Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ulgam durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylýar. Sanly ulgam ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilýän täze döwrebap binalaryň häzirki zaman ösen innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy sanly bilim ulgamynyň durmuşa ornaşdyrylýandygyny görkezýär.
Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde jemgyýetiň her bir agzasynyň ukyp-başarnygyny netijeli ugrukdyrmakda sanly ulgama geçilmegi, innowasion senagat önümçiliginiň döwrebap ösüşini gazanmakda, hususan-da, ýaşlaryň intellektual ukybynyň ylym-bilime, döwrebap tehnologiýalaryň özleşdirilmegine gönükdirilmegi wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. Ýaşlaryň häzirki döwrüň talabyna laýyk, umumadamzat we milli ýörelgelerimiziň esasynda kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegi eziz Diýarymyzyň gülläp ösmeginiň röwşen geljegidir.
Ýaşlar hormatly Prezidentimiziň özleri hakyndaky ýadawsyz aladasyny her ädimde duýýarlar. Ýaş raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmaga, olaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşini gazanmaga, ata-babalarymyzyň watansöýüjilik, adamkärçilik, agzybirlik, zähmetsöýerlik ýaly nusgalyk ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekleri üçin şert döretmäge gönükdirilen işler ýaşlarymyzyň kalbyny buýsanja besleýär. Şonuň üçinem olar Watana wepalylygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, döwletimiziň abraý-mertebesini mundan beýläk-de belende götermekde, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekde perzentlik yhlasyny gaýgyrmaýarlar.
Ylym-bilim adamyň dünýägaraýşyny we durmuşyny özgerdýän, oňa täsir edýän hakyky baýlykdyr. Her bir döwletiň we jemgyýetiň durnukly hem-de sazlaşykly ösüşi ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Taryhyň ähli döwürlerinde hem ata-babalarymyz ylym-bilime, alymdyr ulamalara aýratyn sarpa goýupdyrlar. Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan geçmiş taryhyndan şeýle mysallaryň onlarçasyny tapmak bolar. Taryhy maglumatlarda beýan edilýän gadymy Merwiň, Köneürgenjiň baý kitaphanalary, ylmy ojaklary bu topragyň ylym-bilimiň ojagy bolandygyny tassyklaýar.
Ýokary okuw mekdebimizde geçilýän sapaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, talyplar we mugallymlar üçin ýörite bilim portaly döredildi, elektron kitaphananyň işi ýola goýuldy. Şeýle-de, derslere degişli wideo we audio materiallar üpjün edildi, elektron materiallary bilim portaly arkaly ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdeplerine ýaýratmaga mümkinçilik döredildi. Uniwersitetimizde professor-mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen teleköprüler guralýar.
Gurbangül DURDYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis diliniň fonetikasy we eleksikologiýasy kafedrasynyň mugallymy.