Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmak baradaky öňdengörüjilikli syýasatyndan ugur alnyp, häzirki wagtda ýurdumyzda gurluşyk we senagat toplumlary tarapyndan döwrebap tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen senagat kärhanalaryny gurmak, ozalky bar bolanlarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan «Bäherden», «Balkan», «Lebap» sement zawodlary, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy, Gazbeton öndürýän zawod, «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy we durky täzelenip, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, gurluşyk-gurnama önümlerini öndürýän kärhanalar, kuwwatly owradyjy-saýlaýjy enjamlar toplumlary bilen üpjün edilen kän müdirliklerdir hojalyklar, esasy tehnologik enjamlarynda hem-de ulgamlarynda dikeldiş, düýpli abatlaýyş işleri geçirilen Ýaşlyk keramzit zawody we başgalar senagat pudagynyň kuwwatyny has-da artdyrmaga amatly şertleri döredýär.
Gurluşyk materiallary pudagynda öndürilýän dürli görnüşli önümleriň, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberi mundan beýläk-de artdyrylar we pudagyň eksport mümkinçilikleri ýokarlandyrylar. Häzirki wagtda «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň 2019–2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek üçin ministrlik tarapyndan ähli zerur işler amala aşyrylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, geljek ýedi ýylda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlaryny özleşdirip, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrmak göz öňünde tutulýar. Bu döwürde adam başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdanyny 102,2 göterim artdyrmak, mekdebe çenli ýaşly çagalar baglarynyň 40-syny, orta mekdepleriň 54-sini, täze 4 sany ýokary hünär bilim edarasyny, 10 sany döwrebap hassahanany, 7 sany medeniýet öýüni, 500-den gowrak täze önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalary gurmak meýilleşdirilýär.
Şeýlelikde, häzirki döwürde gurluşyk pudagynda we senagatynda amala aşyrylýan özgertmeler has-da çuňlaşdyrylýar, pudagyň senagat-önümçilik kuwwatlyklary artdyrylýar, gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmak üçin hususy eýeçiligiň gerimi düýpli giňeldilýär.
Türkmen telekeçileri il-ýurt bähbitli binalary gurmakda baý iş tejribesini topladylar. Hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri tarapyndan ýurdumyzyň çar künjeginde medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalar gurulýar. Bina gurmak özboluşly sungatdyr. Gurluşyk işleriniň inçe tilsimlerini bilýän telekeçiler şeýle sungatyň ussatlarydyr. Gurulýan binalarda döwrebap we milli äheňlere laýyk gelýän usullar, bezegler giňden ulanylýar. Türkmen telekeçilerine täze-täze gurluşyklar ynanylýar. Olardan, hususan-da, ýokary tizlikli Aşgabat–Türkmenabat awtobanynyň, Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň binalarynyň, Aşgabat şäherindäki Gurtly ýaşaýyş toplumyndaky binalaryň gurluşyklaryny mysal getirmek bolar.
Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde binalaryň we desgalaryň 330-syny gurmak meýilleşdirilýär. Ol desgalaryň tutuş gurluşygynyň türkmen işewürlerine ynanylmagy aýratyn bellärliklidir.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan soňky ýyllarda binalardyr desgalaryň jemi ýüzden gowragy ulanylmaga berildi. Şol sanda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesi ýaşaýjylar üçin gapylaryny giňden açdy. Uly ösüşlere we özgerişlere baý bolan geçen ýylda hem ýurdumyzda durmuş ähmiýetli desgalar yzygiderli ulanmaga berildi. Türkmen işewürleri tarapyndan bina edilýän ymaratlar şäherlerimizdir oba-kentlerimize özboluşly gözellik berýär. Telekeçilerimiz geçen ýyl dürli maksatly binalaryň birnäçesini ulanmaga berdiler. Täze ýylyň bosagasynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen gözel Aşgabadymyzyň günbatar künjeginde täze ýaşaýyş jaý toplumy ulanmaga berildi. Toplumda 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 62-si guruldy, olar 3064 maşgala üçin niýetlenendir. Şol jaýlaryň türkmen işewürleri tarapyndan bina edilendigi bellenmäge mynasypdyr.
Maksat ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.