Durmuşyň mazasy
Bir wagtlar gaty ýalta ýigit ýaşapdyr. Ol uzakly gün ondan-oňa köw-söw edip kaňkar ýörer eken. Onuň hiç zat bilen işi bolmansoň, durmuşyndan hem hiç hili kanagatlanma tapyp bilmändir. Bir gün onuň kellesine «Eýsem, durmuşda nädip kanagatlanma tapmaly?» diýen pikir gelip, ahyrsoňy onuň ugruna çykýar. Ol öýden çykyp, ýola düşenden soň köp wagt geçmänkä, ýer depip duran goja gabat gelýär.
– Ýaşuly, durmuşdan nädip kanagatlanma tapmalydygyny bilmeýärsiňizmi? – diýip, ýigit goja ýüzlenýär.
– Bilýän welin, ýöne men häzir seniň bilen gürrüňe güýmensem işimi goýmaly boljak-da – diýip, goja ýer depmegini dowam etdiripdir.
– Men saňa ýer depmäge kömek edeýin, ýöne siz maňa şol syry açyp beriň! – diýip, ýigit özelenýär.
– Bolýa.
Ýigit gojanyň elinden pilini alyp, ýer depmäge durýar. Tomsuň depäňi deşip barýan jokrama yssysynda, oglan gara der bolup işleýär. Ýöne onuň durmuşdan nädip şatlyk tapmalydygyny gara çyny bilen bilesi gelensoň, sesini çykarman işlemegini dowam etdirýär.
Goja saýaly agajyň aşagynda ornaşyp, ýigidiň zähmet çekişini synlaýar. Iki sagat geçenden soň, goja oturan ýerinden:
– Hany, inibatyr indi biraz dynjyňy al – diýip, ony ýanyna çagyrýar.
Ýigit elindäki pilini bir gapdala dikip, salkyn saýada oturan gojanyň gapdalynda dyzyny epýär. Goja oňa suw uzadýar, ýigit suwdan nebsewürlik bilen teşneligini gandyransoň:
– Bä bu hezilligi diýsene! Ine, kanagatlanma, diýip şuňa aýdaýsaň! – diýip, biygtyýar seslenipdir.
– Dogry aýdýaň, durmuşyň lezzeti hem şunda-da. Eger-de sen erjellik bilen işleseň, durmuşyňdan hem kanagatlanma taparsyň – diýip, goja oglanyň arkasyna kakypdyr.
Kung-funyň üç ussady
Bir wagtlar Hytaýda «kung-fu» boýunça üç ussat ýaşaýan eken. Olaryň her biriniň şan-şöhraty bütin dünýä dolupdyr. Bir gün olar öz sungatyny görkezmek hem-de kimiň ussatlygynyň rüstemdigini ýüze çykarmak maksady bilen özara bäsleşmeli diýen karara gelýärler.
Olar oba adamlaryny ýygnap, ýaryşyň şertini yglan edensoňlar, özlerine tarap bat bilen daş zyňmagy teklip edýärler. Birinjisi özüne tarap ýagdyrylan daşlardan ussatlyk bilen sowulmagy başarypdyr. Atylan daşlaryň biri hem oňa degmändir. Ikinji ussada atylan daşlar orta ýolda galypdyr. Üçünji ussada welin hiç kimiň daş atmaga bogny ysmandyr.
Şem bolsa kem bolmaz
Garrylykda alnan bilim şemiň yşygy ýalydyr.
Bir gün kakasy ogluna ýüzlenip:
– Men ýaş wagtym kelesaňdym we hiç okasym gelmeýärdi. Indem okamak gaty giç, bilşiň ýaly düýn ýetmiş ýaşymy doldurdym – diýipdir.
Ogly:
– Şeýle-de bolsa, şem bolsa kem bolmaz.
Geň galan kakasy oglunyň ýüzüne soragly nazaryny aýlap:
– Men seniň sözleriň manysyna düşünemok. Bu ýerde meň aýdýan zatlarym bilen şemiň näme baglanyşygy bar? – diýipdir.
