Afrika yklymy uly giňişligi eýeleýän haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligi bilen tanalýar. Sebitde müňlerçe gektar tropik tokaýlyklar, sawannalar bolup, ýyrtyjylaryň, pilleriň we beýleki jandarlaryň uly sürüleri ýaşaýar. Bu sebitiň haýran galdyryjy täsinlikleriniň biri hem gyzgylt köl bolup, suwunyň düzümi we reňki bilen tapawutlanýar. Tanzaniýanyň Aruşa sebitiniň demirgazygynda ýerleşýän Beýik Rift jülgesindäki gyzgylt köl dünýädäki iň awuly (kaustik) kölleriň biri hasaplanýar. Uzynlygy 57 kilometre, ini 22 kilometre barabar bolan Natron kölüniň suwunyň temperaturasy 40 derejeden ýokarda saklanýar. «Ýyly köl» hem diýilýän Natron ýalpak suwly bolup, iň çuň ýeri 3 metre ýetýär. Köl aşgar suwuny we kölüň duz gatlagyny gyzyl reňke öwürýän, gyzyl pigmentleri öndürýän «halofiller» atly mikoorganizimlerden emele gelipdir.
Alymlaryň bellemegine görä, Beýik Rift jülgesindäki wulkan basseýninde ýagyş suwunyň toplanmagy hem-de çeşmeleriň we ownuk derýalaryň guýmagy netijesinde köl emele gelipdir. Daş-töweregi gurşalan köl başga derýa ýa-da deňze suwuny guýmaýar. Kölüň adyny alan natron maddasy gadymy müsürlileriň mumyýa etmek üçin ulanan mineral duzudyr. Guradyjy we bakteriýa garşy serişde bolan natron duzy organizmdäki ähli suwy sorup alyp, bedeni guradýar. Howply hasaplanýan bu kölde hiç hili janly-jandar ýaşamaýar. Guşlardyr süýrenijiler ýalňyşyp kölüň töweregine baran ýagdaýynda gurap, heýkele öwrülýär.
Aşgar suwunyň bardygyna garamazdan, Natron kölündäki süýji suwly batgalyklarda flamingolar (gülgüne gaz) ýaşaýar. Ýer ýüzündäki kiçijik flamingolaryň 75 göterimi gyzgylt kölde ýaşaýar. Gülgüne guşlar tilapiýa balygy hem-de suwotular bilen iýmitlenýär. Natron kölünde balyklaryň endemik görnüşi bolan alkolapiýa hem ýaşaýar. Gülgüne guşlar bilen bezelen gyzgylt köl dünýäniň iň täsin ýerleriniň biri hasaplanýar. Natron köli Bütindünýä tebigat gaznasy tarapyndan ykrar edilen goralýan çäkleriň biridir.