Gahryman Arkadagymyzyň nygtap geçişi ýaly, ýaşlar biziň geljege bolan ähli umyt-arzuwlarymyzyň amala aşmagydyr, ata Watanymyzyň buýsanjy hem-de üstünlikleridir. Türkmenistanlylaryň täze nesli täze ösüş ugrunyň hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidir. Olar öz nesliniň jogapkärli we gujur-gaýratly, örän sowatly hem-de sagdyn wekilleri bolarlar. Biziň ýaşlarymyz öz ata-babalarynyň däplerini dowam edip, häzirki bazar ykdysady şertlerinde işlemäge taýýar bolarlar. Bütin dünýäde uly abraýy bolan parahat we gülläp ösýän ýurdunyň hakyky watançylaryna öwrülerler.
Döwlet Baştutanymyzyň sargytlaryndan ruhlanyp, olary durmuşda ýol-ýörelge edinýän türkmen ýaşlary bu gün döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Ýurdumyzda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli parasatly baştutanlygynda we taýsyz tagallalary netijesinde döwletimiziň kämil bilim ulgamy döredilip, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almagy, ylmy-döredijilik işi bilen meşgullanmagy, beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagy üçin giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar we ähli şertler döredilýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet dolandyryşynyň täze döwründe ýaşlara ýol bermek, olary hemmetaraplaýyn goldamak barada öňe sürlen taryhy başlangyçlar ýaşlara bolan uly ynamyň aýdyň subutnamasydyr. Şol nukdaýnazardan ugur alnyp döwletimizde ýaşlaryň sowatly, ylymly, bilimli bolmagy üçin ähli şertler döredilýär. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, Garaşsyzlyk ýyllarynda täzeçe pikirlenýän, öz ugurlary boýunça dünýäniň oňat tejribelerinden habarly bolan ýaş nesiller kemala geldi.
Ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň hatarynda ýaşlaryň jemgyýetiň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyna doly goşulyşmagy üçin zerur şertleri döretmekden ybarat bolmagy, olaryň hukuk üpjünçiliginiň we hemmetaraplaýyn ösüşiniň konstitusion derejede kepillendirilmegi döwrüň talabyna laýyk gelýär. Şunda ynsanperwerlik we kanunylyk, saýlamak erkinliginiň kepilligi, hukuklarynyň we borçlarynyň, azatlyklarynyň we raýat jogapkärçiliginiň bitewüligi, döwlet-hususy hyzmatdaşlyk, ylmy esaslylyk we toplumlaýynlyk ýaly ýörelgeler esas bolup hyzmat edýär.
Ýaş alymlaryň intellektual eýeçiligini goramak, ýaşlara ylmy işleriň netijelerini önümçilige ornaşdyrmakda goldaw bermek, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň geçirýän ylmy bäsleşiklerine we maslahatlaryna gatnaşmaga ýardam bermek, ýaş alymlaryň ylmy makalalaryny çap etmek işinde usuly kömek bermek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde Ýaş alymlaryň Geňeşi döredildi.
Ýaşlaryň telekeçilik işi bilen meşgullanmagyna ýardam etmek, ýaş telekeçilere goldaw bermek maksatly çäreler hem iş bilen üpjünçiligiň derejesine oňyn täsir edýär. Şu nukdaýnazardan ýaşlary telekeçilige höweslendirmek, goldamak maksady bilen, ýaşlaryň telekeçilik işine başlamagyny ugrukdyrmak babatda hem giň gerimli işler alnyp barylýar.
Salyh HUDAÝWERENOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
mugallymy.