Gwatemaladaky bir piramidanyň içinden Miladydan zaoly III asyra degişli diwar bölekleri tapyldy. Olaryň arasynda “7 keýik” diýlip atlandyrylýan, Günüň simwoly bolan oýulyp ýasalan şekil tapyldy. Bu şekiller Maýýa senenamasynyň iň gadymy nusgasy hasaplanýar. Arheologlar diwar bölekleriniň tokaýyň içindäki San Bartolo harabalyklaryndaky “Las Pinturas” piramidasyndan tapdylar. Maglumatlara görä, Maýýalar adatça kiçeňräk buthanalar gurupdyrlar. Soňra şol buthanalary has ulaldypdyrlar. Bu piramida hem soňky goşantlary bilen 30 metre çenli beýgeldilipdir. Tehas uniwersitetiniň Mezoamerikan sungaty ugrundan professory hem-de “Science Advances” žurnalynda çap edilen makalanyň baş awtory Dawid Stýuart tapyndylaryň bir döwür diwara çekilen iki bölek ak reňkli suwagdan ybaratdygyny belleýär.

Maýýalar San Bartoloda 800 sany şekili bolan ýazuw ulgamyny döredýärler. Bu medeniýetiň wekilleri piramidalary, köşkleri we obserwatoriýalary gurupdyrlar, oba hojalyk gurallaryny döredip, ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar. Bu medeniýete degişli taryhy galyndylar Meksikada we Gondurasdas hem gabat gelýär.