Akyldar şahyrymyz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy türk­men hal­ky­nyň gu­wan­jy hem buý­san­jy ha­sap­lan­ýar. Şa­hy­ryň bi­ze mi­ras go­ýan dür­dä­ne se­tir­le­ri, paý­has­ly jüm­le­le­ri, şy­gyr­la­ry her bir türk­me­niň kal­byn­da ýa­şap gel­ýär. Şa­hy­ryň köp ta­rap­ly dö­re­di­ji­li­gin­de hal­kyň ru­hy me­de­ni­ýe­ti, mil­li däp-des­sur­la­ry, ýa­şa­ýyş dur­mu­şy giň­den şöh­le­len­di­ril­ýär. Akyl­dar şa­hyr ge­lin-gyz­la­ra örän uly hor­mat go­ýup, ola­ry ýa­şaý­şyň be­ze­gi, maş­ga­la­nyň gör­ki ha­sap­lap­dyr. Şa­hy­ryň şy­gyr­la­rynda gyz-ge­lin­le­riň gö­zel­li­gi­, edep-ek­ra­my­, ola­ryň el hü­nä­ri­ wasp edilýär. Şa­hyr gyz-ge­linlerimiz bi­len bag­la­ny­şyk­ly en­çe­me şy­gyr­la­ry dö­re­dip­dir. Olar­dan «Du­ra­syň ge­ler», «Ýa­ryň ýag­şy­syn», «Gü­le meň­zär», «Gö­zel sen» ýa­ly bir­nä­çe şy­gyr­la­ry­ my­sal ge­tir­mek bo­lar.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy öz dö­re­di­ji­li­gin­de Meň­li­niň keş­bin­de türk­men gy­zy­na mah­sus bo­lan utan­jaň­lyk, ha­ýa­ly­lyk-edep­li­lik bi­len bag­la­ny­şyk­ly goş­gy se­tir­le­ri­ni ge­tir­ýär. «Meň­li ha­nym go­lun diş­läp, biz­den ki uýat eý­le­ýir» di­ýip, gyz ede­bi­ni wasp ed­ýär. Ir­ki dö­wür­de türk­men däp­le­ri­ne gö­rä, uly gyz­lar er­kek ki­şi­ni gö­ren­de go­lu­ny (köý­nek­le­ri­niň ýe­ňi­ni) diş­läp, ýü­zü­ni so­wa tu­tup sa­lam­la­şyp ge­çip­dir­ler. Şa­hyr bu se­tir­le­rin­de edep-ek­ram­ly­ly­gy ta­ryp­lan bol­sa, «Hö­küm­li» goş­gu­syn­da:
Hu­maý otu­ryş­ly, la­çyn tu­ruş­ly,
Ke­bi­ter to­puk­ly, ma­ral ýö­riş­li,
Tä­ze hi­lal gaş­ly, mer­we­rit diş­li
Ta­wus guş zy­nat­ly, Da­wut to­wuş­ly,
Ter­be­za şi­we­li, kä­ki­lik du­ruş­ly,
Tu­gun guş ti­mar­ly, tar­laň ba­kym­ly.
di­ýip ýaz­mak bi­len, türk­men ge­lin-gyz­la­ry­nyň otu­ryp-tur­şy­ny ma­ra­la, la­çy­na, gaş­la­ry­ny hi­la­la, hün­ji dü­zü­len diş­le­ri­ni «mer­we­ri­te» (gym­mat ba­ha­ly daş) de­ňe­mek bi­len, ola­ryň deň­siz-taý­syz gö­zel­li­gi­ni dur­mu­şyň be­ze­gi ha­sap­la­ýar.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy di­ňe bir dür­dä­ne şy­gyr­la­ry dö­ret­mek bi­len çäk­len­män, zergär­çi­lik bi­len hem meş­gul­la­nyp­dyr, gyz-ge­lin­le­riň gör­kü­ne görk goş­ýan öz­bo­luş­ly, ne­pis bezeg şaýlaryny ýa­sap­dyr, kö­ňül na­gyş­la­ry­ny ýa­san şaý-sep­le­ri­ne siň­dir­me­gi ba­şa­ryp­dyr. Şahyr was­py­ny ýe­tir­ýän türk­men gö­zel­le­ri­ne ba­gyş­lap gup­ba, gül­ýa­ka, bi­le­zik, bu­kaw, çap­raz-çaň­ňa­, gön­jük, tu­mar, kö­ken­li ýü­zük­ ýa­sap­dyr.
Ýüw­rük ýet­mez uza­gy­na
Düş­düm pe­lek du­za­gy­na
Meň­li gy­zyň ýü­zü­gi­ne
Gaş­lar goý­sam kü­müş bi­le.
Bu goş­gy se­tir­le­rin­den gör­şü­miz ýa­ly şa­hy­ryň gö­wün be­ren ýe­ke-täk gy­zy Meň­lä ni­ýet­läp ha­ky­kat­dan hem ýü­zük ýa­san­ly­gy­ny has aý­dyň gör­mek bol­ýar.
Akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň gym­mat ba­ha­ly daş­la­ra dür­li şe­kil­ler bi­len be­zeg be­rip, na­gyş­lap sun­gat eser­le­ri­niň en­çe­me­si­ni dö­re­den­di­gi hem ikuç­suz­dyr. Be­zeg daş­lar te­bi­gy öwüş­gi­ni, ýa­ram­ly­ly­gy, gel­şi­gi bi­len bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­la­nyp, zer­gä­riň elin­de ta­raş­la­nyp, al­tyn­da kü­müş­de orun tu­tan­soň dür­li şaý-sep­ler ge­lin-gyz­la­ryň te­bi­gy gö­zel­li­gi­ne gö­zel­lik go­şup­dyr.
Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­di­ji­li­gin­de gym­mat ba­ha­ly me­tal­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly dü­şün­je­le­re «Ýör bi­lä­ni», «Bo­lar­my», «Zer ol­maz», «Nä­bil­sin», «Gö­züm düş­di», «Ýa­ryň ýag­şy­syn», «Nä­me sen» ýa­ly şy­gyr­la­ryn­da ga­bat gel­mek bol­ýar.
Ýa ýa­kut­myň, ýa mer­jen­miň dür­mi sen.
Ýa çy­rag­myň, ýa röw­şen­miň, nä­me sen?!
Mag­tym­gu­ly­nyň ze­nan gö­zel­li­gi, yşk-söý­gi me­se­le­si­ni goz­ga­ýan şy­gyr­la­ry özü­niň aja­ýyp­ly­gy we ýü­rek­deş­li­gi bi­len bü­tin ne­sil­le­riň hem­ra­sy bo­lup gel­di. Halk ol goş­gu­la­ry sa­za sa­lyp, aý­dym edip gel­di. Ol şy­gyr­lar we aý­dym­lar şu gün­ler hem bi­ziň di­li­mi­ziň se­na­sy.
Özü­niň köp ugur­ly mil­li mi­ra­sy­na diý­seň aýaw­ly çe­me­leş­ýän, ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­na hor­mat-sar­pa goý­ýan, ta­ry­hyň çuň­luk­la­ryn­dan gaýd­ýan iň­ňän öz­bo­luş­ly çe­per hem önüm­çi­lik me­de­ni­ýe­ti­ni ös­dür­mek we kä­mil­leş­dir­mek bi­len, ony hä­zir­ki ne­sil­le­re ýe­ti­ren türk­men hal­ky­myz onuň do­wam­ly­ly­gy ha­kyn­da hem ala­da ba­ry­ny ed­ýär.

Enegül BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.