Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda günsaýyn beýik ösüşlere ýetýär hem-de täze sepgitlere tarap batly gadamlar bilen barýar. Häzirki wagtda türkmen halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýar. Bu ýylyň bolsa «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de durnukly we hemmetaraplaýyn ösdürmekde hem-de onuň dünýä giňişliginde eýeleýän öňdebaryjy ornuny pugtalandyrmakda döwletimiziň hem, halkymyzyň hem ýaşlara bil baglaýandygynyň şaýadydyr.
Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty olaryň sagdyn ösmegi hem-de kemala gelmegi üçin has oňaýly şertleri döretmäge, jemgyýetiň we döwletiň bähbidine ýaşlaryň aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga gönükdirilendir.
Kitap hakyky hazyna we bilimiň açary hasaplanýar. Kitap adamy terbiýeleýän, durmuşyň kynçylyklaryna taýýarlaýan, öwüt-nesihat berip, dogry ýol görkezýän we adamda iň gowy häsiýetleri kemala getirýän dostdur. Kitap okamak adamyň döredijilikli pikirlenmeginiň ösmegine, ünsüň güýçlenmegine, maglumat gorunyň baýlaşmagyna, dartgynlylygyň aýrylmagyna sebäp bolýar. Kitapdan öwrenjek tükeniksiz maglumatlarymyz bilen, hatda ýetip bilmejek menzillerimize ýetip bileris. Kitap okamak diňe bir söz baýlygymyza kömek etmän, eýsem, ýazuw düzgünlerine laýyklykda sözleri dogry ýazmaga we daşary ýurt dilini öwrenenimizde sözleri ýatda saklamaga hem kömek edýär.
Her bir kitap özünde aýratyn bir many saklaýar we her gezek täze zatlary öwredýär. Adam näçe köp kitap okasa, onuň düşünjesi, dünýägaraýşy şonça-da giň bolýar we onda dürli soraglar, täze pikirler döräp başlaýar. Köp okan adam diňe ylmy durmuşda üstünlik gazanman, eýsem, şahsy durmuşda hem üstünliklere eýe bolýar we çylşyrymly ýagdaýlardan ugurtapyjylyk bilen çykmagy başarýar. Okaýan adam haýsy ugurda üstünlige ýetip biljekdigini, haýsy ugruň onuň häsiýetine kybap geljekdigini ýüze çykaryp biler. Adamyň kitapdan okan zatlary belli bir derejede onuň häsiýetine siňýär. Tutuş dünýäni gezmäge mümkinçilik tapman bileris, emma kitap okamak arkaly bütin dünýäni gezen ýaly bolup bileris.
Belli şahsyýetler kitap okamagyň egsilmez hazynadygyny belläp geçipdirler. Okamak göwnüçökgünligi aradan aýyrýar. Kitap okaýan adamyň söz baýlygy giň bolýar, akyly ösýär, zehini joşýar, pikiri durlanýar. Okan adam bilime baý bolup, ýatkeşligi, düşünjesi giňeýär. Kitaby köp okasaň, ylym almagyň we durmuşa düşünmegiň ýollaryny tapyp bolýar. Sözüň manysyna çuňňur düşünmäge, öwrenilen zatlary pugta ýatda saklamaga, aýdylýan zadyň maksadyny aňmaga we pynhan hikmetleriň syryny bilmäge kömek edýär. Şonuň üçin okamak uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Häzirki türkmen jemgyýetinde, ýaş nesilleriň ruhy taýdan terbiýelenmeginde we döwrebap dünýägaraýyşlaryň kemala gelmeginde kitap möhüm orny eýeleýär. Raýatlarymyzy bagtyýarlyk ruhunda terbiýelemekde, sadalyk, päklik, mähribanlyk, hoşniýetlilik, watançylyk duýgularyny oýarmakda kitaphanalaryň mümkinçilikleri çäksizdir» diýip belleýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda: «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora», «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer», «Kitap – geçeni, geljegi öwredýän dana» ýaly gymmatly jümleler getirilýär. Munuň özi halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri kitaba goýýan uly hormat-sarpasynyň aýdyň beýanydyr.
Çuňňur many-mazmunly kitaplaryň durmuşymyza, bagtly geljegimize ýetirýän täsiriniň örän uludygy bolsa her bir türkmen ýaşlaryny kitap okamaga ruhlandyrýar.
Parça Gylyçdurdyýewa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.