Halkymyzyň baý geçmiş taryhynyň bolşy ýaly, onuň milli gymmatlyklary hem öz gözbaşyny örän gadymdan alyp gaýdýar. Medeni mirasyň ojagy bolan muzeýler täsinlikler we täsin duýgularyň mekany bolmak bilen, türkmen halkyna mahsus geçmişiň, ruhy, maddy gymmatlyklaryň hem aýdyň şaýadydyr.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýindäki Türkmenistanyň Etnografiýasy bölüminiň hemişelik sergisinde, gaznalarynda türkmeniň awçylyk kesbine degişli aw esbaplary saklanylýar. Muzeý ekspozisiýasynda awçynyň awa çykan pursatlaryny suratlandyrýan diorama döredildi, olaryň ulanan aw esbaplary perde (guşlaryň ünsüni çekmek maksady bilen ulanylan), gönden tikilen däri we seçme gaplary, ýagdan, suw gaplary (mytara), däri ölçegler, seçme galyplary ýerleşdirildi. Awçy mergenleriň wagşy haýwanlary awlamak üçin ulanan pelteli, çakmakly, aýakly hyrly tüpeňleri we demir gapanlar hem görkezilýär.
Adamzadyň ilkinji kärleriniň biri awçylyk müňýyllyklardan bäri dowam edip gelipdir. Irki döwürde ýaşaýyş üçin esasy eklenç çeşmesi bolan awçylyk kesbi wagtyň geçmegi bilen türkmenleriň hojalygynda goşmaça pudak bolup hyzmat edip, olaryň durmuşynda uly orny eýeläpdir. Türkmenleriň durmuş ýörelgeleri, tebigaty goramak tagallalary, ýokary adamkärçilik häsiýetleri awçylykda asylly däp-dessurlaryň döremegine getiripdir.
Halkymyzyň ruhy dünýäsinde awçylyk bilen bagly birnäçe gyzykly däp-dessurlar, täsin mazmunly gadymy ynançlar ýöredilip gelinýär. Irki wagtlarda awçylaryň arzyly däpleriniň iň esasylarynyň biri «awçy patasyny» almak bolupdyr. Adatça, ak patany aljak ýaş awçy, azyndan üç gezek, halypasy bilen awa giden bolmaly. Awçylyga pata bermekde awçynyň ýaş aýratynlygy, başarjaňlygy göz öňünde tutulypdyr. On bäş ýaşdan kiçi bolan awça pata berilmändir. Pata alnanda, adata görä, şowhun-dabara guralyp, bu şanly waka beýleki halypa awçylar hem şaýat bolupdyrlar. Bu toý dessurynda halypasy ýaş awça aw ýaragyny ýa-da beýleki aw serişdesini ýadygärlik hökmünde beripdir. Ýaş awça «Awuň oňsun!», «Awlamyş ata, Seýit ata, Pälwan Ahmet goldasyn!» diýen ýaly arzuw-niýetler edilipdir. Pata almadyk awçynyň awunda betbagtlyk ýüze çykarmyş diýen ynanja görä, ýaşlara halypanyň ak patasyny alansoň aw etmek maslahat berlipdir.
Türkmenlerde gonamçylyklaryň, şehitlikleriň golaýynda, sesýetiminde aw awlamak halanmandyr. Adatça, awda süriniň serdary, öňbaşçysy atylmandyr, ol atylsa süri aljyrap ugruny ýitiripdir. Awçylykda suwa ok atmak günä hasaplanypdyr. Agaja ýakyndan durup ok çenelmändir.
Möjek, bars, syrtlan ýaly haýwanlar hemişe mal sürülerine howp salypdyr. Awçylar şol haýwanlary zyýan ýetirýän ýyrtyjydygy sebäpli awlapdyrlar. Soňra awçylar derini gurply maldarlara sylag-hormat hökmünde eltip beripdirler. Bu däbe «deri çekmek» diýlipdir. Gurply kişiler bir möjek derisine bir goýun beripdirler.
Türkmenleriň arasynda awçylyk babatda çäklendirmeler, ýörelgeler we dürli düşünjeler ýüze çykypdyr. Olarda awuň awlanyş pursatlarynyň aýratynlygy we mukdary göz öňünde tutulypdyr. Pygamber awunda her gezek awa gidilende jemi awlanan haýwanlaryň sany ýedi başdan geçmändir. Olary awçynyň özüniň göterip bilmegi-de zerur bolupdyr.
Armansyz awda awlanan haýwana awçynyň özüni görkezip atmagy hökman bolupdyr. Ýagny haýwan awçyny görse, şol aw armansyz hasaplanýar. Awçynyň awlan haýwanynyň sany müňden geçende, onuň awy ompa oturarmyş. Şu ýagdaý ýüze çykanyndan soň, awçynyň şol ýerde ýaragyny taşlap gaýtmagy halanypdyr. Türkmenlerde «awuň ompa oturanynda», ýedi ýyl aw etmeli däl diýen ynanç bolupdyr.
Türkmen awçylarynyň arasynda «tüpeň müňledi» diýlen ynanç hem bolupdyr. Awçy bir aw tüpeňi bilen müň aw awlansoň, «tüpeň müňleýärmiş», «tüpeň müňlände» ok atmaýar ýa-da bir enaýy ses çykaryp, näsazlygyny bildirýär. Şondan soň awçy tüpeňini taşlap, ýedi ýyl aw etmändir. Ýedi ýyldan soň, täze ýarag alyp, awa başlasaň, ýene pata almak zerur bolupdyr. Bu däbe awçylykda «pataňy täzelemek» diýlipdir.
Bularyň ählisi tebigatda bihasap baýlygyň ýokdugyny aňladyp, adamlarda rehimlilik, kanagatlylyk duýgularyny oýarýan ýörelgelerdir. Awçylarda awy alyp barmagyň öz düzgüni bar eken. Şol düzgüne görä, awçy keýik sürüsine duş gelende, birbada birnäçe haýwany awlamaga haky bolmandyr. Şu däpden jandarlary ynsaplylyk bilen awlamaga çäklendirme girizilendigi görünýär. Ýaralanan haýwan gaçyp gutulsa, awuň isrip bolmazlygy üçin, ony hökman yzarlap tutupdyrlar.
Türkmenleriň awçylyk däp-dessurlary olaryň gadymy ýaşaýyş ynançlary we ýörelgeleri bilen utgaşypdyr. Olardan sagdyn durmuş endiklerine eýermek zähmetsöýerlik, başarjaňlyk, seresaplylyk, tebigata söýgi ýaly asylly häsiýetler gelip çykýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary ahlakly, sagdyn, watansöýüji, ruhubelent ýaşlary terbiýelemekde pederlerimiziň awçylyk däp-dessurlary mynasyp orny eýeleýär.
Halkymyzyň milli mirasyny dünýä ýaýmakda ýurdumyzyň muzeýleriniň orny örän uludyr. Sebäbi bu ýerde geçmiş taryhymyzy, şu günki we geljekki ösüşlerimizi wagyz edýän gymmatly hazynalar saklanyp, ylmy taýdan öwrenilýär.
Akbike JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň esasy
hünärmeni.