Türkmen tebigatynda ençeme dermanlyk ösümlikler ösýär. Halk lukmançylygynda peýdalanylýan şeýle ösümlikleri hemmetaraplaýyn öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirip, gymmatlyk derejesine ýetirip halk lukmançylygynda ulanan ösümlikleriniň dürli dermanlyk häsiýetleri we aýratynlyklary ylmy esasda öwrenilýär. Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman lukmançylygynda dünýä tejribesinde gazanylanlary üstüne goşmak bilen, köklerini gadymyýetden alyp gaýdýan türkmeniň dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly ylmy işini, olaryň melhemlik häsiýetlerini «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň üsti bilen halkymyza ýetirýär.
Türkmen topragynda ýaşan belli tebipler we alymlar Abu Ali ibn Sinanyň, Abu Reýhan Biruniniň, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň, Abu Hanif Dinawaryň we Muhammet Huseýniň nusgawy eserlerinde Türkmenistanyň çäklerinde ösýän dermanlyk ösümlikler baradaky berilýän maglumatlar has gymmatlydyr. Hormatly Prezidentimiziň eserleri okyjylary Türkmenistanyň ajaýyp tebigatyna, ösümlik dünýäsine we olaryň adam saglygy üçin möhümdigine has oňat düşünmäge kömek edýär. Diýarymyzyň melhemlik, jana tenekar ösümliklerini ylmy esasda öwrenýän bu gymmatly kitap hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň aýdyň mysalydyr.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde geçiren ylmy-barlag işleriniň netijesinde «Bereketli» söwda merkezi tarapyndan halk köpçüligine «Buýanly» çörek önümi hödürlenýär. Çörek önümleri adamlaryň gündelik azygy bolup, olaryň süňňi gerekli bolan mikroelementler, makroelementler, witaminler, iýmit süýümi bilen baýlaşdyrylýar. Düzüminde buýan köküniň ekstrakty bolan çöregi iýmek bilen, buýanyň düzümindäki glisirrizin turşusynyň süňňüne barmagyna ýardam berýär we immun ulgamyny berkidýär.
Şeýle hem ilatyň sagdyn iýmitlenmegi üçin hem-de dürli nesil yzarlaýan keselleriň öňüni almak maksady bilen, döwlet derejesinde nahar duzy ýodlaşdyrylýar. Un demir bilen baýlaşdyrylyp, foliý turşusy bilen reňklendirilýär. Elbetde, döwlet derejesinde durmuşa geçirilýän bu ugurdaky işleriň galkan şekilli mäziň dürli keselleriniň hem-de ganazlygyň öňüni almakda ähmiýeti uludyr. Günüň dowamynda ýod bilen baýlaşdyrylan nahar duzuny 3-5 gram möçberde ulanmak, adam süňňünde ýoduň zerur mukdarynyň bolmagyna ýardam berýär.
Halkymyzyň saglygyny goramakda, lukmançylyk ylmyny ösdürmekde uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Ogulnur ATAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.