Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamynda hem ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň öz işine ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin orta we ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak üçin meýilnamalar esasynda sapaklar döwrüň talabyna laýyk geler ýaly guralýar.

Hä­zir­ki wagt­da san­ly ul­gam we döw­re­bap müm­kin­çi­lik­ler giň ge­rim bi­len ös­dü­ril­ýär. Şeý­le müm­kin­çi­lik­ler bi­lim ul­ga­my­na hem or­naş­dy­ry­lyp, tä­ze usul­lar iş­le­nip dü­zül­ýär. Bu usul­lar bol­sa sa­pak gu­ra­lan­da ne­ti­je­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar, okuw­çy­la­ryň al­ýan bi­lim­le­ri­ni oňat öz­leş­dir­mek­le­ri­ne ýar­dam ed­ýär.
Hem­mä­mi­ze mä­lim bol­şy ýa­ly, is­len­dik ýur­duň ösü­şi, oza­ly bi­len, ylym we bi­lim ul­gam­la­ry­nyň ösüş de­re­je­si bi­len kes­git­len­ýär. On­da jem­gy­ýe­tiň in­tel­lek­tu­al müm­kin­çi­lik­le­ri­ni do­ly peý­da­lan­mak, yl­myň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­ny or­naş­dyr­mak de­giş­li ugur­da esa­sy ýag­daý­lar bo­lup, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, düýp­li we ama­ly bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ni peý­da­lan­mak bi­len gös-gö­ni bag­ly­dyr.
San­ly bi­lim ul­ga­my – mu­nuň özi di­ňe bir ylym adam­la­ry­nyň däl, eý­sem, tu­tuş yn­sa­ny­ýe­ti­niň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň ýe­ňil­leş­me­gi­dir. San­ly bi­lim ul­ga­my özün­de elekt­ron poç­ta, elekt­ron res­mi­na­ma, uzak ara­lyk­dan ylym-bi­lim al­mak, yl­my iş­ler, okat­ma­gyň elekt­ron se­riş­de­si, bäs­le­şik­ler, olim­pia­da­lar, mas­la­hat­lar, fo­rum­lar, okuw ki­tap­la­ry, okuw gol­lan­ma­la­ry we söz­lük­ler ýa­ly bö­lüm­le­ri jem­le­ýär.
San­ly bi­lim ul­ga­my­ny dö­ret­mek we ös­dür­mek üçin onuň teh­ni­ki we prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­niň ber­jaý edil­me­gi ze­rur­dyr. Mu­nuň üçin, il­ki bi­len tor ul­ga­my dö­re­dil­ýär we ul­ga­ma ser­wer bi­rik­di­ril­me­gi ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýar. Ul­gam­da elekt­ron gör­nüş­li mag­lu­mat­lar, ýag­ny sa­pak­la­ryň ýaz­gy­la­ry, so­wal­na­ma­lar, okuw ki­tap­la­ry, gol­lan­ma­lar, wi­deo ýaz­gy­lar, ta­nyş­dy­ry­lyş we su­rat­lar ýer­leş­di­ril­ýär. Ser­wer­de gur­na­lan de­giş­li amaly ul­gam we prog­ram­ma üp­jün­çi­lik­ler ar­ka­ly san­ly bi­lim por­ta­ly­nyň üs­ti bi­len mag­lu­mat­lar ula­ny­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ril­ýär.
Dö­wür ýaş­lar­dan dil öw­ren­me­gi, hä­zir­ki za­man usu­ly­ýe­ti okuw iş­le­rin­de san­ly ul­gam­dan dö­re­di­ji­lik­li peý­da­lan­ma­gy ta­lap ed­ýär. Bu ba­bat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­ra­ry bi­len tas­syk­la­nan «Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da, iň­lis di­li­ni okat­ma­gyň ama­ly we na­za­ry­ýet esas­la­ry­ny öz­leş­dir­mek­de, ýaş nes­liň iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­mak­da, okuw işi­niň dep­gi­ni­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim ber­li­şi­niň hi­li­ni go­wu­lan­dyr­mak­da aý­ra­tyn ta­gal­la edil­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz: «Bi­lim tä­ze­le­niş we öňe­gi­diş­lik­dir. Şo­ňa gö­rä-de, giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň ýo­ly bi­len tä­ze be­lent­lik­le­re bar­ýan ýur­du­myz­da bi­lim ul­ga­myn­da ama­la aşyr­ýan öz­gert­me­le­ri­mi­zi has-da çalt­lan­dyr­ýa­rys» di­ýip bel­le­ýär.
Biz mil­li Li­de­ri­mi­ziň bi­lim iş­gär­le­ri ha­kyn­da ed­ýän ala­da­la­ry­ny du­ýup ýa­şa­ýa­rys. Mu­nuň özi bi­lim iş­gär­le­ri­ni has-da yh­las­ly we tu­tan­ýer­li zäh­met çek­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar. Ýaş nes­li wa­tan­sö­ýü­ji, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly edip ýe­tiş­dir­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän hormatly Prezidentimiziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, be­ýik iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Ogul­jen­net BA­BA­ÝE­WA,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.