Ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka – Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary häzirki zaman türkmen jemgyýetinde demokratiýanyň dabaralanmagynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy. Saýlawlar açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirilip, halkymyz ata Watanymyzyň geljegi üçin belent jogapkärçilige düşünmek bilen, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň 9-syndan iň mynasybyna ses berdiler.
Ýurdumyzda geçirilen saýlawlara dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanma bildirendigini bellemek gerek. Ozal habar berlişi ýaly, saýlawlara daşary ýurtlardan we birnäçe halkara guramalardan, şol sanda GDA-dan, ŞHG-den, ÝHHG-den we Türki Döwletleriň Guramasyndan synçylar çagyryldy. Olara saýlawlaryň barşyna syn etmek üçin mümkinçilikler döredildi.
Ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynyň – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň senenamasyna ajaýyp sahypa bolup giren bu uly ähmiýetli waka dünýä jemgyýetçiliginde giň gyzyklanma döretdi. Halkymyz mizemez agzybirligini we jebisligini, ata-babalarymyzyň mukaddes wesýetlerine wepalylygyny ýene-de bir gezek görkezip, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, ata Watanymyzda demokratik ýörelgeleri berkarar etmek ugrunda möhüm ädim ätdi.
Saýlaw möwsüminiň häsiýetli aýratynlygy saýlawçylaryň ýokary işjeňlik görkezendigindedir. Munuň özi ilatyň ýokary raýat jogapkärçiligine hem-de ata Watanymyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmelere mundan beýläk-de gönüden-göni gatnaşmaga bolan islegine şaýatlyk edýär.
Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä doly taýýarlyk bilen gelen ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklarynda aýratyn işjeňlik görkezildi. Diýarymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi. Şol ýerlerde konsertler we göçme söwdalar guraldy. Bu şanly gün ilkinji gezek ses bermäge gatnaşan ýaş saýlawçylaryň aýratyn ýadynda galar. Saýlaw uçastoklarynda olara gül desseleri we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
12-nji martda çäreleriň geçirilen ýerlerinde baýramçylyk ruhunyň höküm sürendigi, saýlaw hukukly raýatlaryň uly hyjuw we ruhubelentlik bilen mynasyp döwlet Baştutany üçin ses bermäge gatnaşandyklary aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Döredijilik işgärleriniň çykyşlary, olaryň milli lybaslary, milli saz gurallarynda ýerine ýetirilen sazlar, sergiler daşary ýurtly myhmanlarda ýakymly täsir galdyryp, halkymyzyň örän baý, özboluşly medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.
Ýurdumyzy 2022-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň kabul edilen esasy ugurlaryna laýyklykda, täze döwre gadam basylýar. Bu möhüm Maksatnamada kesgitlenen wezipeler halkymyzyň röwşen geljegini üpjün edýär. Ykdysadyýetiň sazlaşykly ösdürilmegi, durmuş düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy ähli pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Halkyň aň-bilim mümkinçilikleriniň netijeli artdyrylmagy hem-de bu ugurda amal edilýän uly işler bilen bagly alnyp barylýan öňdengörüjilikli, oýlanyşykly we iňňän sagdyn syýasat biziň ähli ösüşlerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň özeni bolup durýar.
Türkmenistanyň her bir raýaty üçin bilimini ýokarlandyrmaga we zähmetiniň hözirini görmäge ähli şertler döredilýär. Häzirki döwürde ylym-bilime, milli gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýulýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir güni türkmenistanlylaryň eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna çekýän tutanýerli we döredijilikli zähmeti netijesinde gazanýan ajaýyp üstünliklerine beslenýär. Goý, ösüş-özgerişlikleriň täze belentlikleri bilen röwşen geljegi nazarlap, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyz mundan beýläk-de gülläp össün!
Batyr AŞYROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy, epizootologiýa we parazitologiýa kafedrasynyň kafedra müdiri.