Şonda ogly şeýle jogap beripdir:
– Biziň çagalykda we ýaşlykda alan bilimimiz säher güneşine meňzeýär. Ol gijäniň garaňkylygyny batyrgaýlyk bilen kowýar, sahylyk bilen şöhle saçýar we hemmeleri durmuşa atarýar. Goýalyşan ýaşda alnan bilim, ýaşýan çagyndaky Güne meňzeýär. Ol şöhle saçmaýar, ýöne ýagtyldýar; ýakmaýar, ýöne ýyly saklap, sowukdan goraýar. Garrylykda alnan bilim bolsa, şemiň yşygy ýalydyr. Onuň ýagtylygy az. Emma şemi öçürseň, garaňkylyk gaplap alýar. Elbetde tüm garaňkylykdan şemiň ýagtylygy has gowudyr.
Akyldaryň jogaby
Akyldar Konfusiniň Gun, Lu we Çžan diýen üç şägirdi bolupdyr. Bir gezek bir ruhany garra ýüzlenip:
– Siz öz şägirdiňiz Gun barada näme aýdyp bilersiňiz? – diýende, goja şeýle jogap beripdir.
– Hatda, alymlar hem Gunuň akyl-paýhasyna haýran galsalar gerek!
– Beýle bolsa, Lunuň näme artykmaçlygy barka? – diýip, ruhany Konfusiniň ýüzüne soragly nazaryny aýlapdyr.
– Onuň batyrlygy meşhur söweşijileriň edermenliginden hem ýokary.
– Siz üçünji şägirdiňize nähili baha berýärsiňiz?
– Çžanyň zähmetsöýerligine hemmeler haýran galýar.
Garrynyň sözlerini eşiden ruhany geň galyp:
– Eger-de Gun gaty akylly bolsa, Lu şeýle batyr bolsa, Çžan gaty zähmetsöýer bolsa, olar senden başga näme öwrenip bilerler-kä? – diýipdir.
– Sen meni diňle. Gun akylly, ýöne ýalta. Lu batyr, ýöne paýhasly däl. Çžan bolsa, zähmetsöýer, ýöne onda göriplik bar. Gun akylyň ýaltalara bagt getirmeýändigine düşünmeýär. Seresapsyz Lu bolsa, gözsüz batyrlygyň ölüme eltýändigini bilmeýär. Çžan hem zähmetsöýerligiň göriplik bilen oňuşmaýandygyna düşünenok. Bularyň hiç birini meniň okuwçylarym bilenok. Olar bu hakykatlara akyl ýetirýänçäler, men olaryň mugallymy bolaryn. Olar bolsa, meniň gulak asýan şägirtlerim bolar – diýip, Konfusiý jogap beripdir.
Ýardam
Alym Çžuanszy gaty garypdy. Bir gün ol ukudan oýananda, öýünde, bir gysym tüwi hem galmandygyna göz ýetirýär. Ol golaýdaky mülkdar goňşusynyň ýanyna baryp, ondan bir lýan (kümüş pul) karz soraýar. Emma puly janyndan eý görýän husyt mülkdar karz bermejek bolup, çöpe-çalama urup ugraýar.
– Bir lýan seniň näçe günüňe ýetsin? Iň gowusy sen bir aýdan gel, şonda men saňa otuz lýan bereýin. Şonda sen hiç zada mätäç bolman, ep-esli wagt günüňi dolap bilersiň. Görýäňmi, men nähili jomart: sen bary-ýogy bir lýan soraýaň, men bolsa otuz lýan berýärin! – diýip, mülkar gözüni güldüripdir.
Şonda Çžuanszy şeýle jogap beripdir:
– Men ýaňy ýolda seniň öýüňe gelýärkäm gurap galan bir ýabyň içinde urnup ýatan bir balygy gördüm. Demigip ölüp barýan ýaňky balyk maňa golaýdaky guýudan iki-üç bedre suw getirip, ýaba guýmagymy haýyş etdi. Menem balyga şeýle diýdim. «Iki-üç bedre suw seň nämäňe ýetjek? Bir hepde garaş, şonda elim boşaşsa guran ýaby suw bilen püre-pür dolduraryn» diýemde balyk: «Häzir meni guýudan çekilen iki-üç bedre suw halas edýär. Bir hepdeden ummanlaryň suwuny getirip üstüme guýsaň hem janymy gaýtaryp bilmese gerek» diýip, jogap berdi.
– Sen näme üçin muny maňa gürrüň berýärsiň – diýip, mülkdar gyzyp ugraýar.
– Ölülere däl-de, dirilere goldaw bermelidigine seniň düşünmegiň üçin – diýip, alym jogap beripdir.
Hytaý dilinden terjime eden
Ogulnabat Täşliýewa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň gündogar dilleri
kafedrasynyň öwreniji mugallymy.