Britaniýanyň Antarktikadaky ylmy barlag merkezi (BAS),) ak materikden äpet buz böleginiň gopandygyny mälim etdi. Buz böleginiň galyňlygy 150 metre ýetip, 1 müň 550 inedördül kilometrdigi mälim edildi. Aýsbergiň ululygynyň London şäheriniň meýdany ýalydygy aýdyldy. Beýanatda aýsbergiň Brant buzlugyndan bölünendigi aýdylyp, munuň sebitde soňky iki ýyldaky ikinji uly buz döwülmesidigi bellenildi.
Şeýle-de bolsa, ylmy barlag merkezi bu aýsbergiň emele gelmegine garaşylýandygyny, munuň howanyň maýlamagy bilen baglanyşykly däldigini belledi. Ylmy merkeziň direktory, professor Deým Jeýn Fransis bilermenleriň bu ýagdaýy öňünden çaklandyklaryny aýdyp, buz galyňlygynyň bekediň töweregindäki ýokary durulykdaky GPS enjamlary arkaly awtomat usulda her gün birnäçe gezek ölçenendigini belledi. Professoryň sözlerine görä, bu ýerden alnan maglumatlar buzuň şekilini nähili üýtgedýändigini anyklamaga ýardam edýändigini we olaryň Ýewropa Kosmos Agentliginiň (ESA), ABŞ-nyň Aerokosmos edarasynyň (NASA) we Germaniýanyň “TerraSAR-X” emeli hemrasy arkaly alnan suratlar bilen deňeşdirilýär. Ähli maglumatlar seljerilmek üçin Kembrije iberilýär. Şeýlelikde, ol ýerde nämeleriň bolup geçýändigini bilip bolýar.