Aýyň bize görünýän tarapy bilen garaňky tarapynyň görünişi bir-birinden tapawutly. Biz Ýeriň tebigy hemrasy bolan Aýyň diňe bir tarapyny görýäris. Sebäbi, Aýyň öz okunyň daşyndan aýlanýan wagty bilen, Ýeriň daşyndan aýlanýan wagty deň. Bu bolsa, bize Aýyň diňe bir tarapyny görmegimize sebäp bolýar. Şeýle bolansoň, birnäçe asyr ozal oýlanyp tapylandygyna garamazdan teleskoplar arkaly Aýyň diňe bir tarapyny görüp bolýar. Geçirilen barlaglaryň netijesinde Aýyň garaňky tarapynyň kraterlerden emele gelendigi we çal reňkli nagyşlarynyň ýokdugy anyklandy. Astronomlar asman jisiminiň iki tarapynyň tapawutly bolmagynyň sebäbini hem öwrendiler. “Science Development” žurnalynda çap edilen ylmy makalada Aýyň ýagty tarapynda towlam-towlam bolup görünýän kölegeleriň irki döwürlerde bolup geçen wulkaniki hereketleriň netijesinde ýüze çykandygy aýdylýar. Emma Aýyň beýleki ýarysynda şeýle kölegeler ýok.
Ýeri gelende bellesek, Aýyň garaňky tarapyny adamzat ilkinji gezek 1968-nji ýylda “Apollo” maksatnamasynyň çäklerinde gördi. 2019-njy ýylyň başynda bolsa, Aýyň garaňky tarapyna ilkinji bolup Hytaýyň kosmos gämisi gonduryldy.
Atamyrat Berdimyradow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby