Oks­ford uni­wer­si­te­ti­niň bi­ler­men­le­ri­niň ge­çi­ren bar­la­gy­nyň ne­ti­je­sin­de, aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy bi­len dün­ýä­de 2050-nji ýy­la çen­li 12 tril­li­on dol­lar gir­de­ji ga­za­nyp bol­jak­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bu bar­lag­da al­ter­na­tiw ener­gi­ýa çeş­me­si­ne bir­ba­da geç­me­giň çak edi­li­şi ýa­ly gym­mat däl-de, yk­dy­sa­dy taý­dan amat­ly bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Pro­fes­sor Doýn Far­mer al­nan mag­lu­mat­la­ryň «ýa­şyl» ener­gi­ýa ba­da­-bat ge­çil­me­li­di­gi­ni gör­kez­ýän­di­gi­ni, se­bä­bi mu­nuň girdeji ga­zan­dyr­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär.
Yl­my bar­lag­da soňky 100 ýyldaky mag­lu­mat­lar sel­je­ri­l­di. Bu döw­rüň do­wa­myn­da ga­zy­lyp alyn­ýan ýan­gyç çeş­me­le­ri­niň ba­ha­sy­nyň hüm­met­siz­len­megi we ba­za­ryň ýag­da­ýy göz öňün­de tu­tu­lan­da, o di­ýen üýt­ge­män­di­gi anyk­la­nyp­dyr. Arassa ener­gi­ýa çeş­me­le­ri en­tek tä­ze peý­da bo­lup baş­lan­dy­gy üçin oňa de­giş­li mag­lu­mat­lar köp däl. Em­ma gys­ga wag­tyň do­wa­myn­da teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi ne­ti­je­sin­de Gün we ýel ener­gi­ýa­sy­ny al­ma­gyň özü­ne düş­ýän ba­ha­sy­nyň her ýyl­da or­ta­ça 10 gö­te­rim ar­zan­lan­dy­gy anyk­lan­dy. Bar­lag to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy dok­tor Ru­pert Weý ýa­şyl teh­no­lo­gi­ýa­la­ra nä­çe çalt ma­ýa go­ýum go­ýul­sa, özü­ne düş­ýän ba­ha­sy­nyň hem ar­zan­la­jak­dy­gy­ny aýd­ýar.

Nä­zik HU­DAÝ­BER­DI­ÝE­WA,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.