Ýer ýüzündäki käbir sebitiň tebigy şertleri göz öňünde tutulyp hem-de syýahatçylyk pudagyndaky ösen talaplary kanagatlandyrmak maksady bilen «ýüzýän» bazarlar döredildi. Esasan hem, Aziýa ýurtlarynda ýaýbaňlandyrylan bu bazarlar gämi gatnawly derýalarda amala aşyrylýar. Her satyjynyň özüniň gaýygy bolup, ony dürli azyk önümleri ýa-da senetçilik gurallary bilen doldurýar. Şeýlelikde, gaýykly satyjylar suwuň akymynyň pes ýerinde toplanýarlar. Derýanyň suwunyň akymyna we joşgunyna görä ýerleşýän ýeri gündelik üýtgäp durýandygy sebäpli bu bazarlara «ýüzýän» bazar diýilýär. Häzirki wagtda syýahatçylyk pudagynda öňdebaryjy merkezler bolan Tailandda, Indoneziýada, Wýetnamda, Hindistanda we Şri-Lankada «ýüzýän» bazarlar hereket edýär. Gazetimiziň şu sanynda «ýüzýän» bazarlar baradaky gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.
«Damnoen Saduak», Wýetnam. Dünýäniň iň uly «ýüzýän» bazary bolan «Damnoen Saduak» üç bazary: «Cai Rang», «Can Tho City» we «Long Huyen» bazarlaryny öz içine alýar. Bu ýerde kiçijik gaýyklardan başlap, uly labyrly gämilere çenli içine banan, mango, papaýa we ananas ýüklenen ýüzlerçe gaýygy görmek bolýar. Wýetnamyň esasy söwda merkezleriniň biri bolan bu bazar Meklong derýasynyň kenarynda ýerleşýär. Bazarda elde dokalan senetçilik gurallarynyň köp bolandygy üçin şlýapanyň dürli görnüşini hem-de gaplaň we pil ýaly ýurduň milli nyşanlarynyň heýkeljiklerini satyn alyp bolýar. «Damnoen Saduak» Hytaý bilen Wýetnamyň arasyndaky söwda köprüsi bolup hyzmat edýär.
«Sabji», Hindistan. Kaşmir jülgesinde ýerleşýän «Sabji» ýurtda «ýüzýän gök bazar» ady bilen tanalyp, bu ýerde lomaý söwda alnyp barylýar. Satylýan harytlaryň arasynda pomidor, şalgam we gök otlar esasy orny eýeleýär. Meşhur kaşmir gülüniň hem satylýan ýeri bolan bu bazar dünýäde ululygy boýunça Wýetnamyň «Damnoen Saduak» bazaryndan soňra ikinji orunda durýar.
«Amphawa», Tailand. Tailandyň Amfawa etrabyndan akyp geçýän Maeklong derýasynyň kenaryny tutuşlygyna söwda nokatlary bilen gurşalan «ýüzýän» bazar eýeleýär. Bangkokdan 60 kilometr uzaklykda ýerleşýän bu bazar dünýäniň iň öňdebaryjy «ýüzýän» bazarlarynyň biridir. Beýleki «ýüzýän» bazarlardan tapawutlylykda bu ýerde gaýyk taksisi hem hödürlenýär. Bazara gelen alyjylar we syýahatçylar derýanyň kenaryndaky basgançakly eýwanlardan aşaklygyna düşüp gaýyk taksileri saklap bilýärler. Bazara gelen adamlar azykdyr gök önümleri, hojalyk enjamlarydyr ýadygärlik sowgatlyklary satyn almak bilen bir hatarda, göçme restoranlarda naharlanyp, derýanyň kenaryndaky myhmanhanalarda dynç alyp hem bilýärler. Şeýle hem gijesine kärendesine gaýyk alyp, ýalpyldawuk kebelekleri synlap bolýar.
Ýurduň syýahatçylyk pudagynda «ýüzýän» bazarlaryň ähmiýeti uludyr. Ýerli we daşary ýurtly syýahatçylara söwda medeniýetinden lezzet almaga mümkinçilik berýän bu bazarlarda miwedir gök önümler, azyk önümleri hem-de öý goşlary satylýar. Satyjylar gaýyklaryny kürekläp derýa kenaryna gelen alyjylara harytlaryny hödürleýärler. Tailandda «ýüzýän» bazarlaryň birnäçesi bolup, ýurduň medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegi hasaplanýar.
«Guava», Bangladeş. Ýurduň Nesarabad etrabyndaky meşhur bazarlarynyň biri bolan «Guava» 200 ýyldan bäri halka hyzmat edýär. Her gün ýüzlerçe jahankeşde «ýüzýän» bazary synlamaga, guwa miwesini satyn almaga hem-de derýanyň kenaryndaky guwa baglarynyň kölegesinde dynç almaga gelýär. Bu bazarda diňe guwa miwesiniň (limona we beýä çalymdaş içi gyzyl, däneli miwe) satylýandygy üçin onuň adyna hem şol miwäniň ady dakylypdyr.
«Lok Baintan», Indoneziýa. «Lok Baintan» Indoneziýadaky iň meşhur «ýüzýän» bazar bolup, Günorta Kalimantanyň paýtagty Banjarmasin şäherinde ýerleşýär. Bu bazaryň esasy ulag serişdesi «jukung» atly agaç gaýyklardyr. Martapura derýasynda alnyp barylýan söwdada miwedir gök önümler, ertirlik naharlary (nasi kuning, soto banjar), kofe, çaý hem-de ýadygärlik sowgatlyklary satylýar.
«Pettah», Şri-Lanka. Kolombo şäherindäki Beýra kölünde gaýyklardan gurlan 92 dükan ýerleşýär. «Ýüzýän» bazar ýerli senetçilik önümleriniň satylýan syýahatçylyk merkezi bolup hyzmat edýär. 2014-nji ýylda açylan söwda merkezinde gaýykly satyjylar miwedir gök önümler, güller bilen bir hatarda egin-eşik we elektronika önümlerini hem satýarlar. «Pettah» bazarynda syýahatçylar üçin gaýyk restorany we naharhana hem bar.