi baradaky maglumatlary alypdyrlar, olaryň syrlaryny öwrenipdirler.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ahal­te­ke be­dew­le­ri­mi­ze «Be­dew», «Ro­waç» at­ly aý­dy­ma öw­rü­len aja­ýyp goş­gu­la­ry ba­gyş­la­dy. Şeý­le-de, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň mäh­ri­ban kä­be­si­niň el işi bo­lan ala­ja­la­ry ýa­ňy bo­lan taý­la­ryň boý­nu­na dak­ma­gy biz ze­nan­la­ry diý­seň be­gen­dir­ýär. «Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ryn­da gyz­ja­gaz­la­ry­ň çy­kyş et­me­gi be­genç­li wa­ka­dyr.
Göz­ba­şy­ny en­çe­me ýüz­ýyl­lyk­dan alyp gaýd­ýan ga­dy­my hem şöh­rat­ly ta­ry­hyn­da türk­men hal­ky dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ösü­şi­ne aja­ýyp me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry go­şup­dyr, şo­la­ryň bi­ri hem gö­zel­lik­de, ýyn­dam­lyk­da de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk ga­myş­gu­lak be­dew­le­ri­miz­dir. Türk­me­niň uçar ga­na­ty bo­lan be­dew at­la­ry­myz ýü­rek­le­ri­mi­ziň buý­san­jy, göz­le­ri­mi­ziň gu­wan­jy­dyr. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň uly yh­la­sy, hö­we­si, ze­hi­ni bi­len ýe­tiş­di­ren be­dew at­la­ry­nyň gö­zel­li­gi, ýyn­dam­ly­gy dün­ýä bel­li­dir. Gahryman Arkadagymyzyň «Ga­da­my bat­ly be­dew», «Ahal­te­ke be­dew­le­ri­miz – bi­ziň buý­san­jy­myz we şöh­ra­ty­myz», «Ga­nat­ly be­dew­ler», «At­da we­pa-da bar, sa­pa-da» at­ly ki­taplaryn­da nu­ra­na be­dew­le­ri­miz ýo­ka­ry de­re­je­de taryp edil­ýär. Hal­ky­my­zyň be­dew ata nä­de­re­je­de çuň­ňur hor­mat goý­ýan­dy­gy «Ir­den tur­da ata­ňy gör, ataň­dan soň – aty­ňy», «At agy­nan ýer­de toý bo­lar», «At ady bi­len, ýi­git ody bi­len» di­ýen ýa­ly na­kyl­la­ryň maz­mu­nyn­da hem jem­le­nen­dir.
Türk­men be­dew­le­ri özü­niň akyl­ly­ly­gy, düş­bü­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Türk­men­le­riň ga­dy­my se­ne­na­ma­syn­da on iki ýy­lyň her bi­ri bir jandaryň ady­ny gö­te­rip, onuň bi­ri at ýy­ly­dyr. At ýy­ly aba­dan­çy­ly­gyň, rys­gal-be­re­ke­diň, ösü­şiň ýy­ly ha­sap­la­nyl­ýar. Ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri ata-ba­ba­la­ry­myz ga­py­syn­da aty bo­lan öýi döw­let­li, rys­gal-be­re­ket­li ojak ha­sap­lap­dyr. Atyň kiş­ňe­ýän se­si şat­lykly habar ha­sap­la­nyp­dyr. Ahal­te­ke be­de­wi­niň dün­ýä de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän baý­ram­çy­lyk­la­ra we bäs­le­şik­le­re gat­naş­dy­ry­lyp, öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­me­gi Arkadag Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­si­dir.
Türk­me­niň «Sa­ňa at diý­me­rin, gar­daş di­ýe­rin» di­ýip söý­gü­län be­dew­le­ri hal­ky­my­zyň buý­san­jy­dyr. Be­ýik şa­hy­ra «Be­dew at­lar edil adam deý syz­ýar» diý­di­ren, türk­men ýaz­la­ry deý owa­dan, ýel­den ýüw­rük ga­myş­gu­lak be­dew­le­riň gö­zel­li­gi, gyz gy­lyk­ly eda­ly hä­si­ýet­le­ri dün­ýä­ni haý­ra­na goý­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ahal­te­ke be­dew­le­ri­mi­ziň şan-şöh­ra­ty dün­ýä dol­dy. Gö­zel­li­giň aja­ýyp nus­ga­sy bo­lan türk­men be­de­wi­niň keş­bi Döw­let tug­ra­myz­da ýer­leş­di­ril­di. Ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň bo­ýy uzyn bo­lup, Gü­nüň ço­gu­na ýal­kym saç­ýan ýal­dy­ra­wuk be­den­le­ri bar. Ola­ryň kük­re­gi uly, ger­şi be­ýik, sar­gy­sy bol­sa kuw­wat­ly­dyr. Kel­le­si­niň we boý­nu­nyň örän öz­bo­luş­ly gör­nü­şi bo­lup, gu­lak­la­ry uzyn, in­çe we ara­la­ry giň­den açy­lan ga­myş­gu­lak­dyr. Göz­le­ri bol­sa je­ren göz­li bo­lup, uly hem-de röw­şen­dir. Ýyn­dam be­dew­le­ri­miz­de açyk tyl­la we kü­müş­söw reňk­le­ri gör­mek bol­ýar.

Gül­ja­han RAH­MAN­BER­DI­ÝE­WA,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 18-nji ça­ga­lar bak­ja-ba­gy­nyň ter­bi­ýe­çi­si-usul­çy­sy.