Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen, öňdebaryjy ekerançylygyň ýurduna öwrüldi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şu ýyl hem uly üstünliklere beslenip, ýurdumyzyň saçagy bereketli önümlerden dolduryldy. Gallaçylarymyz hem meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, Watan harmanyna guşgursak bugdaýyň bol hasylyny tabşyrdylar. Gök we bakja önümlerini öndürijiler uly üstünlikleri gazandylar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň, önümçiligi ösdürmegiň, gowaçanyň hem-de dänäniň ýokary hilli görnüşleriniň ekilmeginiň, döwrebap agrotehnikalaryň ornaşdyrylmagynyň netijesinde mümkin boldy.
Bu ulgamda özgertmeleriň häsiýetli aýratynlygy düýbünden täze ykdysady usulda amala aşyrylýandygyndan ybaratdyr. Şunda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, telekeçilik başlangyçlary, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmek höweslendirilýär. Daýhan birleşikleriniň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý, gowaça we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin oba hojalyk maksatly ýer gaznalary döredildi. Şol gaznalar bu ekinlerden, gök hem-de bakja ekinlerinden bol hasyl almak, ýeralma, üzüm, miwe öndürmek üçin niýetlenendir.
Hojalyk işi bilen baglanyşykly meseleleri özbaşdak çözmek hukugyna eýe bolan kärendeçiler, daýhanlar, daýhan birleşikleri, hususyýetçiler, oba hojalyk önümlerini öndürmek, taýýarlamak we gaýtadan işlemek, saklamak, daşamak, ýerlemek bilen meşgullanýan telekeçiler içerki bazarlarda azyk bolçulygyny döretmäge saldamly goşant goşup, ondan artygyny daşary ýurtlara eksport edýärler.
Hormatly Prezidentimiziň oba zähmetkeşleri barada edýän aladasynyň netijesinde ekinleri suw hem-de obasenagat toplumyny täze tehnikalar bilen üpjün etmek işine ägirt uly maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Şu maksat bilen dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Şunuň bilen birlikde, tiz ýetişýändigi hem-de ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýan gowaçanyň täze görnüşlerini döretmäge uly üns berilýär. Oba hojalygyny sanly ulgama geçirmek, takyk ekerançylyk ulgamyny, öňdebaryjy agrotehniki tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de daýhan birleşikleriniň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, kärende gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, anyk çäreler görülýär.
Ýurdumyz ekerançylygyň bu möhüm önümini öndürmek babatda taryhy däpleri saklamak hem-de baýlaşdyrmak bilen, dünýäde ýokary hilli pagtany esasy öndürijileriň biri bolup durýar. Pagta okgunly ösýän dokma senagatynyň döwrebap kärhanalarynyň onlarçasy üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Türkmen nah ýüplükleri hem-de matalary, trikotaž we jins matalary, dizaýnerçilik, tehnologik çözgütler esasynda taýýarlanylan taýýar önümler dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanylýar.
Pagta süýüminden ýüplükler, matalar we egin-eşikler taýýarlanylýar. Ondan lukmançylyk pamygy, kosmetiki serişdeler, dokalmaýan mata hem-de tehniki maksatly önümler öndürilýär. Pagta birnäçe azyk önümleri üçin hem çig mal bolup hyzmat edýär. Şolaryň hatarynda pagta ýagy aýratyn ähmiýete eýedir. Gowaça gülüniň baly bolsa melhemlik häsiýete eýedir.
Aba ÇARYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.