Türkmenistan ýangyç-energetika toplumyny giňden ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna çalt depginler bilen goşulyşmagyna gönükdirilen energetika syýasatyny yzygiderli we ynamly amala aşyrmagyny dowam edýär.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi we onuň mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin nebitgaz senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugrudyr. Türkmenistan ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli düzümi döretmegiň hasabyna energetika ulgamynda uzak möhletli durnuklylygy gazanmak, sarp edijileriň ykdysady taýdan amatly, ekologiýa taýdan arassa energiýa serişdelerine giň elýeterliligini üpjün etmek üçin Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryny ýakynlaşdyrmak pikirini yzygiderli öňe sürýär.
Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, dürli önümçilikleri we zawodlary gurmak göz öňünde tutulýar. Bularyň ählisi ykdysadyýetiň innowasion ugruny berkitmäge, eksport ulgamynda ýokary goşmaça bahaly önümleriň paýyny artdyrmaga mümkinçilik berer.
Şeýle hem ýurdumyz harytlyk gazy saklamak üçin hem täzeçil taslamalaryň üstünde işleýär. Bu ugurda ilkinji gezek ýurdumyzda ýerasty desgalary gurmak göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda şeýle taslamany ilkinji gezek durmuşa geçirmegiň meýilleşdirilýändigini nazara alyp, bu işi halkara tejribä laýyklykda ýola goýmak we alyp barmak, onuň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak, taslamalaşdyrmak, enjamlaşdyrmak hem-de gurmak babatda halkara maslahatçy kompaniýalary işe çekmek meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan tebigy gazy Hytaýa, Russiýa eksport edýär, şeýle hem Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana swop gaz ibermelerini ýerine ýetirýär. Mundan başga-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň tebigy eksportunyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin ýerasty desgalar uly ähmiýete eýedir. Tebigy gazy saklamak üçin ýerasty desgalar iri gaz geçirijileriniň ýa-da iri gaz sarp ediş merkezleriniň golaýynda gurulýar. Onuň maksady gaz sarp ediş mümkinçiliklerini gysga wagtda ýerine ýetirmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu desgalar tebigy gazyň strategik goruny üpjün etmäge hem mümkinçilik berýär. Tutuş dünýäde 340 milliard kubmetr tebigy gazy saklamaga mümkinçilik berýän 600-den gowrak ýerasty desgalar bar. Gaz ammary gazy saklamak üçin ulanylýan geologiki gurluş ýa-da emeli gaz desgasydyr. Saklamagyň işi iki esasy parametr – göwrüm we kuwwatlyk bilen häsiýetlendirilýär. Umuman, ýurdumyzda hem şeýle desgalaryň gurulmagy daşary ýurt bazarlaryndaky sarp edijiler üçin tebigy gazy durnukly ibermäge giň şertleri döredýär.
Mundan başga-da, nebitgaz toplumynyň önümçilikleriniň kuwwatlylygy hem yzygiderli pugtalandyrylýar. Dürli nebit önümleriniň önümçiligine uly ähmiýet berilýär. Şeýle önümçilikleriň biri hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumydyr. Bu toplumda B-92 kysymly awiabenzin öndürilip başlandy. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem-de Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan bilelikde önümiň bu görnüşini öndürmek boýunça tehniki şertler işlenip taýýarlanyldy we degişli işler ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda TNGIZT-de awiasiýa üçin dürli görnüşli ýangyçlar öndürilýär, şol sanda – reaktiw hereketlendirijiler üçin ТС-1 ýangyjy, «An-2» uçarlary üçin awiabenzin we Jet A-1 awiasion ýangyjy öndürilýär. Zawodda şeýle hem awtobenzinleriň dürli görnüşleri, kerosin, dizel ýangyjy, gämi ýangyjy, suwuklandyrylan gaz, nebit bitumy, nebit koksy, çalgy ýaglary öndürilýär.
Çaryýar KERIMOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.