1-nji ýan­war­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şi­niň baş­lyk­ly­gy Çe­hi­ýa­dan Şwe­si­ýa geç­di. “Şwe­si­ýa 2023-nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şi­ne ýol­baş­çy­lyk eder we Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň beý­le­ki gu­ra­ma­la­ry bi­len gep­le­şik­ler­de 27 ag­za döw­le­tiň hem­me­si­ne we­kil­çi­lik eder” diý­lip, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­ýär.
Brýus­sel­de we Lýuk­sem­burg­da Şwe­si­ýa­nyň baş­lyk­ly­gy döw­rün­de 2000-e go­laý ýyg­nak, şeý­le hem Şwe­si­ýa­nyň dür­li ýer­le­rin­de 150 tö­we­re­gi res­mi däl ýyg­nak ge­çi­ri­ler. Şwe­si­ýa Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ýol­baş­çy­lyk eden döw­rün­de howp­suz­lyk, ýa­şyl ge­çiş, bäs­deş­lik uky­by we ka­nu­nyň hök­mü­ro­wan­ly­gy ýa­ly esa­sy dört ug­ry ile­ri tu­tar. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şi­niň baş­lyk­ly­gy her al­ty aý­dan üýt­ge­ýär. Şwe­si­ýa­dan soň bu we­zi­pä­ni Is­pa­ni­ýa ýe­ri­ne ýe­ti­rer.
Pa­ty­şa­lyk üçün­ji ge­zek Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne baş­lyk­lyk ed­ýär. On­dan öň Şwe­si­ýa 2001-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan 30-njy iýu­ny­na çen­li we 2009-njy ýy­lyň 1-nji iýu­lyn­dan 31-nji de­kab­ry­na çen­li Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şi­ne baş­lyk­lyk et­di. Şwe­si­ýa­nyň Prem­ýer mi­nist­ri Ulf Kris­ters­so­nyň pi­ki­ri­çe, baş­lyk­lyk ed­ýän ýurt hök­mün­de Şwe­si­ýa­nyň esa­sy we­zi­pe­si “Ýew­ro­pa­nyň howp­suz­ly­gy­na go­şant goş­mak­dan yba­rat­dyr. Şeý­le hem Şwe­si­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri bu dö­wür­de öz ýur­du­nyň ga­zy­lyp alyn­ýan ener­gi­ýa se­riş­de­le­rin­den ýüz öwür­mek mak­sa­dy bi­len Ýew­ro­pa­nyň gid­roe­lekt­rik, ýel, Gün we wo­do­rod önüm­çi­li­gi­niň art­dy­ryl­ma­gy­na gol­daw ber­mek is­le­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Mun­dan baş­ga-da, Şwe­si­ýa­nyň hö­kü­me­ti yl­my-bar­lag we tas­la­ma­lar üçin ma­ýa go­ýum­la­ry­ny art­dyr­mak ze­rur di­ýip ha­sap­la­ýar.