Milli medeni mirasy aýawly saklamaga we öwrenmäge, türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine goşandyny wagyz etmäge aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň ähmiýetini hemişe nygtaýar.
Ylym-bilim, medeniýet we taryhy-binagärlik ýadygärliklerini aýawly saklamak ulgamlary hem-de ekologiýa ugry boýunça köpýyllyk gatnaşyklar Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň innowasion ösüş, sanlylaşdyrmak, öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryndan peýdalanmak ýoluna düşmegi bilen baglylykda, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek we ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikler açylýar.
Bu abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlygyň çäginde türkmen hünärmenleri tarapyndan daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikde, ýurdumyzdaky ýadygärlikleriň arasyndan käbir täsin desgalar saýlanyp alyndy. Soňra şol desgalar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi. Olaryň hatarynda umumadamzat gymmatlygynyň üç sany täsin taryhy-arheologik ýadygärligi – Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaýyň Parfiýa galalary bar.
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna «Görogly» dessançylyk sungaty (2015-nji ýyl), «Küştdepdi» türkmen milli aýdym we tans sungaty (2017-nji ýyl), türkmen milli halyçylyk sungaty (2019-njy ýyl) girizildi.
2020-nji ýylda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň döredilmegi BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça düzümi bilen özara gatnaşyklarda möhüm ädim boldy.
Mundan başga-da, BMG-niň bu abraýly düzümi bilen medeniýet, bilim, ylym, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlarynda we beýleki ugurlarda köp sanly taslamalar amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedralaryny döretmek, geljekde bolsa ýurdumyzyň şäherleriniň orta mekdeplerini ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň halkara ulgamyna goşmak maksat edinildi.
Şunuň bilen baglylykda, golaýda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekmek dabarasy boldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralaryny döretmek bilen bagly meseleler ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparyň 2022-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda hem-de 23-nji aprelinde, şeýle hem 2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda geçirilen mejlislerinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
ÝUNESKO kafedralarynyň döredilmegi ýaşlary ählumumy we milli gymmatlyklar esasynda terbiýelemäge, olaryň ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri baradaky bilimlerini artdyrmaga, ekologiýa medeniýetini ösdürmäge ýardam berer. Bu kafedralar adaty kafedralar däl-de, eýsem, giň möçberli halkara okuw-barlag merkezleri bolar.
Şeýle hem bu okuw bölümleri ýokary bilimi hem-de ylmy ösdürmäge degişli meseleleriň tutuş toplumy boýunça tejribe, maglumat alyşmakda uly orny eýelär.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň döredilmegi Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy baýram edilýän şu ýylda aýratyn ähmiýete eýedir. 117 döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň şuňa meňzeş kafedralaryny birleşdirýän ÝUNESKO UNITWIN kafedralarynyň tory, olara ylym we bilim pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge we halkara möçberinde milli tejribesini paýlaşmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edildi. Bu gurama tutuş adamzat tarapyndan goralyp, geljekki nesillere ýetirmäge degişli hasaplanýan maddy we maddy däl medeni gymmatlyklary gorap saklamakda, dikeltmekde we wagyz etmekde bütindünýä ähmiýetli işleri alyp barýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň esasy maksady oňa goşulan täsin maddy ýa-da maddy däl medeni mirasymyzy, tebigy ýadygärligi goramakdan, çuňňur öwrenmekden we dünýä ýaýmakdan ybaratdyr.
Guwanç MUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.