Eziz Diýarymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, ýaş nesliň geljekde beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegini gazanmak möhüm döwlet wezipeleriniň biri bolup durýar. Dün­ýä­de giň­den bel­le­nil­ýän Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni 1950-nji ýyl­dan bä­ri her ýyl 7-nji ap­rel­de bel­le­nil­ýär. Bu se­nä­niň saý­la­nyp alyn­ma­gy tö­tän­le­ýin däl­dir, hut 1948-nji ýy­lyň 7-nji ap­re­lin­de Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň Ter­tip­na­ma­sy güý­je gir­di, hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň en­çe­me döw­le­ti bu gu­ra­ma­nyň ag­za­sy bo­lup dur­ýar. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz hem bu gu­ra­ma­nyň ag­za­ly­gy­na ka­bul edi­len gü­nün­den bä­ri gu­ra­ma bi­len iş­jeň gat­na­şyk­la­ry alyp bar­ýar. Yn­san sag­ly­gy­na, be­den­ter­bi­ýä we spor­ta aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de ila­tyň öm­rü­niň or­ta­ça do­wam­ly­ly­gy art­ýar. Ýur­du­myz­da ada­myň sag­ly­gy jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy bo­lup dur­ýar.
«Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de köp­çü­lik­le­ýin spor­ty ös­dür­mä­ge we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­na esa­sy orun de­giş­li­dir. Şo­nuň üçi­nem, ila­tyň giň gat­lak­la­ry­ny be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga çek­mek, ça­ga­lar spor­tu­ny ös­dür­mek, ýaş­la­ryň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ka­da­la­ry­ny wa­gyz et­mek bo­ýun­ça iş­ler do­wam et­di­ri­ler» di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz belleýär.
We­lo­si­ped­li ýö­riş­ler dur­muş, sport hem-de eko­lo­gi­ýa mak­sat­ly dür­li tas­la­ma­la­ry, pi­kir­le­ri gol­da­mak ba­bat­da en­çe­me ýurt­lar­da ge­çi­ril­ýän jem­gy­ýet­çi­lik äh­mi­ýet­li çä­re­le­riň meş­hur gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. Şo­ňa gö­rä-de, bu çä­re­ler Türk­me­nis­tan­da hem şä­her­le­riň, oba­la­ryň ýa­şaý­jy­la­ry­ny, dür­li ýaş­da­ky ne­sil­le­ri bir­leş­dir­ýär. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, bu çä­rä­niň ge­çi­ril­me­gi­niň eko­lo­gi­ýa ug­ry onuň mö­hüm dü­züm bö­le­gi bo­lup dur­ýar.
Ýur­du­myz­da uzak­möh­let­le­ýin eko­lo­gi­ýa mak­sat­na­ma­la­ry iş­jeň he­re­ket ed­ýär. Giň ge­rim­li eko­lo­gi­ýa mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da, aý­ra­tyn-da, dag etek­le­rin­de aras­sa ho­wa gur­şa­wy eme­le gel­di. Te­bi­ga­ty go­ra­mak, te­bi­gat­dan aýaw­ly peý­da­lan­mak, bio­lo­gik köp­dür­lü­li­gi go­rap sak­la­mak ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ata Wa­ta­ny­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek, te­bi­ga­tyň baý­lyk­la­ry­ny aýaw­ly sak­la­mak ba­ra­da ila­tyň dü­şün­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň hu­kuk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak ba­bat­da uly iş­ler üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar.
Eziz Di­ýa­ry­my­zyň ösüş­le­re eýe bol­ýan döw­rün­de ulag se­riş­de­le­ri hem art­ýar. Ulag se­riş­de­le­ri­niň sa­ny­nyň art­ma­gy he­re­ke­tiň ýyg­jam­laş­ma­gy­na ge­tir­ýär.

Şo­nuň üçin hem ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­nyň, düz­gün­le­ri­niň do­ly ber­jaý edil­me­gi ug­run­da ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de mö­hüm iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ýur­du­myz­da «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Aş­ga­bat şä­her hä­kim­li­gi­niň hem-de Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da, Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li Aş­ga­bat­da ap­rel aýy­nyň 4−11-i ara­ly­gyn­da aw­tou­lag­syz gün­ler ge­çi­ril­ýär. Dä­be öw­rü­len bu çä­re adam üçin ze­rur bo­lan aras­sa ho­wa gur­şa­wy­ny eme­le ge­tir­mä­ge, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni, aras­sa­çy­lyk ka­da­la­ry­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Şeý­le hem ýur­du­myz­da her ýy­lyň 1-30-njy sent­ýab­ry ara­ly­gyn­da «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy − öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» di­ýen at bi­len bi­raý­lyk ge­çi­ril­ýär.
Bu çä­re­ler top­lu­my ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga, ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri­niň ber­jaý edil­me­gi ne­ti­je­sin­de şi­kes­le­riň we maýyp­ly­gyň öňü­ni al­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri­niň sak­lan­ma­gy, şeý­le-de ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­niň alyn­ma­gy, oza­ly bi­len he­re­ke­te gat­na­şy­jy­la­ryň ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry­ny kä­mil ber­jaý et­me­gi­ne gö­nü­den-gö­ni bag­ly bo­lup dur­ýar. Py­ýa­da­la­ryň bel­le­nen düz­gün­le­re eýer­mez­li­gi, py­ýa­da­lar üçin ni­ýet­len­me­dik ýer­ler­den ge­çil­me­gi ýol-ulag ha­dy­sa­la­rynyň ýü­ze çyk­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Aw­tou­lag­la­ryň bel­le­nen tiz­lik­den ýo­ka­ry sü­rül­me­gi, ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry­nyň dürs ber­jaý edil­mez­li­gi ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň dö­re­me­gi­ne alyp bar­ýan ýa­ra­maz ýag­daý­lar­dyr.
Her bir ra­ýa­tyň ýol he­re­ke­tin­de şah­sy jo­gap­kär­çi­li­gi bol­ma­ly­dyr. Ýol­lar­da özü­ňi alyp bar­ma­gyň düz­gün­le­ri ba­ra­da­ky ge­çi­ril­ýän çä­re­le­riň äh­li­si ra­ýat­la­ryň howp­suz­ly­gy­ny, hal­ky­my­zyň asu­da we pa­ra­hat ýa­şa­ma­gy üçin wa­jyp äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar.
Hal­ky­my­zyň sag­ly­gy üçin taý­syz ta­gal­la­la­ry ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak, alyp bar­ýan iş­le­ri he­mi­şe ro-waç bol­sun!

Mu­ham­met­na­zar GEL­DI­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Yk­dy­sa­dy­ýet, ma­li­ýe we dur­muş sy­ýa­sa­ty ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň ag­za­sy.