Sahawatly türkmen topragy ähli döwürleriň we halklaryň iň gowy bedewleriniň ýetişdirilýän mekanydyr. Olaryň şöhraty Ýer ýüzüne ýaýrapdyr. Türkmen seýisleri köp asyrlaryň dowamynda aňyrdan batly çapyp gelýärkä, pessaýlap uçup gelýän garlawajy ýadyňa salýan bedewleri ýetişdirmek maksady bilen, olaryň taýçanaklaryny saýlap alyp hem-de tohum arassalygyny gorap saklap, dünýä atşynaslygynyň täjine öwrülen atlaryň aýratyn täsin tohumyny döretdiler.

Türk­men­ler ga­dy­my dö­wür­ler­den baş­lap, be­dew­le­re tä­lim ber­me­giň ne­ti­je­li til­sim­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­lap­dyr­lar. Ola­ryň hi­li di­ňe bir at ça­py­şyk­la­ryn­da däl-de, eý­sem, agyr sö­weş­ler­de hem, ha­çan-da, ata-ba­ba­la­ry­myz ata Wa­tan ug­run­da sö­weş meý­dan­la­ry­na çy­kan­la­ryn­da hem sy­nag­dan ge­çip­dir. Ahal­te­ke be­de­wi eder­men türk­men ýi­git­le­ri­niň we­pa­ly hem­ra­sy bo­lup­dyr. Bu ba­ra­da di­ňe bir köp­san­ly ro­wa­ýat­lar we he­ka­ýat­lar däl-de, hä­zir­ki gün­le­re çen­li sak­la­nyp ga­lan da­şa­ry ýurt­ly aw­tor­la­ryň ta­ry­hy ýaz­gy­la­ry hem şa­ýat­lyk ed­ýär. Olar türk­me­niň be­hiş­di be­dew­le­ri­niň haý­ran gal­dy­ry­jy we­pa­dar­ly­gy ba­ra­da ýaz­gy­la­ry­ny gal­dy­ryp­dyr­lar.
At ça­py­şyk­la­ry türk­men toý­la­ry­nyň we baý­ram­çy­lyk­la­ry­nyň be­ze­gi­dir, ola­ryň ne­ti­je­sin­de ahal­te­ke be­dew­le­ri he­mi­şe aja­ýyp tür­gen­leş­di­ri­len be­den taý­ýar­ly­gyn­da bo­lup, uzak ara­lyk­la­ra ýö­riş­le­re hem çy­dam­ly bo­lup­dyr­lar. Bi­ziň gün­le­ri­miz­de spor­tuň iň gy­zyk­ly we özü­ne çe­ki­ji mil­li gör­nüş­le­ri­niň bi­ri bo­lan at ça­py­şyk­la­ry ägirt uly meş­hur­ly­ga eýe­dir.
Mil­li ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­my­zy aýaw­ly sak­la­mak hem-de dün­ýä ýaý­mak ýur­du­myz­da yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň seç­gi­çi­lik iş­le­ri­ni ös­dür­mek, bu tä­sin to­hu­my has-da kä­mil­leş­dir­mek ba­ra­da ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li iş­ler hem onuň mö­hüm bö­le­gi­ne öw­rül­di.
Hä­zir­ki wagt­da ahal­te­ke be­de­wi dün­ýä­de meş­hur to­hum­la­ryň bi­ri­ bolup, ýur­du­my­zyň seç­gi­çi­le­ri­niň alyp bar­ýan iş­le­ri­niň esa­syn­da aras­sa gan­ly­ly­gy­nyň sak­lan­ma­gy ne­ti­je­sin­de, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li özü­niň asyl keş­bi­ni sak­lap gel­di.
Ahal­te­ke at­la­ry­nyň ta­pa­wut­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri­niň hem ýi­ti­ril­mez­li­gi üçin ola­ry di­ňe hü­när de­re­je­sin­de kö­pelt­mek ze­rur bo­lup dur­ýar. Bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­la­ra äh­mi­ýet­li orun be­ril­ýär. Hu­su­san-da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­sy – ÝUNESKO we beý­le­ki iri gu­ra­ma­lar, şol san­da da­şa­ry ýurt­la­ryň as­so­sia­si­ýa­la­ry, şeý­le hem dün­ýä­niň dür­li döw­let­le­rin­den ýu­ri­dik şahs­lar we hu­su­sy at­şy­nas­lar bi­len uzak­möh­let­li hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­ýar.
Soň­ky ýyl­lar­da döw­let de­re­je­sin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­me­gi bi­len, hal­ky­my­zyň mil­li gym­mat­ly­gy­na hem-de buý­san­jy­my­za öw­rü­len ahal­te­ke at­la­ry­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek, kö­pelt­mek, to­hum aras­sa­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak we ata-ba­ba­la­ry­myz­dan gel­ýän at­şy­nas­lyk sun­ga­ty­my­zy do­wam edip, ýaş ne­sil­le­ri­mi­ze ýe­tir­mek, olar­da be­dew­le­ri­mi­ze bo­lan söý­gi­ni art­dyr­mak ug­run­da giň möç­ber­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz­da Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my giň­den we da­ba­ra­ly bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Bu bol­sa ýur­du­myz­da ahal­te­ke at­la­ry­nyň baş sa­ny­ny kö­pelt­mä­ge, to­hum­çy­lyk we seç­gi­çi­lik iş­le­ri­ni alyp bar­ma­ga we ga­dy­my ne­sil ugur­la­ry­ny di­kelt­mä­ge hem-de ýaý­rat­ma­ga, hal­ka­ra de­re­je­sin­de ser­gi­le­ri we bäs­le­şik­le­ri ge­çir­mä­ge do­ly müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Ak­ja­gül Hal­ly­ýe­wa,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň uly mugallymy.