Her ýylyň 23-nji martynda BMG-niň Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň başlangyjy esasynda yglan edilen Bütindünýä Meteorologiýa güni bellenilýär. 1950-nji ýylyň 23-nji martynda Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň kabul eden bu ugurdaky konwensiýasy güýje girdi we bu abraýly guramanyň döredilendigi yglan edilipdi. Guramanyň düzüminde häzirki wagtda 187 sany agza döwlet we 6 sebit bolup, olar öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirip gelýärler. Bu gurama ilkinji gezek howa ýagdaýlarynyň üýtgemegi baradaky meselelere seredip, soňlugy bilen howa we suw meseleleri boýunça işleri alyp barypdyr. Guramanyň möhüm üstünlikli ädimleriniň biri-de klimat-gözleg maksatnamasynyň döredilmegi bolup durýar. BMG-niň beýleki guramalary we Milli Meteorologiýa hem-de Gidrologiýa gullugy bilen hyzmatdaşlykda bu möhüm gurama birnäçe daşky gurşaw bilen bagly konwensiýalaryň durmuşa geçirilmegini goldaýar, degişli meseleler boýunça degişli ýurtlara maslahat berýär. Bu bolsa halklaryň durnukly ösüşine we abadançylygyna goşant bolup hyzmat edýär. Oňa agza ýurtlar atmosferanyň, gury ýerleriň, deňizleriň, ummanlaryň, derýalaryň ýagdaýy, howa çaklamalary hem-de howply gidrometeorologik hadysalar baradaky maglumatlary alyş-çalyş edip, ençeme ýyl bäri möhüm halkara hyzmatdaşlygy saklaýarlar. Netijede, gidrologiki we meteorologiki hyzmatlaryň täsiri barha güýçlenýär. Bu hyzmatlar, maglumatlar oba hojalygynda, awiasiýa, gämi gatnawy, daşky gurşaw, suw we beýleki tebigy betbagtçylyklary azaltmak boýunça maglumatlaryň tolanylmagyna ýardam edýär.
1961-nji ýyldan bäri bellenilýän Bütindünýä Meteorologiýa güni dünýä jemgyýetçiliginiň howanyň üýtgemegi bilen bagly bolup biljek ýagdaýlary, maglumatlary baradaky habarlylygyny ýokarlandyrmak üçin möhümdir.
Häzirki wagtda howanyň çalt üýtgemegi adamzadyň esasy ýüzbe-ýüz bolýan ekologiki meseleleriniň biri bolup, onuň netijesinde ýüze çykjak tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almaga degişli çäreler geçirilýär. Şol sebäpli hem bu möhüm günde dünýä ýüzünde “Geljekdäki howamyz”, “Howpuň öňüni almak we tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini azaltmak”, “Global täsirlere düşünmek”, “Gowy geljek üçin planetamyzdaky gözegçilikler” atly şygarlaryň astynda birnäçe möhüm çäreler guralyp, sergiler ýaýbaňlandyrylýar.
Kakageldi Meretgylyjow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby